Babu.
Babu.
12.06.2022 01:16
Babu.
11.06.2022 16:47





🟥NAMAZ KITABY🟥


Namaz yslamyň imandan soňky iň möhüm emridir.
Namaz diniň sütüni we musulmanlygyň binýat daşydyr, (Tirmizi).
Namaz imanyň alamatlaryndandyr.
Namaz ähli ybadatlaryň mazmunydyr.
Namaz – gul bilen Allahyň arasyndaky iň ýokary ýakynlyk, iň belent gatnaşyk we arassa hyzmatdyr.
Namaz – Allahyň gudratyna göz ýetiren, beýikliginiň öňünde akyly haýran bolan ynsanyň, bu hormatyny we haýran galmagyny iň mynasyp söz we hereketler bilen amal etmegidir.
Namaz – guluň günde bäş gezek Ýaradanyň huzuryna çykmagy, Onuň diwanynda durmagy diýmekdir. Ynsan bu beýik diwanda ähli mätäçligini we dileglerini hiç hili araçysyz, göni Allaha arz edýär, Oňa sygynýar, diňe Ondan ýardam dileýär. Şeýlelik bilen, Pygamberimiziň magrajda Allah bilen söhbetini musulman her namazynda simwoliki ýaşaýar. Bu syra yşarat edip, Pygamberimiz: «Namaz mü’miniň magrajydyr» diýipdir.
Namaz mahlukatyň ähli ybadat görnüşlerini özünde jemleýär. Kurany Kerimde beýan edilişine görä, ähli mahlukat Allah Tagalany hemişe zikir we tesbih edýändir.
«Allahy zikir, tesbih we Oňa ybadat etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryň bu tesbih we ybadatlaryna düşünmersiňiz», (Isra, 44).
Dik ösüp oturan agaçlar kyýamda durana, dört aýakly haýwanlar ruku’da, süýreniji haýwanlar bolsa sejde edýäne meňzeýär. Allaha ybadat etmegiň bu görnüşleriniň hemmesi namazda jemlenýändir.
Melekler hem, ähli janly-jandarlar ýaly, hersi bir görnüşde Allaha ybadat edýändir. Olaryň bir topary kyýamda, bir topary ruku’da, bir topary sejdede Allaha ybadat edýändir. Iň kämil nusgada ýaradylan ynsan bolsa, melekleriň we janly-jandarlaryň ybadat ediş görnüşleriniň ählisini özünde jemläp, Allaha gulluk edýär.
Namaz Allahyň ägirt şanyny we soňsuz gudratyny beýgeldýän iň ajaýyp şekil we sözlerden durýandyr. Namazda tekbir, towhyd, tesbih, methu-sena, hamd, şükür, hormat, tewazug, tazarru’, nyýaz, ähli mü’minlere haýry-doga we Pygamberimize salatu-selam jemlenendir. Kuran okamak hem bir ybadatdyr. Namazda-da az hem bolsa Kuran okalýar.
Mü’min mumsulmanlaryň biri-biri bilen salamlaşmagy hem aýratyn bir ybadatdyr. Namazyň hem soňunda salam bardyr.
Yslama görä, tefekkür hem uly ybadatlardan biridir. Mü’minler jemagat bolup okalan namazlarda Allahyň soňsuz gudraty we azamaty barada oýlanmaga mümkinçilik tapýarlar.
Iýip-içmegä rugsat berilmeýändigi üçin namazda oraza hem bardyr.
Namazyň zekat we haj bilen hem baglanyşygy bardyr. Çünki, namaz bedeniň we ömrüň zekatydyr. Namazyň kybla bakyp okalmagy hem haj ybadatyna yşaratdyr.
Görşümiz ýaly, namaz ähli bedeni ybadatlary öz içine alyp, hemmesiniň özeni we mazmunydyr.









Namaz barada aýatlar

"Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) haýyrsahawat edýärler."
(Bakara, 3)

***

"Sabyr etmek we namazy berjaý etmek bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin uly (agyr) işdir."
(Bakara, 45)

***

"Biz (bir wagt) ysraýyl ogullaryndan olaryň diňe Alla ybadat etjekdikleri, eneata, ýakyn dogan-garyndaşa, ýetimlere, misginlere ýagşylyk etjekdikleri barada ähti-peýman alypdyk. (Olara): «Ynsanlara (diňe) ýagşy söz sözläň, namazy doly berjaý ediň, zekat beriň» diýip emir edipdik. Soň, diňe az sanlyňyzdan galanyňyz, (bu wadadan) ýüz öwrüp, dändiňiz."
(Bakara, 83)

***

"Siz namazy berjaý ediň we zekat beriň! Özüňiz üçin öňünden näme haýyr (iberseňiz), onuň (sogabyny) Allanyň ýanynda taparsyňyz. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi görüp durandyr."
(Bakara, 110)

***

"(Eý, Muhammet!) Nireden (ýola) çyksaň hem, (namazda) ýüzüňi Mesjidi Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, möminler!) (Siz) nirede bolsaňyz hem, ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Goý, ynsanlaryň arasyndaky zalymlardan galanlar üçin (siziň garşyňyza) delil bolmasyn. Siziň dogry ýoly tapmagyňyz üçin we Meniň hem size nygmatymy doly bererim ýaly, siz olardan däl, diňe Menden gorkuň! "
(Bakara, 150)

***

"Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň! Alla tagzym (etmek) bilen (namazy) dogry berjaý ediň!"
(Bakara, 238)

***

"Iman getirenlerden ýagşy işleri edip, namazy berjaý edip, zekat berýänlere özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglar bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar."
(Bakara, 277)

***

"Eý, iman getirenler! Serhoş bolup, we näme diýýäniňizi bilýänçäňiz namaza golaýlaşmaň!..."
(Nisa, 43)

***

"Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir. "
(Maide, 6)

***

"Şeýtan arak (şerap) we humar arkaly siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, siziň Allany ýatlamagyňyza we namaz (okamagyňyza) päsgel bermek isleýär. Siz (bu zatlardan) dändiňiz dälmi eýsem?! "
(Maide, 91)

***

"Eý‚ Adam ogullary! Her (namaz wagty) metjide (gideniňizde) tämiz we gelşikli geýimleriňizi geýiň‚ iýiň‚ içiň, ýöne isrip etmäň! Çünki Alla isrip edýänleri düýbünden halamaz. "
(Araf, 31)

***

"Allanyň metjitlerini diňe Alla we ahyrete iman getiren, namazy doly berjaý edýän‚ zekat berýän we Alladan başgadan gorkmýan möminler bina ederler. Ine‚ olar dogry (hak) ýola ýetmäge umydygärdirler."
(Toba, 18)

***

"Mömin erkekler bilen mömin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar, namazy bolmalysy ýaly berjaý edip‚ zekatyny berip‚ Alla we Onuň ilçisine boýun bolarlar, ine‚ Alla olary Öz rahmetine gowuşdyrar. Çünki Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir. "
(Toba, 71)

***

"(Eý, Muhammet!) Iman getiren bendelerime aýt: «Aluw-satuw we dostluk-ýakynlyk bolmaýan gün gelmezden öň namazy doly okasynlar, gizlin we äşgär halda olara beren rysgalymyzdan (Allanyň razylygyny gazanmak üçin) sarp etsinler. "
(Ybraýym, 31)

***

"Men Özümden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyryn. Onda sen Maňa ybadat et we Meni ýatlamak üçin namaz oka!"
(Taha, 14)

***

"(Eý, Muhammet!) sen olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et we Gün dogmazyndan öň (ertir namazynda) we batmazdan öň (ikindi namazynda) Perwerdigäriňe hamdy-sena bilen tesbih aýt! Gijäniň käbir wagtlarynda (ýassy namazynda) we gündiziň iki ujunda-da (öýle we agşam namazlarynda) Allanyň razylygyny gazanmagyň üçin tesbih et."
(Taha, 130)

***

"Olar Allanyň ady agzalanda ýürekleri galpyldaýanlardyr, başlaryna gelene sabyr edýänlerdir, namazy berjaý edýänlerdir we Biziň özlerine rysgal edip beren zatlarymyzdan (mätäçlere) sarp edýänlerdir. "
(Hajj, 35)

***

"Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň! "
(Nur, 56)

***

"(Eý, Muhammet!) Sen özüňe inderilen kitaby oka we namazy berjaý et! Takyk, namaz bozgaklykdan hem-de erbet işlerden saklaýandyr. Allanyň ady bolsa beýikdir! Alla siziň edýän işleriňizi (ýagşy) bilýändir. "
(Ankebut, 45)

***

"Olar namazy (yhlas bilen) berjaý edýän, zekat berýän we ahyret gününe berk ynanýan kişilerdir. "
(Lukman, 4)

***

"Olar özleriniň Perwerdigäriniň (çakylygyna) gulak asarlar we namazy doly okarlar. Olar (etjek) işlerini öz aralarynda geňeşip (maslahatlaşyp) ederler. Özlerine beren rysgalymyz (Allanyň ýolunda) sarp ederler."
(Şura, 38)

***

"Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!"
(Juma, 9)

***

"Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna! "
(Mägun, 4-5).















"Namaz möminiň magrajydyr"

***

"Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar"

***

Pygamberimiz:
-Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy? - diýip sorady.
Sahaba:
-Ýok galmaz, -diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň Resululla:
-Bäş wagt namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar - diýip, namazyň ähmiýetini nygtady.

***

"Namaz diniň diregidir"

***

"Şübhesiz, meniň ymmatym kyýamat gününde täret yzlary sebäpli ýüzleri nurly, elleri we aýaklary ýalpyldaýan bolup çagyryljakdyrlar. Ýüzüniň nuruny köpeltmäge güýji ýeten köpeltsin."

***

"Iki salkynlyk namazyny, ýagny ertir we ikindi namazyny kylanlar Jennete girjekdirler"

***

"Jemagat bilen kylynan namaz, ýeke özüň kylan namazyňdan ýigrimi ýedi dereje beýikdir."

***

"Gün dogmaňka we batmazdan öň namaz kylan Jehenneme girmez."

***

"Namazyň dindäki ýeri, kelläniň göwredäki ýeri ýalydyr."

***

"Kyýamat güni gul, ilki bilen namazy üçin hasaba çekiler. Namazy düzüg bolsa, beýleki amallary hem düzüg boljakdyr. Namazy düzüg bolmasa, beýleki amallary hem düzüg bolmaz."

***

"Kişi bilen küfüriň arasynda namazyň terki bardyr."

***

"Jennetiň açary namazdyr, namazyň hem açary täretdir




"Namaz möminiň magrajydyr"

***

"Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar"

***

Pygamberimiz:
-Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy? - diýip sorady.
Sahaba:
-Ýok galmaz, -diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň Resululla:
-Bäş wagt namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar - diýip, namazyň ähmiýetini nygtady.

***

"Namaz diniň diregidir"

***

"Şübhesiz, meniň ymmatym kyýamat gününde täret yzlary sebäpli ýüzleri nurly, elleri we aýaklary ýalpyldaýan bolup çagyryljakdyrlar. Ýüzüniň nuruny köpeltmäge güýji ýeten köpeltsin."

***

"Iki salkynlyk namazyny, ýagny ertir we ikindi namazyny kylanlar Jennete girjekdirler"

***

"Jemagat bilen kylynan namaz, ýeke özüň kylan namazyňdan ýigrimi ýedi dereje beýikdir."

***

"Gün dogmaňka we batmazdan öň namaz kylan Jehenneme girmez."

***

"Namazyň dindäki ýeri, kelläniň göwredäki ýeri ýalydyr."

***

"Kyýamat güni gul, ilki bilen namazy üçin hasaba çekiler. Namazy düzüg bolsa, beýleki amallary hem düzüg boljakdyr. Namazy düzüg bolmasa, beýleki amallary hem düzüg bolmaz."

***

"Kişi bilen küfüriň arasynda namazyň terki bardyr."

***

"Jennetiň açary namazdyr, namazyň hem açary täretdir."








Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah (a.s.) we mü’minler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.

Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we inaýetine ýeterler.

Namazyň farzdygyny inkär etmek, mü’mini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar:

«Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Müddesir, 40-43).

Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar:

«Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah Tagala onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Maje).

Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde:

«Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy) diýilýär.

Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mü’minleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mü’minlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103).
Hadysy şerifde:
«Allah Tagala musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär. Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Yslam bäş zadyň üstünde bina edilendir. Olar: Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek, Namaz okamak, Remezan aýy oraza tutmak, Zekat bermek we Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Müslim).











Namazyň ynsana dünýewi-uhrewi, maddy-ruhy birgiden peýdasy bardyr.

1. Günde bäş wagtyna namaz okaýan ynsan hemişe Allahy ýatlaýar, özüni elmydam Onuň huzurynda ýaly duýar. Bu bolsa ol ynsanyň akylyna erbet düşünjeleriň gelmegine pursat bermeýär. Aslynda dünýädäki ähli erbetlikleriň gözbaşy Allahy unutmak we ýürekde Allah gorkusynyň bolmazlygydyr.

Namazyň farzdygyny inkär etmek, mü’mini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah Tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar:

Ýüreginde Allahdan gorkusy bolmadyk we Allahy unudan öz nebsini, keýpi-sapany, bähbidini araýan tekepbir ynsandyr. Ol hak-hukugy, adalaty äsgermeýär. Şeýle adamlara ne kanun, ne polisiýa, ne-de sud täsir edip biler. Ol pursatyny tapsa, haram-halal diýmän ham-hyýalyny amal etmäge çalşar.

Ine, şonuň üçin Allah Tagala ynsan oglunyň kalbyna bir garawul goýupdyr. Ol garawul bolsa, hemişe Allahy ýatladýan, we Ondan howatyrlandyrýan namazdyr. Namazly kişi akylyny, gözüni, gulagyny, elini, aýagyny..., ähli agzalaryny erbetliklerden saklar. Başganyň malyna, janyna, namysyna göz gyzdyrmaz. Namazyň bu aýratynlygy Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:

«Namaz oka. Çünki, namaz ynsany fahşadan (zyna ýaly uly günälerden) we münkerden (her hili gabahat we bet işlerden) saklar.
(Ankebut, 45)

Pygamberimiz hem bu barada hadysy şerifinde:
– Biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir derýa akyp ýatsa we her gün bäş gezek şol derýada ýuwnan ynsanda, heý, kir-hapa galarmy?– diýip sorady.
Sahaba:
– Ýok galmaz – diýip, jogap berdi.
Bu jogapdan soň, Resulullah:
– Bäş wat namaz hem şonuň ýalydyr. Suwuň kiri ýuwup aýryşy ýaly, namaz hem günäni ýuwar – diýip, namazyň ähmiýetini nygtaýar,
(Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).

2. Namaz mü’miniň gündelik durmuşyny tertibe salýar. Musulman gündelik işlerini namaz wagtlarynyň arasynda berjaý edýär. Tertip-düzgünli işlemek ynsany durmuşda başarnykly, rahat ýaşadýar.

3. Namaz ynsanyň nebse erk etmegi, hasap bermek we öz-özüňe gözegçilik etmek ukybyny artdyrýar. Şeýlelikde, Ýaradanyň huzuryna çykjakdygyna ynanýan musulman eden işlerinde hata goýbermezlige yhlas edýär.

