BagtyýarGeldiýew
05.06.2020 09:01
Ýyldyzlary kim kakdyka asmana,
Kimkä Aýy şol agladan ýöreden?!
Käbir adamlary küýsedip ýene,
Asyl kimkä gijeleri döreden?!
Düýşlerimiň derwezesi açyk dur,
Emma weli, oňa asla gelen ýok.
Köçä çykdym, Aý nuruny saçyp dur,
Bu gijede ygyp ýören ýelem ýok.
Ukusyz gijeden takatyň gözläp,
Gyýylýarsyň, geçenlere ökünýäň.
Emma geçen ýollarmyzyň ahmyry,
Didelerden gijelerne dökülýär.
14
283
35
BagtyýarGeldiýew
28.05.2020 21:05
Allergiýa –– bu bedeniň immunoulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti reaksiýasy. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp biler. Onuň dowamlylygy bolsa, birnäçe minutdan birnäçe güne çekip biler. Şeýle-de allergiýa agyrlyk derejesi boýunça hem dürli-dürli bolup biler.
Umumy maglumat
Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozanlar, dermanlyk serişdeleri, himiki serişdeler, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp biler. Allergiýanyň ýüze çykmagyna getirýän bölejikler allergenler diýlip atlandyrylýar. Käýagdaýlarda allergiki reaksiýalar şeýle bir gowşak ýüze çykýar weli, siz asla allergiýadan ejir çekýändigiňizden bihabar galyp bilersiňiz.
Emma allergiýa has agyrlaşyp, adam durmuşyna hem howp salyp biler. Allergiýadan ejir çekýän adamlarda anafilaktiki şok ýagdaýy, ýagny bedeniň allergene bolan adatdan daşary ýiti garşylygy netijesinde döreýän agyr patologiki ýagdaýa getirip biler.
Siz näme edip bilersiňiz?
Burundan suwuklyk akmasy, göz ýaşarmasy we sowuklamanyň ş.m. beýleki ýagdaýlary allergiýanyň ilkinji alamatlary bolup biler. Şeýle-de, bedende uly bolmadyk örgün emele gelip ugraýar. Eger-de siz özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda şuňa meňzeş alamatlary ýüze çykaran bolsaňyz lukmana ýüz tutmak gerek.
Ýadyňyzda saklaň! Anafilaktiki şok ýagdaýynda allergiýa bütin bedene täsir edýändir. Anafilaktiki şok allergen kabul edilenden soň 15 minudyň dowamynda ýüze çykyp biler. Şonuň üçin hem gaýragoýulmasyz çäreleri görmek hökmandyr (tiz lukmançylyk kömegini çagyrmaly).
Sizde allergiýa reaksiýasyny döredip biläýjek iýmit önümlerinden, dermanlyk hem beýleki serişdelerden gaça duruň.
Siziň dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz hem-de işdeş ýoldaşlaryňyz siziň allergiýaňyzdan habarly bolmalydyrlar. Size gözegçilik edýän ähli lukmanlara (şol sanda diş lukmanyna, kosmetologlara we ş.m.) allergiki reaksiýaňyz, aýratyn hem derman serişdelerine bolan reaksiýaňyz hakynda hökman aýtmalysyňyz. Islendik derman serişdesini kabul etmezden ozal hökman onuň daş gaby hem-de kabul ediş düzgünnamasy bilen tanşyň.
Allergiýanyň ýeňil ýüze çykmasynda oňa garşy ulanylýan ýörite damjalardan hem-de spreýlerden peýdalanyň. Eger-de allergiýa dermanlyk serişdesiniň netijesinde ýüze çykan bolsa haýal etmän derman serişdesini kabul etmegiňizi bes ediň hem-de lukmana ýüz tutuň.
Deride ýüze çykýan allergiki reaksiýalarda gyjyndyrmany ýok etmek üçin örgün emele gelen ýerlerde gijilewüge garşy çalgylardan ýa-da losýonlardan peýdalanyň.
12
467
57
BagtyýarGeldiýew
26.05.2020 18:28
??
16
330
9
BagtyýarGeldiýew
20.05.2020 11:28
Edil meñ ejem ýaly eken?
26
575
27
BagtyýarGeldiýew
20.05.2020 11:05
☹️
20
173
3
BagtyýarGeldiýew
07.05.2020 21:54
Ölçänimde öz boýuma deñ gördüm
Beýiklerden peslik çyksa geñ gördüm
Süýji diyip balyn iýdim arynyñ
Zäher pürkýän iññesini soñ gördüm
17
295
9
BagtyýarGeldiýew
07.05.2020 11:04
Dosda bolsun ygtybaryñ?
Saýa salsyn eken bagyñ?
Ejizlejek bolan çagyñ?
Jañ edere toguñ bolsun?
14
215
16
BagtyýarGeldiýew
04.05.2020 13:27
Medeniýet işgärleri, blogerler, web sahypany düzüjiler, modeller we ş.m özleririni häzirki zaman ýaşaýşyñ esasy bölegi diýip hasapladylar. Emma epidemiýa olaryñ ýaşaýyşda goşmaça elementdygyny,
14
670
9
BagtyýarGeldiýew
03.05.2020 21:14
???
12
1 114
26
BagtyýarGeldiýew
02.05.2020 23:27
Salam hemmanize gowy otyrsynyzmy bagyslan kabir sebapler boyunca birnace wagt girip bilmedim inni hemiselik barde boljak bolars??
9
371
5
Yene yükle