Begench Malikgulyyew
22.12.2019 21:59
Iki sany dost depä çykypdyr. Biri gündogara beýlekisi günbatara seredip durlar. Bu ýagdaýda ikisi hem biri-birini görüp bilýär.
Sorag: beýle ýagdaý mümkinmi, mümkin bolsa nähili bolup biler?
9
3 497
Begench Malikgulyyew
22.12.2019 21:41
Aman aga ogluna  bir gün kitap alyp berýär. Kitap alanyndan soň ogluna:" Şu kitaby bir hepdede okap bolsaň saňa 100 manat pul berjek" diýär.
Ogly kitabyň gatyny hem açman bir hepdeden kakasyny aldap kitaby okap bolandygyny aýdýar. Aman aga muňa 100 manat bermeýär. 
Sorag: Aman aga oglunyň aldandygyny nädip bilýär
14
2 641
Begench Malikgulyyew
22.12.2019 21:21

- Aga, aga balyk tutdum nädip öldürmeli?
- Kellesini suwa sal, bogulyp ölsün. smile
34
5 926
Begench Malikgulyyew
22.12.2019 20:15

Modern adamyň (häzirki zaman adam) atasy 1,6 million ýyl öň Indoneziýada ýaşap şol ýerde ýok bolupdyr.

Täze geçirilen gözlegleriň netijesinde Homo eructus, 100.000 ýyl öňe çenli Indoneziýada ýaşaýardy. Modern adamlaryň atalaryndan bolan bu görnüş üýtgän klimat şertleri sebäpli ýok boldy.

Deňizçilik bilen meşgullanýan modern adamlar 40 müň ýyl öň Indoneziýadaky Ýawa adasyna aýak basanlarynda, ýaşaýyş gidip duran ýagyşly tokaý bilen garşylaşdylar. Emma bular ada ýerleşmek isleýän ilkinji adamlar däldiler. Olaryň atalary Homo eructus, Ýawanyň enetopragyna bagly bolup, 1,5 million ýyl bu  ýerde ýaşapdyrlar.

Bu gözlegden öň geçirilen işlerde tapylan Homo eructus tapyndylaryna ynamlylyk getiren bu täze gözleg netijesinde Homo eructuslaryň 100 müň ýyl öň adada tükenendigi anyklanyldy. Tapyndylar, Homo eructus görnüşiniň bu ýerde ýaşaýan beýleki  adam görnüşleriniň arasynda özara baglanyşyk saýasynda, häzirki günorta-gündogar Aziýa populýasiýasynda ýaşap bilendigini görkezýär.

Bu adamlara degişli täze tapyndylar, bu görnüşiň uzak ömürli adam görnüşi bolandyklaryna yşarat berýär. Germanýada Jena-daki Maks Plank adam taryhy bilimi institutynda arheolog bolan Patrik Roberts: “Homo eructus-yň günorta-gündogar  Aziýada ýaşan wagty, häzirki zaman adamlaryň şu wagta çenli ýaşan wagtyndan 3 esse köp bolupdyr” diýip, belleýär.

Homo eructus ilkinji adam görnüşlerinden biri. Olar ortaça 1,9 million ýyl öň Afrikada ewolýusiýanyň yzyndan 1.6 million ýyl öň Ýawa göçüp tokaýlykda ýerleşdiler. Soňra deňiz derejesi ýokarlanyp we bu gadymy adamlary adada suw örtüp alýar. Bu aralykda, Afrika we Aziýa materiginde  Homo eructus takmynan 500.000 ýyl öň ýitip gitdi.

Gözlegçiler bu ýerdäki haýwan tapyndylaryna we galyndylara täze usul hem goşmak bilen 5 görnüşli radiometriki wagt belleme goýdular. Netijä görä topar, süňkleriň 117 müň–den 108 müň ýyl öň gömülendigini bildiler.

Iowa uniwersitetinden paleantropolog gözlegçisi Russell Ciochon: gyzgyn we ýagyşly klimata eýe bolan Ýawanyň açyk tokaýlyk ýerlerini takmynan 100 müň ýyl öň gür we ýagyşly tokaýlyga öwrüldi, soňra Homo erectus-yň bu kynçylyklar bilen garşylaşandygyny  aýdýar. Ciochon: “Modern adamlar takmynan 40 müň ýyl öň Ýawa gelen wagtynda, Homo erectus-laryň nesli tükenen” diýip belleýär.