4. Allah Tagala bäş wagt namaz okaýan kişini jennete saljakdygyna wada berýär. Emma ynsan okan namazyny diňe Ýaradanyň ryzasy üçin, edep-ekramyna laýyklykda amal etmelidir. Bu barada Ubade b. Samitiň gürrüň beren hadysynda şeýle diýilýär:
«Gullaryna farz eden bäş wagt namazynyň ähmiýetini peseltmän, nogsansyz berjaý eden kişini Allah Tagala jennete saljakdygyna söz beripdir. Emma namazyny okamaýanlar üçin, şeýle wada ýokdur. Islese azap eder, islese bagyşlar»,
(Ebu Dawud, Nesaýy, Ibni Maje).
Mundan: «Namaz okamaýan asla jennete girmez» diýen manyny çykarmak dogry däldir. Allah islese, guluny razy bolan bir ýagşy işinden, ýa-da yslama eden hyzmaty sebäpli ähli günälerini, ybadat borçlaryny bagyşlap, jennete salyp biler. Bu Onuň lutuf we merhemetine degişli bir aýratynlyk, emma Hak Tagala namaz ybadatyny many-mazmunyna laýyklykda nogsansyz, doly amal eden kişini jennete saljakdygyny wada berýär. Bu barada Ebu Hureýreden gürrüň berilýän hadysda şeýle aýdylýar:
«Kyýamat gününde guldan ilkinji soraljak hasap – farz namazydyr. Eger bu namazy doly amal eden bolsa, örän ýagşy. Tersine bolan ýagdaýynda şeýle aýdylar: «Görüň, munuň okan nafile namazy barmy? Eger nafile namazy bar bolsa, farzdaky ýetmezçiligini şolar bilen dolduryň. Soňra beýleki farz amallary üçin hem şunuň ýaly höküm berler»,
(Tirmizi, Ebu Dawud, Nesaýy).
Şonuň üçin farz, wajyp ýa-da sünnet diýip tapawut goýman ybadatlary doly amal etmek mü’miniň esasy maksady bolmalydyr. Çünki, ybadat – dünýewi rahatlygyň, ruhy bagtyň çeşmesi bolşy ýaly, ahyret üçin hem iň uly taýýarlykdyr.

5. Namazyň dünýewi we uhrewi iň möhüm peýdalaryndan biri-de namaz okaýan kişiniň ýagşy niýet bilen eden amallarynyň ybadat hökmüne geçmegidir.
Ynsanyň namazyny okap, Allahyň hakyny doly berjaý edip, eklenjini halal ýerden gazanmak niýeti bilen bitirýän işleri, görkezýän gaýraty, ahyret nukdaýnazaryndan, boş we peýdasyz iş bolmaz. Olaryň hemmesi ybadat hökmüne geçer. Şeýlelikde, ynsanyň ähli ömri ybadata öwrüler. Onuň gaýraty we zähmeti Allahyň dergähinde asla riýa bolmaz.
Eger-de şol kişiniň eklenç üçin eden işi halka peýdaly iş bolsa, şol işden peýda görýän adamlaryň sanyça-da sogap gazanar. Şu bähbitleri gazanmagyň ýeke-täk hökmany şerti – farz namazyny okamakdyr.





Namaz yslamyň imandan soňky iň möhüm emridir.
Namaz diniň sütüni we musulmanlygyň binýat daşydyr, (Tirmizi).
Namaz imanyň alamatlaryndandyr.
Namaz ähli ybadatlaryň mazmunydyr.
Namaz – gul bilen Allahyň arasyndaky iň ýokary ýakynlyk, iň belent gatnaşyk we arassa hyzmatdyr.
Namaz – Allahyň gudratyna göz ýetiren, beýikliginiň öňünde akyly haýran bolan ynsanyň, bu hormatyny we haýran galmagyny iň mynasyp söz we hereketler bilen amal etmegidir.
Namaz – guluň günde bäş gezek Ýaradanyň huzuryna çykmagy, Onuň diwanynda durmagy diýmekdir. Ynsan bu beýik diwanda ähli mätäçligini we dileglerini hiç hili araçysyz, göni Allaha arz edýär, Oňa sygynýar, diňe Ondan ýardam dileýär. Şeýlelik bilen, Pygamberimiziň magrajda Allah bilen söhbetini musulman her namazynda simwoliki ýaşaýar. Bu syra yşarat edip, Pygamberimiz: «Namaz mü’miniň magrajydyr» diýipdir.
Namaz mahlukatyň ähli ybadat görnüşlerini özünde jemleýär. Kurany Kerimde beýan edilişine görä, ähli mahlukat Allah Tagalany hemişe zikir we tesbih edýändir.
«Allahy zikir, tesbih we Oňa ybadat etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryň bu tesbih we ybadatlaryna düşünmersiňiz», (Isra, 44).
Dik ösüp oturan agaçlar kyýamda durana, dört aýakly haýwanlar ruku’da, süýreniji haýwanlar bolsa sejde edýäne meňzeýär. Allaha ybadat etmegiň bu görnüşleriniň hemmesi namazda jemlenýändir.
Melekler hem, ähli janly-jandarlar ýaly, hersi bir görnüşde Allaha ybadat edýändir. Olaryň bir topary kyýamda, bir topary ruku’da, bir topary sejdede Allaha ybadat edýändir. Iň kämil nusgada ýaradylan ynsan bolsa, melekleriň we janly-jandarlaryň ybadat ediş görnüşleriniň ählisini özünde jemläp, Allaha gulluk edýär.
Namaz Allahyň ägirt şanyny we soňsuz gudratyny beýgeldýän iň ajaýyp şekil we sözlerden durýandyr. Namazda tekbir, towhyd, tesbih, methu-sena, hamd, şükür, hormat, tewazug, tazarru’, nyýaz, ähli mü’minlere haýry-doga we Pygamberimize salatu-selam jemlenendir. Kuran okamak hem bir ybadatdyr. Namazda-da az hem bolsa Kuran okalýar.
Mü’min mumsulmanlaryň biri-biri bilen salamlaşmagy hem aýratyn bir ybadatdyr. Namazyň hem soňunda salam bardyr.
Yslama görä, tefekkür hem uly ybadatlardan biridir. Mü’minler jemagat bolup okalan namazlarda Allahyň soňsuz gudraty we azamaty barada oýlanmaga mümkinçilik tapýarlar.
Iýip-içmegä rugsat berilmeýändigi üçin namazda oraza hem bardyr.
Namazyň zekat we haj bilen hem baglanyşygy bardyr. Çünki, namaz bedeniň we ömrüň zekatydyr. Namazyň kybla bakyp okalmagy hem haj ybadatyna yşaratdyr.
Görşümiz ýaly, namaz ähli bedeni ybadatlary öz içine alyp, hemmesiniň özeni we mazmunydyr.






Namazyny okamaýan adam ýokarda agzalan peýda we bähbitleri ýitirmekden başga-da, dünýäde we ahyretde uly zyýana galýar. Şol sebäpli, aň-düşünjeli dindarlar namazlaryny mümkingadar nogsansyz berjaý etmäge çalyşýarlar. Eger-de, geçiren namazlary bar bolsa, gijikdirmän kazasyny okamaga, şeýlelik bilen namaz borjundan halas bolup, Allahyň huzuruna çykmaga taýýar bolýarlar.

«Tembihul gafilin» atly kitapda namaz okamazlygyň zyýanlaryny beýan etmek babatda şeýle bir tymsal getirilýär:
«Hapysa, şerraý bir adam bir gün şeýtan bilen duşuşyp oňa şeýle diýýär:
– Eý, Iblis, meniň hem saňa meňzäsim gelýär, şonuň üçin näme edeýin?
Muňa haýran galan Iblis şu jogaby berýär:
– Geň zat, şu wagta çenli maňa imrinip, maňa meňzäsi gelen ynsana duşmadym. Eger hakykatdanam maňa meňzemegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda iki zady terk et. Bular seniň iblis bolmagyň üçin ýeterlikdir. Olaryň biri namaz, beýlekisi bolsa, ygrarlylyk».

Ýene şeýle bir rowaýat aýdylýar:
«Köçede aýlanyp ýören perişdeler bilen şeýtanlar bir jaýyň gapysyna ýetenlerinde özara jedel edýärler. Melekler:
– Bu öýe biz girmeli, şeýtanlaryň bärde işi ýok! Şeýtanlar bolsa:
– Bu öýe biz girmeli, melekleriň bärde işi ýok – diýişýärler. Jedel dowam edip durka, azan okalyp başlanýar. Jedel gutarýar. Şeýtanlar umydyny üzüp, öýe melekler girýär. Namaz okalmaýan öýe bolsa, şeýtanlar çapak çarpyp girenlerinde, melekler umytdan düşüp, ol öýden daşlaşýarlar.
Şonuň üçin, köneler aýdypdyrlar: «Namaz okalmaýan öý, şeýtanyň mesgeni, namaz okalýan öý bolsa melekleriň mekanydyr».
Emma, şonda-da käbir musulmanlaryň dürli bahanalar bilen maddy we ruhy, dünýewi we uhrewi bir giden peýda berýän namaz ýaly beýik bir ybadatdan, külli haýyrdan daş durup, biagyrlyk edýändiklerini görýäris.
Olaryň öňe sürýän esasy bahanalary şulardyr:

1. Namazy diňe garranyňdan soň okalmaly borç hasaplamak, ýaşlyk – dünýä işlerine bagyşlanýan, garrylyk bolsa ahyrete ýönelinýän wagtdyr diýen düşünje. Bu düşünje – ynsany namaz okamakdan daşlaşdyrýan iň giň ýaýran düşünjedir. Ýöne bu düýbünden ýalňyşdyr. Çünki, namaz kämillik ýaşyna ýeten her bir ynsanyň ölinçä boýnunda durýan farz ybadatydyr. Bu farzyň ýaşlyk ýa-da garrylyk bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Her okalmadyk namaz guluň boýnunda borç bolup galýar. Ahyretde azaba duçar bolmazlyk üçin, ölmeziňden ozal bu borçdan gutulmak, geçirilen namazlaryň kazasyny okamak şertdir. Ýaşlygynda namaz okaman, garranyňdansoň okamaga başlan biriniň birgiden namaz borjunyň boljakdygy köre hasadyr. Garry halyna bu borçlarynyň kazasyny doly okap biljegi bolsa şübhelidir. Ynsan geçiren namazlarynyň kazasyny okaýanda-da borçdan doly saplanmaz. Namazyny wagtynda okamandygynyň jogapkärçiligini ýüreginde göterer. Diýmek, garranyňdansoň namaza başlamak düşünjesi – nebsiň oýnundan, şeýtanyň hilesinden başga zat däldir. Şeýle hem, ynsanyň garrylyk ýaşyna ýetip-etmejegi barada hiç hili güwäligi ýokdur. Islendik wagt ölüm gapyňy kakyp biler. Ynsanyň ertire çykjagyna-da anyk kepilnamasy ýokdur. Hatda ýaşlykda okalan namaz bilen garranyňdansoň okalan namaz hem hiç wagt deň bolmaz. Ynsanyň ähli hyjuw we duýgulary bilen dünýä baglanýan ýaşlyk ýyllarynda nebsi bilen göreşip eden ybadatlary Allahyň dergähinde, elbetde, has gymmatlydyr. Garry halynda bolsa ynsanyň dünýä meýli peselýär, ölümini has ýakyn duýup başlaýar, islemese-de ybadata meýli artýar. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle buýurýar:
«Iň haýyrly ýaş ýigit garry kimin ölümi barada oýlanyp, ahyreti üçin işleýän, ýaşlyk hyjuwynyň we joşgunynyň ýesirligine düşmeýän, gaflatda gark bolmaýan ýigitdir».
Diýmek, ýaşlar hem edil garrylar ýaly, ahyret barada aladalanyp, namaz we beýleki ybadatlaryny nogsansyz berjaý etmelidir.

2. «Eklenç aladasy, dünýewi işleriniň köplügi sebäpli namaza wagt tapyp bilmeýän» diýen düşünje Bäş wagt namaz, taharet kylmak bilen birlikde jemi bir sagat wagtymyzy alýar. Allah Tagalanyň bir gije-gündizde bize beren 24 sagadyndan bir sagadyny dünýä, hem ahyretimiziň sagadatyna wesile boljak namazyň edasyna harçlamajak bolmak, hiç bir mantyga, akyla sygmaz. Iň biderek, boş işlere wagt tapýarkak, namaza gezek gelende, wagtyň ýokdugyndan zeýrenmek, diňe nebsiň we şeýtanyň aldawyna gitmekden başga zat däldir.

3. «Günde bäş wagtyna namaz okamagyň yzy gutarmansoň, ynsany ýadadyp irizer» diýen düşünje Bu düşünje hem ýalta nebsiň bahanasydyr. Çünki, her gün iýip-içýän ynsan bularyň gaýtalanyp durmagyndan bizar bolmaýar. Gaýta ondan lezzet alýar. Edil şonuň ýaly-da, ruhuň azygy, kalbyň aby-haýýaty bolan namazyň gaýtalanmagyndan: ruhy ölmedik, kalby sönmedik ynsanyň irmegi, ýadamagy mümkin däldir. Şeýtanyň ýürege salýan şeýle ýaramaz hileleri köplenç namaza ýaňy başlaýan adamlarda duş gelýär. Namazyny dowam etdirip, onuň magnewi feýz we bereketine ýetenler şeýle bahanalaryň gurbany bolmaýar. Bu pikir we düşünjeler hiç bir esassyz, diňe nebsiň ýaltalygyndan, şeýtanyň was-waslaryndan döreýän bahanalardyr. Ynsan bu bahanalary ýeňmek üçin nebsi we şeýtan bilen hemişe göreşmelidir. Ýogsa, suw ýaly akyp gidýän ömür sermaýasy, şemal ýaly geçip gidýän ýaşaýyş nygmaty, synagdan geçip bilmezlik we zyýana galmak bilen jemlener.




Namazda wagtyň ähmiýeti

Wagt namazyň syhhatynyň (dürslüginiň) iň esasy şertidir. Namazy wagtynda okamagyň sogaby uludyr. Ibni Mesud (r.a.) Resuly Ekremden (s.a.w.):
– Allahy iň razy eden amal haýsydyr?– diýip soraýar. Resulullah (s.a.w.):
– Wagtynda okalan namaz – diýip jogap berýär, (Tirmizi).
Wagtynda okalan namazyň hem iň fazyletlisi we sogaplysy wagty bolan badyna okalan namazdyr. Hadysy şerifde bu barada:
«Nirede namaz wagty bolsa, derrew namazyňy oka. Çünki, fazylet wagtyň başlangyjyndadyr» (Tirmizi) diýilýär. Başga bir hadysy şerifde bolsa:
«Namazyň ilki wagty Allahyň ryzasyna, orta wagty rahmetine wesiledir, ahyrky wagty bolsa afuwyna (bagyşlamagyna) wabesdedir», (Tirmizi) diýilýär.
Wagtynda okalmadyk namaz kaza galar. Kaza namazlary guly borjundan halas etse-de, wagtynda okalan namazyň berýän feýzini we kemalyny, uhrewi bähbidi we peýdany bermez. Şeýle hem, namazyň kazasynyň okalmagy ynsandan ybadat wezipesinde goýberen ahmallygynyň we gulluk borjuny wagtynda berjaý etmezliginiň günäsini aýyrmaz. Şol sebäpli namazy wagtynda okamak üçin, namazyň wagtlaryny bilmek zerurdyr.

