Berdi s ý
11.04.2020 01:25
Adamlar özleriniň nämedir bir zatlaryny ýitirseler ýer urup aglaýalar (şol zat ün). Ýöne olar özleriniň hiç gaýtalanmajak ömrüniň günleridir sagatlaryny unutýarlar. Wagt bolsa hiç haçan durmaýar.☝☝☝
12
378
Berdi s ý
Berdi s ý
10.04.2020 15:32
☝???
Berdi s ý
10.04.2020 15:30
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Aýalyň erkegi gabanmagy küpürdir. Erkegiň aýaly gabanmagy imandyr».



Binti Nugman ibn Beşir adamsy Rawh ibn Zenbaga:
— Sen gabanjaň — diýipdir. Onda ol:
— Hakyky erkek adam sen ýalylary samsyklardan, akmaklardan hökman gabanmalydyr — diýipdir.
13
483
Berdi s ý
09.04.2020 21:03
Ýagşyzadalaryň bahary 2nji jilt

Maruf şeýle wakany gürrüň berýär. Ol: «Haja baran adamlar Arafat dagynda ellerini göge uzadyp dileg edýärdiler. Türkmenlerden bir adam sesini çykarman durdy. Ol dileg edip bilenokdy. Ol türkmen aglap öz içinden: «Eý, Allam! Şu adamlar näme dileýän bolsa, men hem şony dileýärin» diýýärdi. Şol gije ýagşyzada adamlaryň düýşüne Allatagala girip: «Arafat dagynda dileg eden türkmeniň dogasy üçin, şu ýylda haj eden ähli adamlaryň hajy kabuldyr» diýdi» diýip gürrüň berýär.
8
252
Berdi s ý
09.04.2020 10:36
Saglygy ýerinde bolanyň umydy, umydy bolanyň hemme zady bar diýmekdir.

Arap atalar sözi


Ýönekeý bir adamyň elinden gelenini etmegi, zehinli biriniň ýaltalygyndan has gymmatlydyr.

Baltasar Bracias
9
210
Berdi s ý
08.04.2020 09:14

Soramadyk adama jogap berme, jogap bermejek adamdan zat sorama.
13
266
Berdi s ý
08.04.2020 09:05

— Asmandan iň agyr, ýerden giň, otdan yssy, deňizden baý, ýetimden kömege mätäç zat nämedir?

— Delil, subutnamaly gürlemek ähli zatdan saldamlydyr (agyrdyr). Hakykat ýaly giň zat ýokdur. Ol dünýäniň islendik künjegine ýetip, ýalany paş edip bilýändir. Töhmet otdan ýalynlydyr. Kanagatly ýürek deňizden baýdyr. Hossarlary bolup, olaryň kömeginden umydyny üzen adam ýetimden hem kömege mätäjräkdir.
9
224
Berdi s ý
07.04.2020 11:13
Eger ykballar üýtgese, işlerem üýtgär adamlaram.


Ynsanyň kimligi tanalar, duýlar, Kämahallar üýtgäp durka ýagdaýlar.
11
182
Berdi s ý
07.04.2020 01:44
Garaşýardyk çekip ah bilen waýy,
Intizar ýoluna – garaşdyk saýy,
Birden … Şaňňyrdady ýeke-täk...
Turuň!
On dördi gijäniň dogupdyr Aýy!
10
224
Berdi s ý
06.04.2020 20:28
Başlangyjy zäher, netijesi şeker şerbet bir zat bar bolsa o-da SABYRDYR. . .
9
196