Begench Malikgulyyew
30.11.2019 23:30

Wikipedia-nyň gurujysy Jimmy Wales, WT:Social adynda täze internet portalyny gurdy.

Bilşimiz ýaly Wikipedia dünýäde iň köp ulanylýan amatly internet potallaryndan biri. Gurujy Jimmy Wales Wikipedia-dan daşary täze bir portaly internet ulanyjylaryna hödürledi: WT:Social

Walesiň aýtmagyna görä bu platformada häzirden 160 müň ulanyjy ýerleşýär we bu Facebook-a bäsdeş hökmünde guruldy. Täze portalda hiç hili reklamalar bolmaýar, onuň ýerine guruja we dolandyryjylara ulanyjylar tarapyndan girdeji girer. Ýagny, programma agza bolmak üçin ilki bilen agza bolujylara başga dostlaryny çagyrmaklyk soralýar, eger-de bu mümkin bolmasa agza bolmak isleýänler tölegli giriş edip bilerler.

WT:Social: esasan “habar beriji” platforma bolup, häzirki wagt özüne agzalary çekmegi dowam etdirýär.

8
1 401
Begench Malikgulyyew
30.11.2019 22:38
 Uly işleri başarmak isleseň, 
 Kiçi garynjalar ýaly işeňňir bolmagyň zerur.
29
809
Begench Malikgulyyew
30.11.2019 22:25

Işlemek boş wagtyň iň uly duşmanydyr.  bowtie
27
1 881
Begench Malikgulyyew
30.11.2019 22:16
Söýgi gatnaşyklary edil deňizdäki gämi ýaly bolmaly, 
Gysga ýellere çydamany bilmeseň, deňze girip ýüzjek bolmagyň peýdasy ýokdur.
10
1 017
Begench Malikgulyyew
30.11.2019 22:11

Boýnuňyzda daşap biljek iň gymmat altynyňyz,
Çagaňyzyň elleridir.
17
1 673
Begench Malikgulyyew
28.11.2019 23:59
Özüňe hemişe gowy seret, 
Çünki ömür boýy özüň bilen bolarsyň.
51
1 442
Begench Malikgulyyew
28.11.2019 23:54
Her aglaýan ejiz däldir,
Edil her güleniň bagtly bolmaýşy ýaly.
33
595
Begench Malikgulyyew
28.11.2019 23:44
-Howa sowasa mikroblar ölýär diýäler, klasdaş gowumy ýagdaýyň?  smile
25
2 257
Begench Malikgulyyew
28.11.2019 23:36
Kakamdan soradym:
-Kaka dünýäniň iň gowy çagasyna kaka bolmak nähili duýgy?
-Men-ä bilmedim, ony git-de ataňdan sora.  joy 
41
3 732
Begench Malikgulyyew
28.11.2019 23:23

Ýaponiýada öwrenijiler (okuwçylar we talyplar) okuwa gitmedikleri wagt, okuwa özlerine derek robotlaryny ugradyp bilerler.


Ýaponiýada durmuşa ornaşdyrylan pilot programmasy bilen, talyplar hassa bolan günlerinde okuwda ýerlerini doldurmak üçin robotlaryny ugradyp bilýärler. Bu ulgam Tokio-da ornaşdyrylyp başlanyldy.

Kasama şäherindäki Tomobe-Higashi mekdebinde hassa okuwçylaryň sapaklaryndan yza galmazlyklary üçin döredilen robot sistemasy 31-nji oktýabrda ulanylyp başlanyldy.

Bu sistemany Orihime robot ady berlen robot işledip, bu robot okuwçylaryň ýerine sapaklara gatnaşyp, sapakda geçilýän maglumatlary özünde saklap bilýär. Robot öýe geleninden soňra okuwçy ondaky maglumatlary özüne alyp geçilen sapaklary öwrenip biler.

Partanyň üstünde  oturma ýaly aýratynlyklary berlen bu robot, mundan başga elini galdyrmaga, sapakda yşarat bermäge ýa-da el çarpyp goldama ukyply  hereketleri hem edip bilýär. Şeýlelikde, indi Ýaponiýada okuwy robotlar okap başlady.

Bu habar gyzyklymy? Teswirlerde paýlaşyň.

12
2 240