Ertir namazynyň wagty

Ertir namazynyň wagty – ikinji fejriň düşmeginden Günüň dogmagyna çenli aralykdyr. Fejr – daň agarmagy diýmekdir. Fejriň iki görnüşi bardyr. Ýalançy fejir (fejri kazip) – gündogar tarapda göz’etimiň aňry çäginde dikligine döreýän agarmakdyr. Munuň sähelçe wagt yzyndan ýene garaňky düşer. Şonuň üçin muňa ýalançy fejir diýilýär. Bu ertir namazynyň wagty däldir. Oraza tutýanlar bu wagt aralygynda nahar iýip bilerler. Hakyky fejir (fejri sadyk) – gündogar tarapdan daş-töwerege ýaýrap gidýän agarmakdyr. Munda ertir namazynyň wagty başlaýar. Bu wagt aralygynda selällik edilmeýär. Pygamberimiz ertir namazynyň wagty bilen baglanyşykly şeýle aýdypdyr:
«Ertir namazynyň wagty ikinji fejriň başlamagyndan Günüň dogmagyna çenlidir», (Buhary, Ebu Dawud, Ibni Maje, Nesaýy).

Öýle namazynyň wagty

Öýle namazynyň wagty Günüň zewal wagtyndan başlaýar, ýagny, Ýeriň üstündäki islendik jisimiň kölegesi gündogara tarap uzamaga başlanda, öýle namazynyň wagty gelýär. Gün dik asmandaka herki zadyň kölegesiniň gysgalmasynyň togtaýan wagtyna «istiwa wagty» diýilýär. Jisimleriň şol wagtky kölegesine «feý-i zewal» diýilýär. Öýlän wagtynyň tamamlanmagy barada iki sany garaýyş bardyr: Ymamy Agzama görä, öýlän wagty zewal wagtyndan başlap, her bir zadyň kölegesi özünden iki esse uzaýança dowam edýär. Bu wagta «asry sani» diýilýär. Ebu Hanifäniň delili Pygamberimiziň şu hadysydyr:
«Öýle namazyny howa salkynlanda okaň, çünki, öýle wagtyndaky yssynyň howry dowzahyň howruny ýatladar», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).
Arabystan ýaly yssy ýurtlarda howanyň temperaturasynyň iň ýokary kaddyna ýetýän wagty kölegäniň bir esse uzaýan wagtydyr. Şol sebäpli, tomsuň güni öýle namazyny biraz salkyn düşensoň okamak mustahap saýylypdyr. (Mewsili, «Yhtyýar», Zuhaýli).
Ymam Muhammede, Ymam Ýuusufa we beýleki üç mezhebe görä, öýle namazynyň wagty feý-i zewaldan, jisimleriň kölegesiniň bir esse uzaýan wagtyna çenlidir. Muňa-da «asry ewwel» diýilýär.
Juma namazynyň wagty hem öýle namazynyň wagtydyr.

Ikindi namazynyň wagty

Ikindi namazynyň wagty ýokarda geçen iki garaýşa laýyklykda, öýle wagtynyň gutarmagyndan başlap, Gün batýança dowam eder. Öýle wagtynyň gutarýan mütdeti bilen baglanyşykly tapawutly garaýyşlar sebäpli, ikindi namazyny kölegäniň iki esse uzaýan wagtynda okamak iň laýygydyr.
Müžtehidleriň aglabasyna görä, ikindi namazyny Gün şöhlesiniň kütelip saralmagyna (ysfyrar) çenli gijikdirmek mekruhdyr. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr:
«Bu wagtda okalan namaz münafyklaryň namazydyr. Münafyk oturyp Güne garaşar. Gün şeýtanyň iki şahynyň arasyna girende (batmagyna az wagt galanda) howlugyp, ikindini dört rekegat okar we Allahy sähelçe ýatlar», (Mälik «Muwatta»).
Yslam alymlaryna görä, Kurany Kerimde geçýän «Salaty wusta» (orta namaz) ikindi namazydyr. Munuň delili hz. Aişäniň gürrüň beren şu hadysydyr:
Resulullah (s.a.w.) «Namazlary dowam ediň, orta namazyny-da dowam ediň», (Bakara, 238) diýen aýaty okady. Soňra-da: «Orta namaz ikindi namazydyr» diýdi.

Agşam namazynyň wagty

Gün ýaşandan soň, tä şapagyň doly ýitmegine çenli wagt aralygy agşam namazynyň wagtydyr. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä bolsa, namaz wagty Gün ýaşandan soň döreýän şapagyň yzynyň agarmagynyň hem doly ýitmegine çenli aralykdyr. Ibni Omaryň «Şapak - gözýetimdäki gyzyllykdyr» rowaýatyna görä, hanefiler agşam namazynyň wagty meselesinde Ebu Ýusufyň we Ymam Muhammediň fetwasyny esas edinýärler.

Ýassy namazynyň wagty

Ýassy namazynyň wagty şapagyň ýitmeginden başlap, ikinji fejriň dogmagyna çenli dowam edýär.

Witr namazynyň wagty

«Allah Tagala size bir namazy zyýada edendir, ol hem witirdir. Ony ýassy namazyndan soň, fejir wagtyna çenli okaň», («Nasbur-Raýe») hadysy şerife görä, witir namazynyň wagty ýassynyň wagtydyr. Witr namazyny ýassynyň farzyndan öň okamak jaýyz däldir. Gije oýanyp biljekdigine ynamy bolan kişiniň bu namazy gijäniň ahyryna çenli gijikdirmegi has fazyletlidir.

Terawyh (tarawa) namazynyň wagty

Bu namazyň wagty ýassy namazyndan soň, ertir namazyna çenli dowam eder. Bu namaz witirden öň hem, soň hem, okalyp bilner. Emma ýassy namazyndan öň okamak sahyh däldir. Remezan aýynda mesjidde terawyh namazyna ýetişen kişi, ilki ýassynyň farzyny we soňky sünnetini okap, soňra ymama uýup, terawyh namazyny jemagat bilen okamalydyr.

Baýram namazlarynyň wagty

Baýram namazlary jemagat bilen okalýar. Onuň wagty Gün dogandan 45-50 minut soň, ýagny kerahat wagty geçenden soň başlanýar we Günüň istiwa wagtyna çenli dowam edýär.
Baýram we terawyh namazlarynyň kazasy ýokdur.




«Azan» sözüniň sözlükdäki manysy «yglan etmek, bildirmek» diýmekdir. Dini manyda azan – musulmanlara namaz wagtlaryny bildirmek üçin okalýan birnäçe mübärek sözlerdir. Azan okaýan kişä – müezzin (azançy) diýilýär.

Azanyň hökümi
Bäş wagt farz namazlary üçin azan okamak Kitap (Maide 58, Juma 9) we Sünnet bilen anyk kesgitlenendir. Azanyň hökümi bolsa, Sünneti muýekkedäniň kifaýe kysymyndandyr. Ýagny, mähelleden bir kişiniň bu işi ýerine ýetirmegi bilen beýlekilerden munuň jogapkärçiligi aýrylýar. Emma azan asla okalmasa, şol mähelläniň ählisi jogapkär bolar.
Azan şol bir wagtda yslamyň şygarlarynyň beýiklerinden biri bolany üçin, wajyp derejesindäki bir sünnetdir.
Azan hijretiň birinji ýylynda Medinede meşrug edilipdir.

Azanyň ähmiýeti we fazyleti
Azanda musulmanlara namaz wagtlaryny bildirmek bilen birlikde, namazyň gutulyşa we felaha sebäpdigi hem ýatladylýar. Şeýlelik bilen, mü’minler namaz okamaga höweslendirilýär. Bulardan has möhümi yslam dininiň towhyd we nübüwwet ýaly iň mukaddes esaslary azan arkaly älem-jahana jar edilýär. Bu nukdaýnazardan azan okamagyň sogaby we fazyleti has uludyr. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiziň käbir hadyslarynda şeýle buýrulýar:
«Eger adamlar azan aýtmagyň we iň öňdäki sapda namaz okamagyň fazyletini bilsediler, özara bije atyşardy», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

«Müezzinler kyýamat güni iň uzyn boýly, hemmeden saýlanyp duran bolar», (Müslim, Ibni Maje, Ibni Hanbel).

«Goýun sürüsiniň başynda ýa-da çölde bolan wagtyň azany güýçli ses bilen aýt. Çünki, müezziniň sesiniň ýetýän ýerine çenli aralykda ony eşiden yns-jyns, janly-jandar hemmesi kyýamat gününde oňa şaýatlyk eder», (Buhary, Nesaýy, Mälik «Muwatta»).

Hezreti Omar (r.a.):
«Eger-de boýnumda halyflyk wezipesi bolmadyk bolsa, müezzinlik ederdim» diýip, azan okamagyň nähili uly fazyletiniň bardygyny nygtaýar. Hezreti Omaryň bu sözi müezzinlik ymamlykdan ýokary diýen manyny bermeýär. Ymamet müezzinlikden, kamat bolsa azandan has fazyletlidir. Hezreti Omar: «Eger halyflyk wezipesi bolmadyk bolsa, ymamlyk bilen birlikde azany hem aýdardym» diýmek isläpdir. Bu bolsa ymamyň müezzinligem etmeginiň has fazyletlidigini görkezýär. Şol sebäpden, hezreti Pygamberimiz we dört çaryýarlar hem ymamlyk hem-de müezzinlik edipdirler. Ebu Hanife hezretleri-de hem azan okap, hem-de ymamlyk eder eken.
Şafygylara we hanbelilere görä, azan we kamat aýtmak ymamlyk etmekden has fazyletlidir. Çünki, Allah Tagala Kurany Kerimde: «Allahy çagyryp, ýagşy amal edenlerden has ajaýyp sözli kim bar?» (Fussylet, 33) diýipdir. Hezreti Aişe bu aýatda göz öňünde tutulýan çagyryjylaryň müezzinlerdigini aýdýar. Pygamberimiz (s.a.w.) hem «Ymam jemagata kepildir, müezzin ynamdar kişidir. Allahym, ymamlara dogry ýoly görkez, müezzinleri magfiret et», (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.


Azanyň sözleri:

Allahu Ekber, Allahu Ekber,
Allahu Ekber, Allahu Ekber!
Eşhedu en lä ilähe illallah,
Eşhedu en lä ilähe illallah!
Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah,
Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah!
Haýýe ales-Salah,
Haýýe ales-Salah!
Haýýe alel-felah,
Haýýe alel-felah!
Allahu Ekber, Allahu Ekber!
Lä ilähe illallah!

Manysy:
Allah iň beýikdir.
Allahdan başga hiç bir ilah (hudaý) ýokdugyna şaýatlyk edýärin!
Muhammediň (s.a.w.) Onuň resulydygyna hem şaýatlyk edýärin!
Geliň, namaza!
Geliň felaha (halas bolmaga)!
Allah iň beýikdir!
Allahdan başga hiç bir ilah ýokdur.

Öýle, ikindi, agşam, ýassy namazlarynda azan şu görnüşde aýdylýar. Diňe ertir namazynda «Haýýe alel-felah» diýeniňden soň iki gezek «Es-Salatu haýrun minen newm» (Namaz ukudan haýyrlydyr) aýdylýar.
Bu goşmaçany Pygamberimiz hezreti Bilala emr edipdir. Munda ukynyň dünýä rahatyny, namazyň bolsa ukba (ahyret) sagadatyny üpjün edýändigine yşarat bardyr.
Azany Muhammedi on bäş asyrdan bäri şu görnüşde okalyp gelýär. Dünýä hiç haçan, sähel wagtlyk hem azan sesinden mahrum galmaýar. Çünki, Gün bir ülkede batýarka, başga bir ýurtda dogýandyr. Şeýlelikde, bütin Ýer ýüzi Allahyň bir mesjidine öwrülýär. Älemiň ýaradylyşynyň asyl maksadyny yglan edýär. Ençeme kişi bu sesi eşidip, hidaýete ýetýär, batyl ynançlaryny terk edip, hak dine dönýär.
Hawa «Allahyň hidaýet nesip etdirenini ýoldan çykaryp biljek ýokdur», (Zümer, 37). Allah nesibeli kişä azan sesini diňe Ýerde däl, Ýerden ýüz müňlerçe kilometr uzaklykda Aýyň ses-sedasyz topragynda hem eşitdirýär. Bir azan bilen oňa ebedi sagadatyň ýoluny açýar. Emma «Allahyň azaşdyranyny-da dogry ýola salyp biljek ýokdur», (Ra’d, 33). Olar her gün bäş gezek gulaklarynyň alkymynda azan sesini eşitseler-de, nesibesiz bolandyklary üçin azaşmaklaryny dowam etdirýärler. Çünki, «Hassalyk olaryň ýüregindedir. Allah olaryň hassalygyny artdyrdygyça artdyrýar», (Bakara, 10). Şeýlelikde, ýakymly azan sesleri olara lezzet däl-de azap berýär. Olar bu sesden halas bolmagyň çärelerini gözleýärler. Asry sagadat döwründe hem azan sesinden birahat bolanlar bolupdyr. Medinede käbir münafyklar azan sesini eşidende, Pygamberimiziň ýanyna gelip:
«Eý, Muhammet! Şu wagta çenli görülmedik işi başymyza atdyň. Hem pygamberdigiňi aýdýarsyň, hem-de öňki pygamberleriň garşysyna gidýärsiň. Bu geň gygyrmagy nireden tapdyň?» diýýärdiler. Olaryň bu akmaklyklaryna şu aýat jogap hökmünde indi: «Siz namaza çagyranyňyzda, olar azany oýun we degişmä öwürjek bolarlar. Bu olaryň akylsyz, nadanlyklaryndandyr», (Maide, 58).
Şol sebäpli, yslam alymlary azany bilip äsgermezçilik etmegiň iň ýönekeýiniň hem ynsany imandan çykarjakdygyny aýdypdyr. Azan sesinden diňe şeýtan we onuň yzyny eýerýänler birahat bolýandyr. Emma bir mü’min azanyň, çagyryşyna ylgasyn ýa-da ylgamasyn, o sesden diňe lezzet alýar, göwni joşýar.

Kamat

Kamat – namazlaryň farzlaryny okamaga başlamazdan öň aýdylýan azan sözleridir. Azan wagtyň başlangyjynda okalýar. Kamat bolsa farza duruljak wagty getirilýär. Kamatyň sözleri hem azanyňky bilen meňzeşdir.
Diňe «Haýýe alel-felah» diýeniňden soň, iki gezek «Kad kamatis-Salah» jümlesi aýdylýar. Munuň manysy «Namaza başlandy» diýmekdir.Kamat diňe erkek kişiler tarapyndan getirilýär. Aýallar kamat getirmeýärler.

