Azik
01.07.2023 00:43

Biri öz goñşysynyñ ogrylygy hakynda ýalan söz ýaýradýar. Ol gep hemme ýere ýaýrandan soñ ol goñşysyny tusag edýärler. Aradan köp wagt geçmän onyñ ýalan gepligini bilip, ony boşadýarlar we ýañky gep ýaýradan adamy tusag edip, sud zalyna getirýärler. Ondan näme üçin beýle ýalan gepi ýaýradanyny sorapdyrlar, ol bolsa " -men bu gepleri ýöne aýdypdym, meniñ ýaman niýetim bolmady" diýipdirde, goñşysyndan bagyşlamagyny sorapdyr.

Sudýa oña kagyz bilen ruçka berip şol goñşyñ hakynda nähili pikiriñ bolsa ýaz we ony öýüñe baryp otyrkañ maşynyñ aýnasyndan kagyzy maýda böleklere bölüp, zyñyp göýber diyipdirde, sudyñ ertir dowam etjegini aýdypdyr. Ertesi gün hemme sud zalyna ýygnalandan soñ, günäkärden düýnki aýdanlarymy etdiñmi diýip sorapdyr. Tussag oña hemme zady aýdylşy ýaly edenini aýdypdyr. Sudýa oña indi maña şo kagyzlary ýygnap getirip ber diýipdir, muña geñ galan tussag " -men ol kagyzlary nirden gözläýin, ol kagyzlar şemal bilen uçup gitdi ahyry diýipdir". Sudýa oña şeýle diýipdir, "- agyzdan çykýan her bir söz hem edil şeýle, ony ile ýaýradan soñ ony yzyna alyp bolmaýar, agyzdan çykýan her bir sözi oýlanyp geplemeseñ, şol oýlanman aýdan sözüñiñ tussagyna aýlanmagyñ mümkin" diýipdir.



Abaý Kunanbaýew

16
102
Azik
02.06.2023 12:03
Ýalan dos kölege ýaly, gün düšse gaçyp gutulyp bilmeýäñ, bulut gelende gözläp tapyp bilmeýän.