Birnäçe gözlegçiler Homo erectus-yň günorta-gündogar Aziýada iň az iki görnüşe bölünendigini pikir edýärler. Olar  Filiplerdäki Luzon adasyndan tapylan Homo luzonensis we käbir ýerlerde Neandertallara ýakyn bolan Denisova-lar bilen garşylaşan bolmaklary ähtimal.

Alnan çeşme: www.webtekno.com

0
20
11 173
Begench Malikgulyyew
22.12.2019 00:11
Gyş geldi ýöne öýde integem siňekler gezip ýör. 
Birini tutup seretsem paltoly uçup ýör eken.  bowtie
38
4 891
Begench Malikgulyyew
21.12.2019 23:47

Apple, önümlerinde kemçilik tapana berjek baýraklaryny belli etdi.

Apple, özünde kemçilik tapana 1 million dollara çenli pul baýragyny berer.

Geçen aýlarda Türkiýede käbir ýaşlar, Apple-iň kemçiligini tapdylar, emma Apple tarapyndan teklip edilen pul mukdary az bolandygy üçin teklibi goýbolsyn edipdiler. Indi Apple täze goýjak baýraklary bilen hemmäni öz kemçiligini tapmaga çagyrýar.

10 dürli kategoriýada 1 million $ çenli baýrak bar.

Beriljek pul baýraklary şu şekilde:

iCloud: 

Apple gurujylaryndaky iCloud hasabyny ele gecirmek: 100 müň $

Fiziki ýollar arkaly enjama hüjüm etmek:

Ekranyň koduny açma: 100 müň $

Ulanyjynyň maglumatlaryny ele geçimek: 250 müň $

Ýüklenen programmalara hüjüm:

Programmalary ele geçirmek: 100 müň $

Ýadro (Сore)  koduny dolandyrmak: 150 müň $

Prosesora hüjüm: 250 müň $

Ulanyja aragatnaşyk üsti bilen hüjüm etmek (internet arkaly):

Enjamdaky esasy maglumatlara bir basanyňda girmek: 150 müň $

Bir basanyňda ýadro koduny üýtgetme: 250 müň $

Ulanyjy aktiw bolmazdan aragatnaşyk hüjümi:

Apple enjamy ulanmazdan enjamyň esasyny ele geçirme: 250 müň $

Esasy enjama degişli maglumatlara rugsatsyz girme: 500 müň $

Önümi kodlama, öňki kodlamany aýyrma (bu ekran kodlama däl): 1 million $

Pul baýragyny gazanmak üçin etmeli işler:

Ilki bilen ýokarda agzalan pul baýraklaryny almak üçin iOS, iPadOS, macOS, tvOS ýa-da watchOS wersiýalaryny ulanýan we ulanyjylar üçin satuwa çykarylan önümlerde kemçilik tapmagyňyz gerek.

Eger-de kemçilik tapan halatyňyzda şu yzygiderligi ýerine ýetirmeli:

Başga aýratynlyklary Apple kompaniýanyň resmi saýtynda kemçiliklere berilýän baýraklar sahypasynda görüp bilersiňiz.



18
7 022
Begench Malikgulyyew
21.12.2019 22:42
Olaryň ejeleri semiz, kakalary hor, gyzlary gaty owadan, ogullary dünýäni gezýär.
Sorag: gürrüň näme barada gidýär.
14
4 728
Begench Malikgulyyew
21.12.2019 22:34
Her bir adam adamlar bilen düzüw gürleşmegi başarmaga çalyşmaly,
Çünki garyň eränden soň täzeden gar bolma mümkinçiligi ýok.
38
3 276
Begench Malikgulyyew
21.12.2019 00:34
2 sany kaka 2 sany ogul tokaýda barýarkalar 3 sany alma  tapýarlar. Tapylan almalary bölmän deň  bölüşmek maksady bilen adama 1 almadan paýlaşdylar.
Sorag: beýle zat mümkinmi, eger mümkin bolsa nähili ýagdaýda?
11
5 330
Begench Malikgulyyew
20.12.2019 23:58
Jeren daýza şetdalydan bal etmek isleýär. Bal etmek üçin 100-çe şetdalyny taýýarlaýar we gazanda atarýar, ýöne şeker goşmaýar. Birdan ol bala şeker goşmadygyny bilip her şetdala bir çemçe şeker diýip şekeri kadaly ýagdaýda goşýar.
Sorag: Jeren daýza şekeriň ölçegini nädip bilipdir.
10
2 571