Müezzinde bolmagy zerur sypatlar
1. Müezzin erkek kişi bolmalydyr. Onuň sesi batly we ýakymly bolmalydyr. «Pygamberimiz 20 adama azan aýtmagy buýurýar, içlerinden Ebu Mahzuräniň sesi göwnünden turýar we oňa azan aýtmagy öwredýär», (Darimi). Aýalyň azan aýtmagy mekruhdyr.
2. Müezzin akyly ýerindäki, ylymly we takwa kişi bolmalydyr. Fasyk we jahyllaryň (nadanlaryň) azan aýtmagy mekruhdyr. Dälileriň okan azanyny täzeden aýtmak gerekdir. Kämillik ýaşyna ýetmedik akyly ýerindäki mümeýýiz (agy-garany saýgarýan) oglanyň azan aýtmagy jaýyzdyr.
3. Müezzin azan aýdanda taharetli bolup, dik duran ýerinden aýtmalydyr. Emma taharetsiz aýdylsa-da, zeleli ýokdur. Taharetsiz kamat getirmek mekruhdyr. Eger getirilse, täzeden gaýtalanmaýar.
Jünübiň azan aýtmagy hem-de kamat getirmegi mekruhdyr. Şeýle ýagdaýda azan täzeden gaýtalanmalydyr, kamat bolsa gaýtalanmaz.
4. Müezzin azany belent ýerden kybla bakyp aýtmalydyr. «Haýýe ales-Salah» diýeninde saga, «Haýýe alel-felah» diýeninde sola öwrülmelidir. Azanda sesiň batly çykmagy üçin müezzin barmaklaryndan (süýem) biriniň ujuny gulagynyň deşigine goýmalydyr. Ebu Juhaýfe bu barada şeýle gürrüň berýär:
«Bilalyň azan aýdanyny gördüm. Ol ýüzüni saga we sola öwürýärdi. «Haýýe ales-Salah, Haýýe alel-felah» diýýärdi. Iki barmagynyň hem hersi bir gulagyndady», (San’ani, Şewkani).
Eger-de azan minaradan aýdylýan bolsa, ilki kybla bakyp, azana başlamaly, soň sagdan başlap şerefesine aýlanyp aýdylmaly.
5. Müezzin azan aýdanda we kamat getirende gürlemeli däl. Hatda şol wagt özüne salam berilse-de, ol salama jogap bermeli däl.

Azan we kamatda bolmaly şertler
1. Azan aýdylmagy üçin wagtyň girmegi şertdir. Azan we kamat farz namazlary üçin (kaza bolsun, eda bolsun) sünnetdir.
2. Azan diňe arapça we gaty ses bilen okalmalydyr. Çünki, azanyň maksady namaz wagtyny bildirmekdir. Ýöne sesiňi has beýgeltjek bolup, özüňe agram salmak dogry däldir.
3. Azanda sözleriň arasyna dyngy berilmelidir. Muňa teressül diýilýär. «Allahu Ekber, Allahu Ekber» diýlenden soň, sähel salym garaşylmalydyr. Kamatda teressül edilmeýär. Sözler yzly-yzyna, aram ses bilen aýdylýar.
4. Azanda we kamatda sözleri tertip boýunça okamalydyr, ýerlerini çalyşmaly däldir.
5. Azan we kamat okaýarkaň, başga zat bilen meşgullanmak bolmaýar.
6. Azanyň yz ýany bilen kamat getirmeli däldir. Doga etmek, Kuran okamak ýa-da namazyň sünnetini berjaý etmek arkaly azan bilen kamatyň arasy açylýar. Azan bilen kamatyň arasynda azyndan üç aýat okar ýaly maý bolmalydyr.

Azanyň edepleri
Azanyň esasy edepleri şulardyr:
1. Azana tagzym etmeli, ýagny, aýdylyp gutarýança ony diňlemeli, başga bir iş bilen meşgul bolmaly däl, edip duran işiňi goýmaly. Hatda Kuran okaýan hem bolsaň, okamagyňy goýup, azany diňlemek mendupdyr. Ýöne mesjitde jemagata Kuran okalýan bolsa, okamagy dowam etmek bolýar.
2. Azan we kamaty eşiden kişiniň ony içinden müezziniň yzy bilen gaýtalamagy mustahapdyr. Birden köp azan okalýan ýerlerde birinjisi yzarlanmalydyr.
Jünüp hem müezziniň aýdanlaryny gaýtalap biler, emma haýzly we nifasly aýal gaýtalamaly däldir.
Ebu Saidiň gürrüň beren bir hadysynda Resuly Ekrem şeýle buýrupdyr: «Azany eşiden wagtyňyz müezziniň aýdýanlaryny siz hem gaýtalaň», (Buhary, Müslim, Tirmizi, Nesaýy).
Müezzin: «Eşhedu en lä ilähe illallah» diýende:
«We ene eşhedu en lä ilähe illallahu wahdehu lä şerike leh we enne Muhammeden abduhu we resuluh. Razyýtu billähi Rabben we bi Muhammedin resulä we bil islami dinä» diýmelidir.
(Men hem Allahdan başga ilahyň ýokdugyna, Onuň ýeke-täkdigine we şäriginiň hem ýokdugyna şaýatdyryn we Muhammediň Allahyň guly we Resulydygyna-da şaýatdyryn. Rab hökmünde Allahdan, resul hökmünde Muhammetden, din hökmünde-de yslamdan razydyryn.)
Müezzin birinji gezek: «Eşhedu enne Muhammeder-Resulullah» diýende:
«Sallallahu aleýke ýa Resulallah» diýmeli. Ikinjisinde bolsa,
«Karret bike aýni ýa Resulallah» diýmeli. (Gözlerim Seniň bilen nurlansyn, eý, Resulallah). Şeýle hem baş barmaklaryň dyrnaklaryny ýa-da süýem barmaklaryň içini öpüp gabaklara sürtülýär. Diňe azanda şeýle etmek mustahapdyr. Kamat getirilende beýle edilmeýär.
Müezzin: «Haýýe ales-Salah» we «Haýýe alel-felah» diýende:
«Lä hawle welä kuwwete illä billahil aliýýil azim» (Güýç-kuwwat diňe azym we beýik bolan Allahdandyr) diýilýär.
Ertir namazynda: «Es-Salatu haýrun minen newm» diýlende:
«Sadakte we berirte we bil hakky natakte» (dogry aýdýarsyň, uly haýyr gazandyň, hakykaty aýdýarsyň) diýip, jogap bermek mustahapdyr.
Azan gutarandan soň, şu doga okalmalydyr:



Allahümme Rabbe häzihid-dagwetit-tämmeh, wessalatil-kaimeh. Äti Muhammedenil-wesiýlete wel fazylete wed-derajeter-rafi’ah. Web-ashu makamen mahmudenillezi wea’d-teh. Inneke lä tuhliful miýad.
Manysy: «Allahym! Eý, bu dagwetiň (mübärek azanyň) kylynjak bolunýan namazyň mukaddes Rabbi! Pygamberimiz hezreti Muhammede «wesiläni» we «fazyläni» yhsan et we Ony hut özüne wada beren makamy mahmuda ýetir. Şübhesiz, sen wadaňdan dänmersiň».
Bu dogany okaýanlara Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle buşluk berýär:
«Kim azandan soň bu dogany okasa, kyýamat güni oňa şefagat ederin» (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi).
Bellik: «Wesiläniň» we «fazyläniň» jennetde belent mertebedigi, makamy mahmudyň bolsa, Şefagaty-Kubra, ýagny, Pygamberimiziň beýik şefagatyna degişli mertebedigi beýan edilipdir.
3. Azan bilen kamatyň arasynda doga istigfar etmeli. Hadysy şerifde: «Azan bilen kamatyň arasynda edilen dogalar yzyna gaýtarylmaz» diýilýär.





Namazyň farzlary (parzlary)

Namazyň farzlary 12 sanydyr.
Bulardan 6-sy namaza başlamazdan öň berjaý edilmeli farzlardyr. Bulara namazyň şertleri diýilýär.
Beýleki 6-sy bolsa namaz başlandan soň berjaý etmeli farzlardyr. Bulara bolsa namazyň rükünleri diýilýär.

Namazyň şertleri

1. Hadesden taharet
Namaz okajak kişiniň hadesden tämizlenmegi, ýagny taharetsiz (täretsiz) bolsa, taharet kylmagy, jünüp bolsa gusul etmegi diýmekdir.

2. Nejasetden taharet
Nejasetden taharet – namaz okajak kişiniň bedeninde, eşiginde, namaz okajak ýerinde şerigatyň nejis (gan, iriň, peşew...), pis saýýan bir zady bar bolsa, ol hapanyň arassalanmagy diýmekdir.

3. Setri awret
Ynsanyň owrat ýerlerini namazda örtmegine «setri awret» diýilýär.
Owrat ýerleri – erkek we aýalyň örtmegi farz bolup, başgalara görkezmegi haram bolan agzalarydyr. Erkeklerde owrat ýerleri göbekden dyzyna çenli aralykdyr. Aýallarda bolsa owrat ýüz,el, we aýaklardan başga bedeniň ähli ýeridir.
Pygamberimiz bir hadysynda: «Allah bulug ýaşyna ýeten aýalyň başy ýaglyksyz okan namazyny kabul etmez», (Ibni Maje, Tirmizi) diýip aýdýar. Başga bir hadysynda bolsa şeýle diýýär: «Aýal kämillik ýaşyna ýetende elinden we ýüzünden başga ýerini özgä görkezmegi halal bolmaz», (Ebu Dawud).
Owrat hasaplanýan agzanyň dörtden birinden az açylmagy namazy bozmaz. Namazdaka owrat ýeri açylsa, derrew açylan ýer ýapylsa, namaz bozulmaz. Bir rükün mukdary, ýagny, üç gezek «Subhanallah» diýerlik pursatdan soň ýapylsa, namaz bozulýar. Örtünmäni hem ýeke eliň bilen etmelidir. Çünki, iki eliň bilen edilen hereketler amaly kesire (uly herekete) girýär we namazy bozýar.
Erkek kişiniň ýüpek matadan tikilen eşik bilen namaz okamagy jaýyz däldir.
Erkek kişiniň başy ýapyk, doly egin-eşikli namaz okamagy mustahapdyr. Emma diňe owrat ýerleri ýapyk şekilde namaz okamak jaýyz hem bolsa mekruhdyr. Çäresiz ýagdaýda welin, kerahat ýokdur. Setri awret hem Halygyň hem mahlugyň hukugydyr. Şol sebäpli özünden başga biriniň ýok ýerinde (hylwatda) hem ynsanyň örtünmegi zerurdyr.
Özüňe seretmegi halal bolmadyk biriniň ýanynda owrat ýeriňi açman nejasetden arassalanmagyň mümkin bolmadyk ýagdaýynda namaz nejasetli okalar. Çünki, owrat ýeriniň açylmagy nehiý (gadagan) edilendir. Nejasetden arassalanmak bolsa emr edilendir. Bir meselede emr bilen nehiý birlikde gelse, nehiýni ýerine ýetirmek gerekdir.
Hapa degen eşik bilen namaz okamak, ýalaňaç okamakdan ewladyr – gowudyr. Çünki, iki sany deň bela uçran kişi ikisinden birini saýlamaga erklidir. Eger ýeňili bar bolsa, onda şony saýlamaly. Muňa dinimizde «ehweni şer» diýilýär. Nejaset bolsa ýalaňaçlykdan ehwendir – ýagşyrakdyr.

4. Istikbaly kybla
Istikbaly kybla – namazy Käbä tarap bakyp okamakdyr.
Kybla diňe Mekgeýi Mükerremedäki daşdan gurlan bina däldir. Şerigata görä kybla – Käbäniň üstünden tä arşa, aşaklygyna bolsa ferşe çenli uzaýan nurdan bolan sütündir. Şol sebäpli, kişi isle, uçaryň üstünde – Käbeden ýokarda bolsun, isle, ýeriň çuňluklarynda – Käbeden aşakda bolsun, bu nurany sütüne ýönelip namazyny okap, istikbaly kybla şertini berjaý eder.
Musulmanlaryň namaz okap durka mabetleriň iň gadymysy we iň mukaddesi bolan Käbä ýönelmegi olaryň agzybirlik ruhuny saklamak, köňüllerini ybadatyň ruhy joşguny we nury bilen aýdyňlatmak ýaly hikmetlere daýanýar. Ähli musulmanlaryň kybla ýönelip ybadat etmegi dil, reňk, millet, jyns tapawudyny aradan aýyryp doly söýginiň we bütindünýä dost-doganlygyň dikeldilmegine wesiledir.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän kişi, ilki töwereginden sorap anyklamalydyr. Başga kişiden sorara ýagdaý bolmasa, özi biljek bolmaly. Soňra Kybla haýsy tarapdadyr diýip karara gelse, şol tarapa bakyp okamaly. Eger-de, ýönelen tarapynyň kybla däldigini namazyndan soň bilse, şol namazyny gaýtadan okamagy gerek däldir. Emma soramaga adam barka, soraman ýalňyş tarapa bakyp okasa, onda şol namazyny gaýtalamalydyr.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyna şübhe edip, soraman-etmän namaza duran kişi, kybla tarap dogry durup okaýanyny namazyny okap durka bilse-de, namazyny täzeden okamaly. Çünki, soňky rekagatlary şübheli okanlarynyň üstüne goşup bilmez. Emma namazyny doly gutarandan soň, dogry durup okandygyny bilse, onda namazyny gaýtalamaly däl. Ymam Ebu Ýusufa görä, bu iki ýagdaýyň ikisinde-de, namazy gaýtadan okamaga zerurlyk ýokdur.
Bir kişi hassalygy sebäpli kybla dönüp bilmese, öwrere-de ýanynda adam ýok bolsa, ýa-da duşmandan, wagşy haýwandan gorkusyna kybla bakyp bilmese, güýjiniň ýa-da mümkinçiligiň bolan tarapyna öwrülip namazyny okap biler.
Ulagda barýana farz namazyny okamak jaýyz däldir. Pygamberimiz ýolagçy wagty, ulagynyň üstünde diňe sünnet we nafile namazlaryny okapdyr.
Gämide ýa-da uçarda namaz okajak kişi ilki kyblany kesgitlemelidir. Onuň islendik tarapyna bakyp namaz okamagy dogry däldir. Namaz okap durka gäminiň ýa-da uçaryň ugry üýtgese, mümkin bolsa, ol hem kybla öwrülip namazyny tamamlamalydyr.
Awtobus, poýezd ýaly ulaglaryň namaz wagtynda durmazlygy kybap bir sebäp bilen namazyny okamaly bolan kişi mümkin bolan tarapa ýönelip namazyny okamaly, ulag haýsy tarapa ugruny üýtgetse-de, ol hiç ýana üýtgemän namazyny okap biler.
Kyblanyň haýsy tarapdadygy barada ihtilaf edilse, her kes özbaşyna namaz okamaly. Jemagat bilen okalan ýagdaýynda, ymamyň duran tarapynyň kybladygyna şübhe edýäniň namazy dürs bolmaz.
Farz we nafile namazlaryny Käbäniň içinde okamak dürsdür we ol ýerde islän tarapyňa bakmak bolýar.
Bir kişi namaz okap durka, hiç sebäpsiz göwresini kybladan öwürse namazy bozulýar. Diňe ýüzüni öwürse namazy bozulmaz, emma mekruh iş etdigi bolar. Onuň derrew kybla tarap öwrülmegi gerekdir. Namaz üçin kybla ýönelen bir kişiniň niýetinde «ýüzüm kybla» diýmegi şert däldir.

