Bahbitgeldi
18.09.2020 02:18
Eliñden gidirip arzyly zadyn,
Dünyäñ derdi bilen aglap gördüñmi?
Gözden gam inende, Soralsa halyñ
"Aý, gowu-la" diyip aldap gördüñmi?

Gijelerne ýalñyz galyp gördüñmi,
Ýyldyzly köynegin synlap asmanyn?
Gülkiñe gussañy garyp gördüñmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?

Gördüñmi yodany yzarlap yüp deý,.
Nämedir bir zady küýsän mahalyñ?
Awunyp gördüñmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyn?

Käte-käte adam gözläp gördüñmi?
Elewräp gördüñmi yüregiñ gysyp?
Uzak menzillere ugrap gördüñmi,
Kiçijik haltañy arkandan asyp?

Dañylyp gördüñmi soñsuz soraga,
Jogap tapman, ýüregiñi çişirip?
Garaşyp gördüñmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap yatyp işige?

Awtor: näbelli
8
188
Bahbitgeldi
19.04.2020 00:11
- Kaka, düşündir sen ýene bir zady: Ýaz geldi. Dünýäni gülletdi bu gün.
Adamlary näme gülledenok-da.
Gaýta söküp barýar bogunma-bogun?

- Balam, adamy hem gülletmek üçin
Ilki sökmelidir bogunma-bogun.
Gül diýen zat bogun ýaryp çykýandyr, Bogun ýarmak bolsa kyn zatdyr, ogul.

Kerim Gurbannepesow
7
278
Bahbitgeldi
19.04.2020 00:07
Garaşmak diyen zat erbet zat däldir.
«Garaş!» diýdilermi – garaşgyn oglum.
Yöne illere-de garaşgyn weli,
Iller saña,
saňa garaşsyn, oglum!
9
486