5. Wagt
Wagt – bäş wagt namazy öz wagtynyň dowamynda okamak diýmekdir. Wagt girmezden namaz okamak jaýyz däldir. Wagt geçenden soň okalan namazlar eda däl-de, kaza bolar, (ser. «Namaz wagtlary»).

6. Niýet
Niýet – kalbyň bir zada karar etmegi, şol işiň näme üçin edilýändigini oýlanman bilmegi diýmekdir. Namaz barada niýet – diňe Allah ryzasy üçin namaz kylmagy islemek we okaljak namazyň haýsy namazdygyny bilmek, ýürekden duýmak diýmekdir.
Niýet kalba degişli bir işdir. Şeýle-de bolsa, dil bilen hem aýtmagy has fazyletli görlüpdir.
Nafile namazlary üçin wagt bellenmeýär. «Allahyň ryzasy üçin namaz kylmaga niýet etdim» diýmek ýa-da kalbyň bilen niýet etmek ýeterlikdir. Emma bäş wagt namazyň sünnetlerinde «Niýet etdim şu wagtyň ilki sünnetini ýa-da soňky sünnetini» diýmek bolýar. Terawyh namazy üçin bolsa «Terawyh namazyny ýa-da wagtyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmelidir. Yhtyýata laýygy şudur.
Farz namazlarynda bolsa onuň wagtyny anyk aýtmak şertdir. Mysal üçin: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim».
Juma, baýram, jynaza we witir namazlarynda hem farz namazlary ýaly anyk wagt aýtmak gerekdir. Kaza namazlarynda haýsy wagt kaza ediljek bolsa anyk aýdylmalydyr. Bilinmeýän bolsa, mysal üçin: «Iň soňky kaza galan öýle namazyna niýet etdim» diýilmelidir.
Niýetiň iftitah tekbirine ýakyn edilmegi afzaldyr (has fazyletlidir). Niýet bilen tekbiriň arasynda iýmek-içmek, gürlemek ýaly namaza gelişmejek işler etmeli däldir. Tekbir getireniňden soň, edilen niýet bilen namaz sahyh bolmaz. Kabul edilen görüş budur. Başga bir görşe görä bolsa, eger niýet tekbirden soň, subhanekeden we e’uzüden öň edilse, namaz jaýyz bolýar.
Eda niýeti bilen kaza, kaza niýeti bilenem eda jaýyzdyr. Meselem, bir kişi öýle wagty geçen däldir diýip öýle namazyny eda niýeti bilen okasa, soň wagtyň geçendigini bilse, okan namazy öýläniň kazasynyň ýerine geçer.
Jemagat bilen namaz okalan ýagdaýynda, ymama uýýanyň namaza niýet bilen birlikde ymama uýmaga-da niýet etmegi gerekdir. Meselem: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim, uýdum şu ymama» diýilýär.
Bir kişi ymama uýmaga niýet edip, ymam heniz namaza başlamanka, namaza başlaýsa, ol kişi ymama uýan saýylmaz, Hatda «Allahu Ekber» sözüni ymam aýdyp gutarmazyndan öň aýtsa, ýene ymama uýan hasaplanmaz. Şol ýagdaýda ol kişi täzeden tekbir getirip ymama uýmalydyr.
Jemagatyň ymama uýmak niýeti ymamyň «Allahu Ekber» diýip namaza başlamagyndan soň edilmelidir. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä, jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr. Diýmek, niýet ymamyň tekbiriniň öň ýanynda edilmelidir. Şeýle hem, ymam fatihaýy şerifeýi bitirmänkä, tekbir getirip, ymama uýan kişi iftitah tekbiriniň sogabyny alar.
Ymam boljak kişiniň ymamlyga niýet etmegi hökman däldir. Emma özüne aýallar hem uýýan bolsa, onda ymamete niýet etmek gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda ymamyň: «Ene ymamün limen tebianiý» ýagny, «Men maňa uýanlara ymamdyryn» diýmegi ýeterlikdir. Ymam Şafyga görä hem jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr.

Namazyň rükünleri

Namazyň rükünleri, ýagny, içindäki farzlary şulardyr:
1. Iftilah tekbiri
2. Kyýam
3. Kyraet
4. Ruku'
5. Sujud
6. Kadeýi ahyre
Bulardan başga Ebu Ýusuf bilen Ymam Şafygy, Ymam Mälik we Ahmet b. Hanbele görä, namazda ta’dili erkana görä okamak hem farzdyr.

Iftitah tekbiri
Namaza «Allahu Ekber» diýlip başlanýar. Bu tekbire – namaza başlamak tekbiri manysynda – iftitah tekbiri diýilýär. Bu tekbire tahrime hem diýilýär.
Tahrime bir zady haram etmeklige diýilýär. Namaza «Allahu Ekber» bilen başlanandan soň, tä gutarýança, iýmek-içmek, dünýewi gürrüň, amal haram bolýandygy üçin iftitah tekbirine bu at berlipdir. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Namazyň açary tämizlikdir. Tahrimesi bolsa tekbirdir», (Ebu Dawud Tirmizi, Ibni Maje). Başga bir hadysynda: «Allah Tagala doly taharet kylmadygyň, kybla dönüp Allahu Ekber diýmedigiň namazyny kabul etmez» buýurýar, (Ebu Dawud). Ýene Pygamberimiz namazy ýalňyş okan bir sahaba namazy düşündirýärkä: «Namaza duran wagtyň tekbir getir», (Buhary, Müslim) diýipdir.
Hanefi alymlarynyň köpüsine görä, iftitah tekbiri namazyň bir rüküni däl-de, şertidir, emma namazyň rükünleri bilen doly bütewleşensoň, rükün kabul edilmegi has laýyk görlüpdir.
Beýleki üç mezhep ymamlary-da iftitah tekbirini rükün diýip kabul edipdirler.
Tekbir sözi – Allahu Ekberdir. Şeýle hem tagzym manysyndaky şu sözler bilen hem namaza başlamak mümkindir:
Allahul kebir, Allahul azym, Tebarekallah, Elhamdülüllah, Läilähäilallah, Allahümme, Allah...
Bismillah, Estagfirullah, E’uzü billah, Innä lillah we ş.m. sözler bilen namaza başlanmaýar. Çünki, bu sözlerde tagzym manysy ýokdur. Bular doga sözlemleridir. Bir elifi artykmaç aýdyp, Ä:llahu Ekber diýilse, namaza başlandygy bolmaz. Namazyň içinde şeýle diýilmegi sahyh bolan görşe görä, namazy bozýar. Çünki, many üýtgeýär.
Allah ismi jeliliniň elifi uzadylsa, Ä:llah (Allah barmy?) şübhe manysyny berýändigi üçin namazy bozýar. Alymlardan Muhammet ibn Mukatile görä, eger namaz okaýan kişi harplaryň nireden çekilip-çekilmeýändigini bilmeýän bolsa, onuň namazy bozulmaz.
Ymama uýmak üçin iftitah tekbirini kyýamdakaň doly getirmek şertdir. Şonuň üçin ymama ruku’daka uýan kişi «Ekber» sözüni ruku’da aýtsa ymama uýan hasaplanmaz. Ol täzeden dikelip, tekbir getirmelidir. Bu aralykda ruku’ geçirilse, şol rekagat geçirilen hasaplanar we kaza ediler.
Ymama birinji rekagatda ýetişen kişi iftitah tekbiriniň fazyletine ýeter. Birinji rekagatyň ruku’syna sähel gijigip, ymam bilen birlikde ruku’ eden kişi birinji rekagata ýetişen saýylar. Ruku’dan soňa galan bu rekagata ýetişen saýylmaýar.

Kyýam
Kyýam namazda dik durmak diýmekdir. Farz we wajyp namazlarynda kyýamda durmak farzdyr. Şonuň üçin kyýama güýji ýetýän kişiniň oturyp farz we wajyp namazlaryny okamagy jaýyz däldir.
Dik durmaga mejaly bolmadyk uzurly we hassa kişi namazy oturyp okap biler. Bir mütdet dik durmaga güýji ýetýän kişi şol aralyk kyýamda durup, soň oturmalydyr. Hatda diňe iftitah tekbirini kyýamda getirmäge güýji ýetse, tekbiri kyýamda alyp, soň oturmalydyr.
Sünnet we mustahap namazlaryny bir uzur bolsa-bolmasa oturyp okamak hem bolar. Emma afzal bolany kyýamda okamakdyr. Diňe ertir namazynyň sünneti we terawyh namazy farz ýaly okalýar.
Ruku’ we sejde edende ýarasyndan gan akjak bolsa ol kişi namazyny kyýamda ýa-da ýagdaýyna görä oturyp, ima (yşarat) bilen okamalydyr. Namazyny oturyp hem okap bilmeýän kişi arkan ýatan ýerinden ima bilen okamaly. Ol, mümkin bolsa, aýaklaryny kybla tarap öwürmelidir. Hakim bu mesele bilen baglanyşykly, Imrandan (r.a.), şu hadysy rowaýat edýär: «Mende babasyl keseli bardy. Hezreti Pygamberden nädip namaz okamalydygymy soradym. Pygamberimiz:«Dik durup oka. Eger kyn düşse otur, onda-da kyn bolsa, ýaplanyp oka» diýdi. Nesaýyda bu hadysyň dowamyna şu goşulýar: «Eger şonda-da güýjüň ýetmese, arkan ýatyp oka. Allah hiç kime güýjüniň ýetjeginden artykmaç ýük ýüklemez», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi).

Kyraet
Kyraet kyýamdakaň Kurany Kerimden bir mukdar okamakdyr. Her musulmanyň Kurandan namaz okap biljek mukdarda aýaty ýat tutmagy farzy aýndyr. Fatiha we bir suräni ýat tutmak wajyp, Kurany tutuş ýatdan bilmek farzy kifaýedir.
Witir we nafile namazlarynyň ähli rekagatlarynda, iki rekagatly farzlaryň her iki rekagatynda kyraet farzdyr. Ýöne dört we üç rekagatly farz namazlarda diňe ilkinji iki rekagatynda Kuran okamak farzdyr. Şonuň üçin ilkinji rekagatda bilkastlaýyn Kuran okamagy terk etmek mekruhdyr. Undulyp terk edilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Farzlaryň beýleki rekagatlarynda Fatihany okamak wajypdyr.
Namazda Kurandan aýat okamagyň farz mukdary Ymamy Agzama görä kyraet farz bolan her bir rekagatda, aýat gysga hem bolsa, azyndan bir aýat okamak farzdyr. Ymameýne we beýleki üç mezhep ymamyna görä, azyndan üç sany gysga aýat ýa-da üç sany gysga aýat mukdaryndaky uzyn bir aýaty okamak farzdyr.
Ýeke harpdan ýa-da ýeke sözden ybarat bolan aýatlaryň okalmagy sahyh bolan görşe görä ýeterlik däldir. Çünki, bu mukdar kyraet saýylmaz.
Kyraetiň farz edilmegi şu delillere esaslanýar: Allah Tagala şeýle buýurýar: – «Kurandan aňsat düşýän aýatlary okaň» (Müzzemmil, 20) Pygamberimiz hem şeýle buýrupdyr: «Kyraetsiz namaz ýokdur», (Müslim, Ebu Dawud).
Pygamberimiziň: «Fatihany okamaýanyň namazy kabul däldir» (Tirmizi, Darimi) hadysyny Hanefi mujtehidleri «Fatihasyz namazyň fazyleti ýokdur» manysynda düşündiripdirler. Çünki, bu hadys «Mesjide goňşy bolan kişiniň mesjitde okamasa namazy jaýyz bolmaz» (Darakutni) hadysyna meňzeýär. Yslam alymlary bu hadysa daýanyp, mesjide goňşy bolan biriniň özbaşyna öýde okan namazlaryna dürs däl diýip aýtmandyrlar. Belki, onuň namazy jemagatsyz okalany üçin jemagat sogabyndan mahrum galandyr we fazyleti azalandyr.
Bir aýaty jelileden başga aýaty bilmeýän kişi Ymamy Agzama görä, her rekagatda şol aýaty bir gezek okasa bolýar, Ymameýne görä bir rekagatda üç gezek gaýtalamalydyr. Ýöne üç aýaty bilýän biriniň şol bir aýaty üç gezek gaýtalamagy dürs däldir.
Aýatel-Kursi ýaly uzyn bir aýatyň bir bölegini birinji rekagatda, bir bölegini ikinjide okamak sahyh bolan görşe görä ýeterlikdir. Emma mümkin bolan ýagdaýynda muny etmezlik has gowudyr.
Jemagat bilen okalan namazlarda ymama uýan kişi Kuran jehri (sesli) okalan ýagdaýynda ymamyň okaýşyny diňlär, hafi (içiňden) okalýan namazlarda bolsa, hiç zat okaman durar. Çünki, jemagat üçin kyraet farz däldir. Bu meselä delil hökmünde şu aýat getirilýär:
– «Kuran okalan wagty ony diňläň we gürlemäň ki, size merhamet edilsin», (Araf, 204). Pygamberimiz bolsa bu mesele barada şeýle aýdýar:
«Bir kişi ymamyň yzynda namaz okasa, ymamyň okaýşy onuň hem okaýşydyr», (Ibni Maje).
Şafygylarda ymama uýan kişi hem (ymam jehri ýa-da hafi okasyn) Fatihany okar. Mälikiler we hanbelilerde bolsa ymama uýan kişi diňe hafi okalýan namazlarda kyraet eder.

Ruku’
Ruku’ elleriň aýasyny dyzçanaklaryň üstüne goýup egilmekdir. Ruku’da elleriň dyzyňa ýeter ýaly egilmek jaýyzdyr. Sünnete görä, ruku’ şeýle edilýär:
Bedeniň bilden ýokarsyny ýere parallel öňe egmeli. Başyňy dik saklamaly. Aýaklaryňy epmän, elleriňi dyzyňa ýetirmeli we barmaklaryň bilen dyzçanaklaryňy gysymlamaly. Başyň we arkaň düz bolmalydyr. Kyýama ýakyn görnüşde ruku’ etmek sahyh däldir.
Resulullahyň ruku’ edişini Ebu Humeýt şeýle düşündirýär:
«Hezreti Pygaberimiz ruku’ edende ellerini dyzlarynyň üstüne goýanyny gördüm. Ol arkasyny göni saklaýardy», (Buhary, Ebu Dawud). Hezreti Aişe ruku’da başyňy egmek şekilini şeýle habar berýär: «Resulullah ruku’ eden wagty başyny ýokary galdyrmaýardy, aşak hem egmezdi. Iki aralykda arkasy bilen deň tutardy», (Müslim, Ebu Dawud, Ibni Maje).
Aýallar ruku’a doly egilmeli däldir. Ruku’a ýakyn görnüşde egilmekleri ýeterlikdir.
Bili küýki adamlaryň diňe başyny egmegi ýeterlikdir. Oturyp namaz okaýan kişi ruku’ edende, maňlaýy dyzlaryna paralell bolýança bilini egmelidir.
Ymama ruku’da ýetişen kişiniň iki gezek tekbir getirmegi hökman däldir. Ol elini gulagyna ýetirmän diňe Allahu Ekber diýip namaza goşulmaly we derrew ruku’a egilmeli. Bu tekbir hem iftitah hem-de ruku’ tekbiriniň ýerine geçer.
Ymama uýan kişi ymamdan öň ruku’a egilse, ýene ymam ruku’a gitmänkä başyny galdyrsa, bu ruku’ ýeterlik bolmaýar. Ol kişi ymam bilen täzeden ruku’ etmese, onuň namazy bozulýar.
Ruku’daky tesbih:


Subhane rabbiýel-azym.

Sejde
Sejde etmek – burny, maňlaýy, elleri, dyzlary we aýaklary ýere degirmekdir. Sejdäniň manysy baş egmek, tewazug görkezmek diýmekdir. Her rekegatda iki gezek sejde etmek farzdyr.
Sejde we ruku’ halynda durmagyň farz mukdary ruku’ we sejde diýip boljak wagtdyr. Üç gezek tesbih okap boljak wagt durmak farz däldir-de sünnetdir. Bäş ýa-da ýedi gezek okamak mustahapdyr. Namazy ýeke özi okaýan kişi has köp tesbih okap biler. Emma ymam bolan kişi jemagatyň razyçylygyny alman, üçden artyk tesbih okap bilmez. Çünki, jemagaty ýadatmak we namazdan daşlaşdyrmak dogry däldir.
Sejdedäki tesbih:


Subhane rabbiýel-a’la.

Sejdäniň sünnete görä berjaý edilişi şeýledir:
Ilki dyz, soň, el, soň ýüz (alyn we burun) ýere degirilýär. Dyzyň we elleriň ilki sagy, soň soly ýere goýulmalydyr. Aýaklaryň barmaklary göni kybla bakyp, gollaryň bedeniňden daş tutulmalydyr. Barmaklaryň arasy bitişik bolmaly. Baş iki eliň arasynda ýere goýulýar we netijede bedeniň ýedi agzasy bilen sejde edilýär. Munuň delili ibn Abbasdan rowaýat edilen şu hadysdyr:
«Maňa ýedi süňk bilen sejde etmek emr edildi. Bular hem alyn (eli bilen burnuna yşarat etdi), iki el, iki dyz we iki aýakdyr», (Buhary, Müslim, Nesaýy).
Maňlaý degip, burun degmese sejde jaýyzdyr, emma bir uzur ýokka, burny degirmezlik mekruhdyr. Alyn we burnuň ikisi bilen sejde etmek wajypdyr. Alyn ýa-da burunda sejdä päsgel berjek bir uzur bar bolsa, üm (ima) bilen sejde ediler.
Sejdede iki aýagy ýere goýmak farzdyr. Şonuň üçin sejde edilýärkä iki aýagyň barmaklary ýere degmese namaz bozulýar.
Jemagatyň köplügi ýa-da bir uzur sebäpli ýere sejde edip bilmeýän kişi dyzlaryna ýa-da öňdäkiniň arkasyna sejde edip biler.
Sejde edilýän ýer gaty bolmalydyr. Maňlaý degirilende berklik duýulmasa, şol sejde jaýyz bolmaz. Sejde ýeri aýaklaryň duran ýerinden onki barmaga çenli, ýagny bir garyş belentlikde bolsa sejde etmek bolýar.
Her rekagatda iki sejde edilýär. Olardan biri bilkastlaýyn terk edilse namaz bozulýar. Eger undulyp, soň ýada düşse, arada iýip-içmek ýaly namaza gelişmeýän hereketler edilmedik bolsa, şol bada sejde edip we ondan soň soňky oturyşy gaýtalap, sehiw sejdesini etmelidir.
Sejde namazyň iň beýik rükünlerinden biridir. Şonuň üçin yslamda ybadathanalara ybadat edilýän ýer manysynda mesjit ady berlendir. Sejde Allah Tagala görkezilen tewazug we tagzymyň iň görnükli alamatydyr. Bir hadysy şerifde «Guluň Rabbine iň ýakyn bolan haly sejde edýän pursatydyr. Şonuň üçin sejdede köp-köp doga ediň», (Müslim, Nesaýy, Ahmet bin Hanbel, «el-Müsnet»).
Hezreti Pygamberiň azat edeni Sewban hezretleri Resuly Ekrem Serwerimize bir gün şeýle haýyş edýär: «Eý Resulallah, maňa bir amal öwret. Allah Tagala şony edenim üçin meni jennetine salsyn». Resulullah (s.a.w.) bu haýyşa şeýle jogap berýär: «Köp sejde etmäge çalyş. Her eden sejdäň üçin Allah bir dereje beýgelder, bir hataňy bagyşlar» (Müslim).

Ka’deýi Ahyre (soňky oturyş)
Bu namazyň soňky rekagatynda sejdelerden soň teşehhüt mukdary oturmakdyr. Teşehhüt mukdary tahyýýaty okaljak wagt aralygydyr.
Namazda ikinji we dördünji rekagatdan soň, oturmaga – kada diýilýär. Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşa «ka’deýi u’la» diýilýär. Soňky oturyşa «ka’deýi ahyre» diýilýär. Ilkinji oturyş wajyp soňky oturyş farzdyr. Iki rekagat namazlarda birinji oturyş ýokdur.
Soňky oturyşda teşehhüt mukdary oturmagyň farz bolşy şu hadysa daýanýar:
Pygamberimiz Ibni Mesuda teşehhüdi öwreden wagty şeýle buýrupdyr: «Muny aýdan ýa-da eden wagtyň namazyň tamamlanar», (Ebu Dawud Nesaýy). Ýagny, tahyýýaty okan ýa-da oturan wagtyňdan soň namazyň tamamdyr.
Oturyş düzgüni:
Birinji, ýa-da soňky oturyşlarda çep aýagyň gapdala ýatyrylyp, üstünde oturylýar. Sag aýagyň bolsa dik tutulyp barmaklaryň kybla bakdyrylýar. Eliň barmaklary sähel açyk ýagdaýda uýluklaryň üstünde goýulýar, emma dyzlaryňy tutmaly däldir. Göwräni dik tutup, gujaga bakylýar.
Aýallar bolsa iki aýaklaryny hem sag gapdala ýatyryp üstünde oturmalydyr.
Ebu Hanife we Ebu Ýusufa görä, iki, üç ýa-da dört rekagatly namazyň soňunda oturman turulsa, ýene bir rekagat okalyp sejde edilse, bu namaz nafilä öwrülýär. Bu ýagdaýda bir rekagat ýene üstüne goşulyp, jübüt rekagata laýyklanýar we soňunda salam berilýär. Sahyh bolan görşe görä, sehiw sejdesini etmek gerek däl.
Ymam Muhammede görä bolsa, namazda soňky oturyş terk edilip, bir rekagat okalyp sejde edilen ýagdaýynda bu namaz bozulýar, nafile ornuna-da geçmeýär.

Tahyýýat



Tahyýýat – magraj gijesinde Allah Tagala bilen söýgüli Habibi – iň soňky pygamberi, hezreti Muhammediň (s.a.w.) arasynda geçen gürrüňdeşlik bolup, ol sena, doga, selam we şahadat manylaryny öz içine alýan bir jümledir.
Manysy: Ähli dogalar, senalar, bedeni we maly ybadatlar Allaha degişlidir. Eý, Nebi! Allahyň salamy, rahmeti we bereketi saňa bolsun. Allahyň salamy bize we salyh gullara-da bolsun. Şaýatlyk edýärin, Allahdan başga ilah ýokdur we ýene şaýatlyk edýärin Muhammet (s.a.w.) Allahyň guly we resulydyr.

Namazda ta’dili erkan
Ta’dili erkan namazyň rükünlerini, ýagny, kyýam, ruku’ we sejde ýaly her bir rüknüni howlukman doly berjaý etmek diýmekdir. Mysal üçin, ruku’dan turanyňda göwräň doly dikelmelidir. Iň azyndan bir gezek «Subhane rabbiýel-azym» diýerlik pursat dik durup, soň sejde edilmelidir. Her sejde arasynda hem bir tesbih mukdary durmalydyr. Ruku’dan doly dikelmän sejdä barmak, birinji sejdeden soň, doly oturmazdan ikinji sejdä gitmek ta’dili erkana tersdir.
Namazda ta’dili erkana dykgat etmek Ebu Ýusufa, Şafygy, Mäliki we Hanbeli mezheplerine görä, namazyň bir rüknüdir we farzdyr. Bu berjaý edilmedik ýagdaýynda namaz fasid bolar, ony täzeden okamalydyr. Ymam Agzam we Ymam Muhammede görä bolsa wajypdyr. Namazda ta’dili erkan doly berjaý edilmese, sehiw sejdesi gerekdir. Ýöne şeýle okalan namazy täzeden okamak has gowudyr. Şeýlelik bilen ihtilafdan hem halas bolunýar.
Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiziň sagadat asyrynda şeýle bir hadysa bolup geçýär. Ebu Hureýre gürrüň berýär:
«Resuly Ekrem mesjidiň bir gyrasynda otyrdy. Içerik bir adam girdi. Namazyny okady, salam berdi, gelip oturdy. Resulullah salamyny alandan soň oňa: «Git, namazyňy täzeden oka. Seniň okanyň namaz bolmady» diýdi. (Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanýar.) Şol sebäpli Resulullah: «Namaz üçin turan wagtyň ilki doly taharet kyl, soň kybla bakyp tekbir al, soň Kurandan özüňe iň ýeňil düşýänini oka, soňra bedeniňi rahat saklap ruku’ et, soň göwräňi doly dikeldip, kyýamda dur, soň bedeniňi rahat saklap sejde et, soň rahat otur. Muny namazlaryň ählisinde berjaý et» (Müslim) diýdi. Pygamberimiziň namazda iň köp ähmiýet berýäni ruku’ we sejdedir».

Başga bir hadysda: «Ynsan namazyny gowy okap, ruku’ we sejdäni howlukman doly ýerine ýetirse, okan namazy oňa şeýle diýer: «Sen meni nähili goran bolsaň, Allah hem seni şeýle gorasyn», eger başdansowma okap, ruku’ we sejdäni nogsanly etse, onda şeýle diýer: «Sen meni nähili zaýa eden bolsaň, Allah hem seni şeýle etsin».
Başga bir hadysy şerifde namazda huzura we huşug’a ýetmek, ta’dili erkana görä okamak barada şu ölçeg nesihat edilýär: «Namazy okanyňyzda hoşlaşýan ýaly, ýagny, iň soňky namazyňyzy okaýan ýaly, indiki namaza ömrüňiz ýetmejek ýaly okaň».
Musulman namazyny şu ruhda okasa, okan namazyndan, elbetde, uly huzur duýar, ruhy rahatlyk tapar.
Namazy nogsanly okaýan, ta’dili erkany berjaý etmeýän kişilere namaz ogrusy diýilýär. Ebu Said el-Hudri Resuly Ekrem Serwerimizden şu hadysy gürrüň berýär:
«– Ogrularyň arasynda iň erbedi namaz ogrusydyr.
– Bu nähili bolýar, eý, Resulallah?
– Namaz ogrusy namazyň ruku’ny, sejdelerini kemter eder. Ol huşug bilen namaz okamaz», (Ahmet b. Hanbel).

Namazdan öz erkiň bilen çykmak
Namaz okaýan kişiniň öz ygtyýaryna bagly bir iş bilen namazdan çykmagy bir rükün bolany üçin farzdyr. Emma Ymam Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä farz däldir.
Şonuň üçin namazyň soňunda teşehhüt mukdary oturandan soň, bir tarapyna salam berse, gürlese, iýip-içse ittifak bilen namazy tamam bolar.
Pygamberimiz namazlaryny salam berip tamamlaýşy ýaly, salamyň farz däldigini görkezmek üçin teşehhütden soň, dürli amallara meşgul bolardy. Abdullah b. Amr b. Asyň (r.anhuma) habar beren bir hadysynda Resulullah şeýle diýipdir: «Ymam namazyny bitirip oturanda gürlemezden öň tahareti bozulsa, namazy tamam bolar. Şeýle hem ymamyň yzynda duranlaryň-da namazy tamam bolar», (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje). Ibni Abbasyň (r.anhuma) gürrüň beren şu hadysy hem muny goldaýar:
«Resulullah teşehhüt mukdary oturandan soň, ýüzüni bize tarap öwrüp, şeýle diýerdi: «Bir kişiniň teşehhüt mukdary oturandan soň, tahareti bozulsa, onuň namazy tamam bolýar», (Buhary, Nesaýy, Ibni Maje, Ahmet b, Hanbel).
Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, teşehhüt mukdary oturanyňdan soň ygtyýaryna bagly bolmadyk ýagdaýda tahareti bozulan kişiniň, namazy tamam bolýar. Ymamy Agzama görä, namaz tamam bolmaýar. Ol kişi derrew taharet kylyp, öz ygtyýary bilen namazdan çykmalydyr, ýogsa onuň namazy batyl bolar.
Soňky oturyşda teşehhüt mukdary oturanyňdan soň, öz ygtyýaryňa namazdan çykmankaň, namazyň wagty çyksa, ýa-da başga namazyň wagty girse, Ymameýne görä namaz tamamdyr. Ebu Hanifä görä bolsa, kişi öz ygtyýary bilen namazdan çykmany üçin, namazy fasit bolar.
Şafygylara we mälikilere görä, soňky oturyşda namazdan çykmak üçin, birinji salamy bermek farzdyr. Bu birinji salam bilen namaz gutarýar. Hanbeliler bolsa iki tarapa hem salam bermegi farz saýýarlar. Olar bu meselede Pygamberimiziň şu hadysyna esaslanýar:
«Namazyň açary tämizlenmek, başlangyjy tekbir, ahyry salam bilendir», (Ebu Dawud, Tirmizi).
Hanefiler Resululahyň (s.a.w.) namazda teşehhüt mukdary oturandan soň salam bermän jemagata tarap öwrülip gürlemek ýaly başga işler bilen namazyny gutarandygyny bildirendigi barada rowaýatlara esaslanyp salamy farz derejesinde görmändirler. Namazyň soňunda salam bermek wajypdyr, (Ibni Abidin, Zuhaýly, Ibnül Hümam).





Namazyň wajyplary farzlaryň üstüni ýetirýändir. Wajyplary amal etmek bilen nogsanlar aradan aýrylýar. Wajyplardan birini, ýa-da birnäçesini unudyp, terk edeniň üçin, namaz – sahyhdyr – bozulmaz. Ýöne sogaby nogsanly bolar. Bu nogsany aýyrmak üçin namazyň soňunda sehiw sejdesi edilýär. Netijede namaz tamam bolýar, sogaby hem egsilmeýär. Eger wajyplar bilgeşleýin terk edilse, bu tahrimen mekruhdyr. Şeýle namazy täzeden okanyň gowudyr. Bu ýagdaýda sehiw sejdesi namazy tamamlamaga ýeterlik däldir.
Namazyň wajyplary şulardyr:
1. Namaza Allahu Ekber sözi bilen başlamak. Iftitah tekbiri üçin Allah diýmek ýeterlikdir.
2. Namazlarda Fatihaýy şerifäni okamak. Beýleki üç mezhepde Fatiha okamak farzdyr.
3. Fatihadan soň gysga bir sure, ýa-da şoňa deňeçer üç sany gysga aýat, ýa-da uzyn bir aýat okamak. Muňa zammy sure diýilýär. Zammy sure farz namazlarynyň diňe ilkinji iki rekagatynda okalýar. Witir we nafile namazlarynda bolsa, ähli rekagatlarda Fatihadan soň zammy sure okamak wajypdyr. Çünki, nafile namazlarynyň her iki rekagaty öz başyna bir namaz saýylýar. Pygamberimiz: «Fatihasyz we suresiz okalan hiç bir farz ýa-da nafile namazy kanagatlanarlyk däldir» buýrupdyr, (Tirmizi, Ahmet b. Hanbel).
Beýleki mezheplerde zammy sure sünnetdir.
4. Fatihany zammy sureden öň okamak.
5. Namazyň rükünlerini tertibe laýyklykda berjaý etmek, az ýa-da artyk etmezlik.
6. Sejdede maňlaýyň bilen birlikde burnuňy ýere degirmek.
7. Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşy etmek.
8. Üç ýa-da dört rekagatly farz namazlary bilen witir we öýle namazynyň ilkinji sünnetinde ikinji rekagatdan soň tahyýýaty okap, göni üçünji rekagata turmak wajypdyr. Tahyýýatdan soň bir rükün eda etjek pursat ara beren kişä sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, teşehhüdi uzaltmak bilen farz gijikdirilýär. Bir rükün eda etjek pursat bolsa «Allahümme salli ala Muhammet» diýmäge ýeterlik pursatdyr.
9. Namazlaryň ilkinji we soňky oturyşlarynda tahyýýaty okamak.
10. Namazyň wajyplaryndan her birini ýerli-erinde doly berjaý etmek. Olar terk edilmeli ýa-da gijikdirilmeli däldir. Farzlary-da gijikdirmezlik wajypdyr. Meselem, kyýamda Kuran okap bolanyňdan soň eglenmän göni ruku’a egilmelidir. Eglenilse farz bolan ruku’ gijikdirildigi bolar. Şonuň üçin farzlar gijikdirilse, wajyp terk edilse, ýa-da gijikdirilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir.
11. Özbaşdak namaz okaýan kişiniň öýle we ikindi namazlarynda hafi (içinden) okamagy wajypdyr. Gündiz okaljak nafile namazlarda hem kyraet hafi okalýar.
Ertir, agşam, ýassy we gije okalýan nafile namazlary bolsa jehri (sesli) okalsa-da bolýar.
12. Jemagat bilen okalan namazlardan ertir, baýram, juma, terawyh we witir namazlarynyň her rekagatynda, agşam we ýassy namazlarynyň ilkinji iki rekagatynda ymamyň jehri, beýlekilerde bolsa hafi kyraet etmegi wajypdyr.
13. Ymama uýan kişiniň Fatiha we sure okaman durmagy, ymamy diňlemegi wajypdyr. Ol diňe ruku’ aralaryndaky tesbih we dogalary öz başyna içinden okamalydyr.
14. Ymamyň iftitah tekbirini sesli aýtmagy wajypdyr. Özbaşdak okaýanlar ýa-da ymama uýanlar içinden aýtmalydyr.
15. Witir namazlarynda kunut dogasyny okamak we kunut tekbirini aýtmak. Jemagat bilen okalanda kunut dogalaryny hem ymam, hem jemagat içinden okamaly.
16. Namazyň içiňden okalýan sejde aýatyndan soň, tilawet sejdesine barmak.
17. Namazda ta’dili erkana riaýet etmek Ymamy Agzam we Ymam Muhammede görä wajypdyr.
18. Baýram namazlarynda üç gezek zyýada tekbirlerini aýtmak wajypdyr. Baýram namazlarynyň ikinji rekagatyndaky ruku’ tekbiri hem wajypdyr.
19. Namazlaryň soňunda ilki saga, soň sol tarapa öwrülip: «Es-selam» diýmek wajypdyr. Çünki, bu salam bilen namaz gutarýar. «Esselamu aleýkum we rahmetullah» diýmek sünnetdir.
Başga bir görşe görä, diňe sag tarapa salam bermek wajypdyr, sol tarapa salam bermek sünnetdir. Çünki, namazdan çykmak üçin diňe bir tarapyňa salam bermek ýeterlikdir. Şonuň üçin bir tarapyňa salam bereniňden soň, ymama-da uýulmaýar.
20. Ýalňyşyp, ýa-da unudyp terk edilen wajyplardan soň, sehiw sejdesini etmek wajypdyr.







Namazyň sünnetlerini berjaý eden kişi iň kämil manyda namaz okar we has köp sogap gazanyp, Pygamberimiziň şefagatyna ýeter. Çünki, sünnetler Pygambere bolan söýginiň bir alamatydyr. Namazyň wajyplary nähili farzlaryň üstüni ýetirýän bolsa, sünnetler hem wajyplaryň üstüni ýetirýär.

Namazyň sünnetlerini bilgeşleýin ýa-da unudyp terk etmek namazy bozmaz, beýle ýagdaýda sehiw sejdesi hem gerek bolmaz. Ýöne magnewi mahrumlyga sebäp bolar. Allah gorasyn! Sünnetleri äsgermezlik we inkär etmek, kişini imansyzlyga eltip biler. Çünki, sünnet diniň hökümlerinden we esaslaryndan biridir.

Namazdan öňki we namazyň içindäki sünnetler şulardyr:
1. Bäş wagt namaz we juma namazy üçin azan aýtmak we kamat getirmek.
Jemagat bolup okaljak kaza namazy üçin hem azan we kamat getirmek sünnetdir. Öýünde ýeke özi namaz okaýan erkek kişiler üçin azan we kamat mustahapdyr. Aýallara azan we kamat getirmek gerekmez.
2. Namazda niýeti iftitah tekbirine ýakyn almak. Kalp bilen edilen niýeti dil bilen gaýtalamak.
3. Iftitah tekbirini aýdanyňda elleriňi ýokaryk galdyrmak. Erkek kişiler elleriniň başam barmagyny gulaklarynyň ýumşak ýerine, aýallar bolsa barmaklarynyň ujuny omuzlarynyň deňine çenli ýetirip, barmaklaryny açyp, aýalaryny kybla öwrüp: «Allahu Ekber» diýýärler.
Bu hereketi käbir alymlar towhyda yşarat diýip düşündirse, käbirleri dünýä işlerini arkada goýdum, bütin ruhum we bedenim bilen Allaha ýöneldim diýen yşaratyň bardygyny aýdýarlar.
Hezreti Omaryň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Namaza başlanyňda elleriňi götermek namazyň zynatydyr. Her götereniňde on sogap bardyr, ýagny, her barmaga bir sogap düşer» diýipdir. Bu hadysa esaslanyp, şafygylar we hanbeliler her ruku’a eglenlerinde we dikelenlerinde ellerini ýokaryk göterýärler.
4. Iftitah tekbirinden soň elleriňi gowşurmak. Erkek kişiler göbekleriniň, aýallar bolsa, göwüsleriniň üstünde ellerini gowşurýarlar. Erkek kişiler çep eliniň goşarynyň daşyndan sag eliniň başam barmagy bilen külbikesini aýlap, galan üç barmagyny hem üstünde goýup, ellerini gowşurýarlar. Aýallar bolsa halka etmän, sag ellerini çep elleriniň üstünde goýýarlar.
5. Eller gowşurylandan soň, Subhanekäni okamak, soň Fatihany başlamankaň e’uzü-besmele aýtmak. Beýleki rekagatlaryň başynda diňe besmele aýtmak sünnetdir.
6. Subhanekäni we e’uzü-besmeläni hafi okamak.
Zammy suräniň başynda besmele aýdylmaýar. Diňe Ymamy Muhammet hafi kyraet bilen okalan namazlarda Fatihadan soň, okaljak süräniň başynda besmele aýtmagy jaýyz görýär.
7. Fatiha okalandan soň, içiňden «Ämin» diýmek sünnetdir.Ebu Hureýräniň gürrüň bermegine görä, Resulullah (s.a.w.): «Ymam «Ämin» diýen wagty siz hem «Ämin» diýiň. Çünki, kimiň diýen «Ämini» melekleriň diýjek «Äminine» gabat gelse, onuň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir.
8. Ruku’a eglen wagtyň «Allahu Ekber» diýmek.
9. Ruku’da üç gezek Subhane rabbiýel-azym» diýmek. Bu bäş ýa-da ýedi gezek hem diýilýär.
10. Ruku’dan dikeleniňde Semi’allahu limen hamideh» diýmek.
11. Munuň yzyndan «Rabbenä lekel-hamd» diýmek.
12. Kyýamda uzury ýok bolsa, aýaklarynyň arasyny dört barmak açmak. Çünki, bu ýagdaý huşu’a has ýakyndyr. Şafygylara görä, iki aýak arasy bir garyş çemesi açylýar.
13. Ruku’da dyzlary tutanyňda barmaklaryň arasyny açmak. Aýallar ellerini dyzlaryna ýetirmeli däldir.
14. Ruku’da dyzlary epmezlik, arkaňy, başyňy göni tutmak. Aýallar ruku’da dyzlaryny epip, çala egilmelidir.
15. Sejdä baranyňda ýere ilki dyzyňy, soňra elleriňi, soňra ýüzüňi goýmak. Sejdeden galanyňda ilki ýüzüňi, soňra elleriňi, soňra dyzyňy ýerden götermek.
16. Sejdä baranyňda we turanyňda «Allahu Ekber» diýmek. Ruku’a we sejdä barlanda we dikelinende getirilýän bu tekbirlere intikal (geçiş) tekbirleri diýilýär. Bulary öz ýerinde we wagtynda etmelidir. Meselem: sejdä baranyňdan soň, tekbir aýtmak dogry däldir.
17. Sejdede ýüzüňi iki eliň arasynda goýmak. Eller ýüzden öňde ýa-da yzda bolmaly däldir. Eliň aýasy ýere doly degmelidir we barmaklaryň arasy bitişik bolmalydyr.
18. Sejdede üç gezek«Subhane rabbiýel-a’la» diýmek. Muny bäş ýa-da ýedi gezek hem aýtmak bolýar.
19. Sejdedekäň garnyňy uýlukdan, elleriňi göwräňden, goşaryňy ýerden daş saklamak.
Aýallar bolsa sejdede goşarlaryny ýere degirýärler we tirseklerini göwrelerine ýakyn tutýarlar, garynlaryny hem uýluklaryna degirýärler.
20. Birinji we soňky oturyşlarda sejde arasynda oturanyňda elleri kybla bakdyryp, uýluklaryň üstüne goýmak.
21. Oturanlarynda sol aýagyňy ýatyryp, üstünde oturmak, sag aýagyňy barmaklaryny Kybla bakdyryp, dik saklamak. Aýallar iki aýagyny hem saga ýatyryp oturýarlar.
22. Tahyýýaty içiňden okamak.
23. Soňky oturyşda tahyýýatdan soň, salawatlary, Allahümmagfirli we Rabbenä ätinä dogalaryny okmak.
24. Gaýry muekked sünnetleriň (ikindi we ýassynyň ilkinji sünnetleri ) birinji oturylyşynda tahyýýatdan soň salawatlary okamak. Terawyhda her oturyşda tahhyýat bilen salawatlar okalýar.
25. Namazdan soň ýüzüňi ilki sag soňra sol egniňe öwrüp salam bermek.
Ýeke özi namaz okaýan kişi salam berende, kiramen kätibin meleklerini göz öňünde tutýar. Jemagat bilen okaýanlar bolsa, melekleri, jemagaty we ymamy göz öňünde tutup, salam berýärler.
26. Ymama soň ýetişen kişiniň okamadyk rekagatlaryny tamamlamak üçin ymamyň soluna salam bermegine garaşmagy.
27. Öňi açyk meýidanda namaz okalanda sütre edinmek.

Namazda sütre edinmek
Sütre – öňi açyk ýerde namaz okaýan kişiniň öňünden geçenden penalanmak üçin goýýan bir zadydyr. Sütre iň azyndan bir arşyn (68-70 sm.) beýiklikde bolmalydyr. Sütre agaç, sütün, taýak, oturgyç we ş.m. zatlar bolup biler. Hadysy şerifde bir ok hem bolsa, sütre goýulmagyny emr edilipdir. Eger-de taýagy ýere dikmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda uzynlygyna ýatyrmak hem bolýar. Eger sütre edere zat tapylmasa, namaz okaýan kişi öňüne uzynlygyna ýa-da ýaý görnüşinde bir çyzyk çekse-de bolýar. Eger ýere namazlyk ýazylsa, onda sütre goýulmasa-da bolýar. Çünki, ol ýere çyzylan çyzygyň ornuny tutup bilýär. Erkek kişiler öňünden geçýäni habardar etmek üçin sesini gataldyp bilýär, ýa-da «Subhanallah» diýse-de bolýar. Namaz okaýanyň öňünden geçilmegi onuň namazyna zyýan bermez, emma geçen kişi günäkär bolar. Namaz jemagat bilen okalan ýagdaýynda diňe ymamyň öňüne sütre goýmak ýeterlikdir.


.





1. Namazda bedeni hem ruhy taýdan huzur we haş’etde bolmak. Hadysda: «Namazyň kämili diňe kalp huzury bilen okalanydyr» diýilýär. Şonuň üçin namazda huşug we huzur içinde bolan bir mü’miniň ebedi sagadata we bagta ýetjegi Kurany Kerimde şeýle buşlanýar:
«Namazyny haş’et içinde okan mü’min felaha ýeter», (Mü’minun, 1-2).
2. Namaza öňi açyk eşik bilen durmazlyk. Mümkin bolsa ilikleriňi ildirmek.
3. Namaz okanyňda kyýamda sejde etjek ýeriňe, ruku’da aýaklaryňa, sejde-de burnuň ujuna, oturanyňda gujagyňa, salam bereniňde eginleriňe seretmek.
4. Namazda üsgürmegi ýa-da sesli gägirmegi başardygyňça etmejek bolmaly.
5. Namazda pallanyňda agzyňy tutmak hem adapdandyr. Pallamazlyk üçin dodaklaryňy dişlemeli, şonda-da başarmasaň, sag eliň arkasy bilen agzyň öňüni ýapmalydyr. Hadysy şerifde: «Allah Tagala asgyrmagy gowy görýär, pallamagy bolsa halaýan däldir. Mümkin boldugyça, namazda pallamajak bolmalydyr» diýilýär.
6. Ruku’ we sejdede aýdylýan tesbihleri özbaşdak okanyňda üç gezekden köp aýtmak.
7. Kamat getirilende «Haýýe alel-felah» diýlende ymam bilen birlikde ör turmaly. Ymam Züfere görä, «Haýýe ales-salah» diýlende ör turulmaly.
8. «Kad kamatis-salah» diýlende, ymamyň namaza başlamagy müezzini tassyklamakdyr. Munuň bilen birlikde kamat gutarandan soň hem namaza başlansa zeleli ýokdur. Ymam Ebu Ýusuf bilen beýleki üç mezhep ymamyna görä, şeýle etmek has laýygydyr.
9. Bir namazy okap gutaranyňdan soň, indiki namazy okamagy arzuw edip garaşmak.
10. Namazdan soň tesbihleri aýtmak, jemagat bilen goşulyşyp doga etmek. Bulary terk etmezlik afzaldyr.
11. Her namazdan soň Kuran okamak.
12. Öýde, iş ýeriňde namazy kynçylyksyz okar ýaly çäreleri öňünden görmek.






Namazyň wajyplaryndan islendik birini bilip berjaý etmezlik tahrimen mekruhdyr. Sünnet ýa-da adabyndan birini etmezlik mekruh bolsa-da, harama ýakyn däldir.
Bu umumy kesgitlemeden soň namazyň mekruhlaryny sanalyň.
1. Namazda bedeniň ýa-da eşigiň bilen güýmenmek. Salkynlamak maksady bilen ýelpenmek.
2. Taharetiň gyssaýan, ýa-da nahar taýýar wagty namaza durmak. Çünki, bular kalp we ünsüňi böler.
3. Namazda barmaklaryňy şyrkyldatmak ýa-da oýnamak.
Pygamberimiz: «Mesjitdekäňiz barmaklaryňyzy bir-biriniň içinden geçirmäň. Çünki, şeýle hereket şeýtandandyr. Musulman kişi mesjitden çykýança namazdadyr» diýipdir, (Şewkany).
4. Namazda pallamak, gerinmek.
5. Göwräňi kybladan öwürmän ýüzüňi gapdalyňa sowmak. Göwre kybladan öwrülse namaz bozular.
6. Erkek kişileriň sejde eden wagty gollaryny ýere degirmegi.
7. Sejdä eglen wagtyň öňüňden ýa-da arkaňdan eşigiňi çekmek.
8. Hapa ýa-da başganyň ýanynda görnüp bolmajak eşik bilen namaza durmak. Öýde geýilýän eşikler bilen namaz okamak jaýyzdyr.
9. Köýnegiň ýeňini çermäp namaza durmak.
10. Kyraeti doly gutarman ruku’a egilmek.
11. Ikinji rekagatda ilkinji rekagatda okan süräň ýa-da aýatyň öňündäki süräni ýa-da aýaty okamak.
12. Birinji we ikinji rekagatda okan iki suräniň arasynda diňe bir sure goýup geçmek. Mysal üçin birinji rekagatda Fil suresini, ikinji rekagatda Maun suresini okamak. Arada diňe Kureýş suresi galýar. Kerahatdan gutulmak üçin, eger yzly-yzyna okamajak bolsaň, arada iň azyndan iki sure goýulmalydyr.
13. Her namazyň birinji rekagaty ikinjiden, üçünji rekagaty dördünjiden uzyn bolmalydyr.
14. Iki rekagatda-da şol bir süräni gaýtalamak. Eger bilýäniň ýeke sure bolsa, mekruh bolmaz. Nafile namazlarda şol bir suräni gaýtalamakda kerahat ýokdur.
15. Namazda gözüňi ýummak ýa-da asmana dikmek. Ýöne huşuga zyýan ýetirjek, ünsüňi böljek bir zady görmejek bolup gözleriňi ýummak seretmekden ýagşydyr.
16. Namazda gaşanmak, deriňi sylmak. Eger-de bulary etmeseň, pikiriň bölünjek bolsa jaýyzdyr. Bir rekagatda üç gezek şol bir hereketi gaýtalamak amaly kesir saýylýar. Bu bolsa namazy bozýar.
17. Janly zadyň suratyna tarap sejde etmek. Janly zadyň suratynyň namaz okaýan ýeriňde bolmagy.
Ebu Talhanyň Pygamberimizden gürrüň bermegine görä: «Melekler içinde it ýa-da surat we heýkel bolan öýe girmez», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud). Eger-de surat namaza duranyň ünsüni bölmejek derejede kiçi bolsa zyýany ýokdur. Şeýle hem ýadygärlik uly suratlary kybla tarapdan asmaly däldir.
18. Ýüzünde janly zadyň suraty bolan eşikli namaza durmak.
19. Bir uzur ýokka, sejde edeniňde diňe maňlaýyňy degrip oňmak.
20. Gatnawly ýolda, gonamçylykda, hammamda, hapa dökülen ýerde, haýwanyň damagynyň çalnan ýerinde (mezbahada), mal agyllarynda, Käbäniň üstünde namaza durmak.
Hanefilere görä, gonamçylykda mazar arka tarapyňda bolsa, namaz okamak mekruh däldir.
21. Mesjitde öň hatarda ýer barka, yzky hatarda durmak.
22. Ýanyp duran oda tarap bakyp namaz okamak. Şeme, çyra bakyp namaz okamakda kerahat ýokdur.
23. Başyňy örtere zat barka-da, ýaltalyk edip örtmedik ýagdaýyňda başyň açyk namaz okamak.
Namazda başyňa geýen gabyň üstünden selle oramak sünnetdir. Pygamberimiz: «Selleli okalan namaz sellesiz okalan namazdan ýetmiş esse sogaplydyr» (Taj) diýipdir. Käbir alymlara görä, başyň gaply namaz okamak hem selläniň ýerini tutýar.
24. Namazyň içindäki aýatlary, ruku’ we sejdelerde okalýan tesbihleri el bilen sanamak.
25. Öňüňden adam geçjek ýerde namaza durup, sütre goýmazlyk.
26. Sejdä baranyňda uzursyz halda elleriňi dyzlaryňdan öňürti ýerde goýmak, turanyňda hem dyzlaryňy elleriňden öňürti ýerden galdyrmak, ýa-da elleriňe direnip turmak.
27. Ruku’ we sejdede tesbihleri üçden az aýtmak.
28. Zerurlyk ýokka, eliňe ýa-da arkaňa çaga alyp namaza durmak.
29. Zerurlyk ýokka, erkek kişileriň ýüpek eşikli namaz okamagy.
Ýüpek namazlygyň üstünde namaz okamak bolýar.
30. Ýeke aýagyňa direnip, beýleki aýagyňy boş saklap namaz okamak ýa-da bir aýagyňy ýerden ýokaryk galdyrmak.

Namazda mekruh bolmaýan zatlar
1. Ýüzi suratly matanyň üstünde namaza durulsa, surat aýagyň aşagynda bolup, sejde ýerine düşmese;
2. Namazda ýylan, içýan öldürmek; Emma bu iş amaly kesirdir, eger göwre kybladan öwrülse namaz bozulýar.
3. Ýüzüňi öwürmän, gözüň bilen saga-sola seretmek;
4. Meýdanda namaz okan wagtyň sejde etjek ýeriňden ünsüňi sowjak zatlary aýyrmak.







Namazyň rükünlerinden ýa-da şertlerinden biri kem bolan ýagdaýynda namaz bozulýar. Rükünleriň we şertleriň kemliginden başga-da, saklanylmaly käbir hereketler bardyr:

1. Namazda gürlemek; isle ýalňyşyp, isle unudyp, isle uklap, az-u-köp her hili gürlemek;
2. Namazda iýip-içmek; künji dänesi ýaly sähelçe zat hem bolsa agza salyp ýuwutmak; dişleriň arasynda galan nohut ululygyndaky nahar galyndysyny ýuwutmak; sakgyç çeýnemek;
3. Özüň eşitjek derejede gülmek.
Ýanyňdakylar eşitjek derejede gülmek namaz bilen birlikde tahareti hem bozýar. Ýöne ýylgyrmakdan namaza hem, taharete hem zyýan ýetmez.
4. Göwräňi kybladan öwürmek.
5. Namazdakaň başganyň salamyny almak ýa-da salam bermek. Ýalňyşyp edilse zyýany ýok.
6. Namazda amaly kesir etmek. Mysal üçin, darak bilen saçyňy daramak.
7. Üsgüresiň gelmese-de, zor edip üsgürmek, ardynjyramak;
8. Birine jogap maksady bilen aýat okamak.
9. Teýemmümli kişi namaz okap durka, suwuň tapylmagy.
10. Ertir namazyny okap durkaň Günüň dogmagy. Käbir alymlara görä, Günüň dogmagy bilen namaz bozulmaz-da nafilä öwrüler. Ertir namazy kaza galar.
Ymam Şafyga görä, ertir namazy okalyp durka, Gün dogsa-da, okalan namaz sahyhdyr, fasid bolmaz.
11. Mesiniň üstüne edilen meshiň möhletiniň gutarmagy.
12. Erkek bilen aýalyň bir sapda arada boşluk goýman ýa-da aýalyň öňde durmagy;
Erkek bilen aýalyň bir hatarda durup şol bir namazy okamaklary ýa-da ikisiniň-de bir ymama uýmaklary diňe erkek kişiniň namazyny bozýar. Bir hatarda durup, aýalyň erkege uýan halynda ikisiniň-de namazy bozulýar.
13. Namazda zammy süräni Kuranyň ýüzünden okamak.
14. Ymama uýan bir kişiniň namazyň rüknüni ymamdan öň etmegi. Meselem, ymamdan öň ruku’a egilmek.
15. Namazda taharetiň bozulmagy.
16. Namaz gutarmanka salam bermek.
Dört rekagatly namazda bilmän iki rekagatdyr öýdüp birinji oturyşyň soňunda salam beren kişiniň namazy bozulýar. Mysal üçin, ýassynyň farzyny terawyh, öýläniň farzyny juma ýa-da ertir namazydyr öýdüp salam bermek ýaly. Ýöne namazyň dört rekagatlydygyny we haýsy namazdygyny bilseň hem ýalňyşyp birinji oturyşda salam berseň namazyň bozulmaz. Bu ýagdaýda salamdan soň amaly kesir etmän, ýa-da gürlemän namazyň yzyny okap tamamlamalydyr. Gijikdirendigiň sebäpli soňunda sehiw sejdesini etmelisiň.
17. Aýatyň ýalňyş okalyp, manysynyň bozulmagy. Muňa zelletül kari ýagny, okaýyşda hata etmek diýilýär.

Zelletül kari
Namazda kyraet edeniňde her rekagatda okalýan Fatiha suresi we yzyndan goşulýan suredir aýatlar gowy bilinmeli we ünsli okalmalydyr. Kuran okanyňda dürli sebäp bilen ýalňyşlyk goýberilip bilner. Bu ýalňyşlyklara fykyh dilinde «zelletül kari» diýilýär. Arap dilini bilmeýänler harplary aýtmakda we herekede hata goýberip biler. Şonuň üçin alymlar okaýyşda goýberilýän ýalňyşlyklaryň kyraet şertiniň ýerine ýetirilişine, we namazyň dürslügine täsir edýändigi üçin käbir düzgünler goýupdyr. Bu düzgünler manynyň bozulmazlygyny, üýtgedilen sözüň Kuranda bolup-bolmaýandygyny, şeýle hem arapça bilmeýänleriň dil bilmezlikden goýberýän ýalňyşlyklaryny göz öňünde tutýar. Goýberilýän ýalňyşlyklardan has ýygy duş gelinýänleri barada durup geçeliň.
1. Namazyň rükünlerinden biri bolan kyraet berjaý edilende, Kurany Kerimiň bir sözi bilgeşleýin üýtgedilip, netijede many bozulsa, namaz hem bozulýar. Eger bilgeşleýin edilmän, ýalňyşylsa, üýtgedilen söz Kuranyň sözlerinden bolup, many üýtgemese, namaz bozulmaýar. Emma many üýtgese, ýa-da şol söz Kuranda ýok bolsa, namaz bozulýar.
2. Bir harpyň ýerine başga harp okamak. Meselem, «sin» we «sad» harpy ýaly, mahraçlary (aýdylyşy) biri-birine ýakyn harplar çalşyrylsa, namaz bozulmaýar. «Allahus-samed» ýerine «Allahüs-semed» , «Allahu ahad» ýerine «Allahu ahat» diýmek ýaly. Emma bular bilgeşleýin çalşyrylsa, namaz bozulýar.
Mahraçlaryny tapawutlandyrmak ýeňil harplaryň ýerini çalyşmak namazy bozýar.
3. Mahraçlary biri-birine ýakyn bolsa-da, aýtmagy kyn bolan harplaryň bulaşdyrylmasy, fakyhlaryň aglabasyna görä namazy bozmaýar.
Meselem: «dat» harpynyň ýerine «dal» «zel» ýa-da «zy» harpynyň okalmagy.
4. Teşditli harpy teşditsiz, ýa-da teşditsiz harpy teşditli, uzyn okalmaly ýerde gysga, gysga okalmaly ýerde uzyn, idgam edilmeli ýerde idgamsyz, ýa-da idgam edilmeli däl ýerde idgam edip okamak nama zy bozmaýar. Mysal üçin: «Iýýäke» sözüni teşditsiz «Iýäke» okamak.
5. Sözüň bir bölegini unutmak, ýa-da demi ýetmezlik, ýa-da düwünmek sebäpli bölünip okalsa, many üýtgese-de namaz bozulmaz. Çünki, munda zerurlyk bardyr. Mysal üçin: «el...» diýip duranyňdan soň «hamdu» diýmek, ýa-da başga söze geçip gitmek.
6. Eger aýatda bir harp goşulsa, many üýtgese namaz bozulýar. Meselem: «Allahu Ekber» sözüniň başyna «elif» harpyny goşup , "Allahu ekber" uzaldyp okalsa, many bozulýar. Eger «elif» harpy goşulyp, uzaldylsa «Allah beýikmi?» diýen many çykýar.
7. Many bozulmaýan ýagdaýynda sözleriň ýerini çalyşmak namazy bozmaýar.
8. Uly ýalňyşlyk goýberilip, soň ol düzedilip okalsa namaz dürsdür. Ýöne düzedilmese, many üýtgese, namaz bozulýar.
9. Kyraet wagtynda birnäçe aýaty okaman geçmek namazy bozmaýar.
10. I’rap taýyndan edilen ýalňyşlyklar, ýagny, harplaryň herekeleriniň üýtgedilmegi manyny üýtgetse-de, namazy bozmaýar. Çünki, arap dilini bilmeýän köp kişi muny anyklap bilmeýär. Emma arap dilini bilýän biriniň goýberen ýalňyşy manyny üýtgetse, namaz bozulýar.
Mysal üçin: «Ibrahime» sözüni «Ibrahimu» «Rabbuhu» sözüni «Rabbehu» diýip okamak.
11. Bir sözüň soňky harpyny beýleki söze birikdirmek namazy bozmaýar. «Iýýäke na’budu» ýerine «Iýýä kena’budu» diýmek. Ýöne muny etmejek bolmalydyr.
12. Rahmet aýatyny azap aýaty bilen bitirmek, ýa-da tersine azap aýatyny rahmet aýaty bilen bitirmek, namazy bozýar.
13. Sakaw adamyň harplary aýdyp bilmezligi namazyna zyýan bermez. Ýöne, ýagdaýyny düzetmäge gaýrat etmelidir.
14. Allah Tagalany magtaýan bir söz başga öwgüli söz bilen üýtgedilse, namaz bozulmaz. Şonda-da beýle etmek jaýyz görülmeýär.
Şafygy we Hanbelilere görä, Fatihadan başga okaýyşlarda bilgeşleýin hata edilmese, namaz bozulmaz. Ýöne Fatihany ýalňyşsyz öwrenip okamak hökmandyr.

7
95
Babu.
08.06.2022 00:25
104
Babu.
07.06.2022 15:56

66
Babu.
06.06.2022 00:54
35
Babu.
05.06.2022 00:25

50
Babu.
04.06.2022 02:43
66
Babu.
03.06.2022 10:12
43
Babu.
02.06.2022 10:29
73
Babu.
01.06.2022 23:15
104