Abaý Kunanbaýew
11
65
Azik
01.06.2023 13:03
Toýdan soñ dörän söýgi
3-nji bölüm
Aradan 4 aý geçdi. Oraz kakasy bilen maşynda gelýärkä, ýol heläkçigine duçar bolýar. Oraz gözüni açanda keselhanada ýatyrdy. Ol derrew kakasyn sorap başlaýar:
- kakam nirde, onyñ jany sagmy!?
Lukman: -yzy ýarasyn, kakañy diri alyp galyp bilmedik.
Oraz: -ýok, beýle zat bolup bilmez diýip, ýerinden turjak bolanda, aýagyny duýmaýanyny bilýär. Ol lukmana seredip: -lukman men näme üçin aýaklarymy duýamok!?
Lukman: -siziñ aýagyñyza uly zeper ýetipdir, gynansakda siz indi ýöräp bilmeýäñiz.
Oraz: -maña turmaga kömek ediñ, kakamyñ jenazasyna baraýyn!?
Lukman: -size turmak mümkin däl.
Oraz: -ýok, men soñky gezek kakamy göreýin diýip gygyryp başlady. Lukmanlar oña uklatýan derman saldylar.
Birnäçe günlerden soñ Oraz keselhanadan öýlerine geldi. Indi ol kalýaskadady (inwolitler üçin niýetlenen araba), ol kolýaska zordan örenişipdi. Ol kakasynyñ ölüminde özüni günäkärleýädi, onyñ ýerine men ölsem bolýamy diýip gijelerine aglap çykýardy. Ikinji aýaly bolsa ony taşlap gidipdi. Bu zatlar Oraza gaty agyr degdi, indi ejesi ikisi galypdy.
Bu wagtlar Halbibi agasynyñ ýanyna şähere gelip, öz arzuw eden tikin sehini açyp işläp ýördi. Halbibi Orazyñ maşgalasyndaky bolan zatlardan habary bardy.
Bir gün Halbibi magazinde aýlanyp ýörende, Oraz bilen ejesin görüp galýar. Oraz kolýaskada-dy muny gören Halbibi gaty gynandy. Halbibi olaryñ ýanyna baryp hal-ýagdaýlaryn sorady. Orazyñ ejesi Halbibini görip gaty begendi we eden işleri üçin bagyşla sorady. Oraz bolsa Halbibini görenine begense-de ony bildirmedi. Hal-ýagdaý soraşyp bolandan soñ her kim öz ýoly bilen gitdi. Oraz öýüne gelip pikirler ummanyna batyp gitdi. Ol Halbibini görenine örän begendi we õñki duýgulary oýanyp başlady. Ol Halbibä sms ýazasy geldi ýöne saklandy-da, eger ol durmuşa çykan bolsa nä ýa halaşýany bardyr diýip içini gepletdi we telefonyny ýerine goýdy. Aradan iki-üç gün geçenden soñ Oraz ejesinden Halbibi hakda bilip bermegini aýtdy. Ejesi muña diýseñ begendi sebäbi, oña gaty agyrdy. Bir tarapdan işlemeli, ikinji tarapdan kolýaskaly Oraza seretmeli. Gymmat daýza derrew tanyşlaryna jañ edip Halbibi hakda sorap başlady. Onyñ Orazdan soñ durmuşa çykanmy, çykmadyk bolsa halaşýany barmy, bar zady sorap, onyñ Orazdan soñ durmuşa çykmadygyny, halaşýanynyñ ýokdygyny, şäherde agasynyñ öýünde bolýanyny, ýene-de özüniñ tikin sehiniñ bardygyny bildi. Bu zatlary eşdip ony Oraza ýetirdi. Oraz muńa diýseñ begendi. Derrew telefonyn alyp sms ýazmaga başlady:-"Salam Halbibi, ýagdaýlaryñ gowymy". Jogap hem köp garaşdyrman geldi:-"salam gowy, özüñ ýagdaýlaryñ gowymy ". Oraz diýseñ begendi. Olar günde habarlaşyp başladylar. Oraz indi durmuşa bolan göz-garaýşy düýp göter ütgedi, indi ol ýaşasy gelýädi. Oraz ejesini Halbibilere ugratdy we olar ýene durmuşyny täzeden başladylar. Olar gaty bagytly ýaşap başladylar. Oraz lukmanlaryñ bejergilerinden soñ bir-iki ädim ýöräp başlady. Aradan iki aý geçdi Oraz indi azrak bolsada ýöräp başlady. Maşgala diýseñ bagytlydy. Bir gün Halbibi Oraza özüniň göwreli ekenini aýtdy, muña Oraz örän begendi.
Aradan 9 aý geçdi. Oraz eýýäm doly ýöräp gidipdi. Halbibi bolsa perzenthana-da ýatyrdy. Halbibi perzenthana-da içi gysyp, öz durmuşynda bolup geçen zatlar hakda pikir edip, ony ýazmaga başlady.
"Men durmuşa örän minnetdar. Başynda ýoldaşymy halamasamda soñ onyñ bilen öz durmuşymy diñe onyñ bilen gördim. Men Oraz hakda başda pikirim başgaçady hat-da onyñ ýüzüniñ gelşiksizdiginem aýtdym, soñ ýöne bu durmuşda ýüz-keşbiñ hiç-hili rol oýnamaýanyny düşündim.Men häzir şeýle bir bagytly. Ine, içimdäki çagamyñ meniñ garnymy depip bu ýagty jahana dünýä inesi gelýän ýaly. Balam bizem seniñ dünýä inmegiñi sabyrsyzlyk bilen garaşýas, esasan-da kakañ juda garaşýar. Sen dünýä inenden soñ men, sen, kakañ üç bolup oýnarys. Kakañ aýtmagyna görä, sen dogulyp iki-üç aýdan soñ gezelenje daşary ýurda äkitjekdigini aýtdy. Sen dünýä inip şol günleriñ tizräk gelmegine garaşýan. Men juda bagytly".
Halbibi gündeligini ýapdy.Bu ýazgy Halbibiniñ soñky ýazan haty boldy.Agşam Halbibini çaga dogyrmaga alyp gitdilerinden soñ, çaga dünýä indi ýöne Halbibi bu dünýänini terk etdi.
Soñy.
28
624
Azik
31.05.2023 11:46
Toýdan soñ dörän söýgi
2-nji bölüm
Oraz gapyny kakyp içerik girdi. Halbibi bolsa toýdaky ýaly hiç ýüzi açylanokdy. Ikisi ýeke özleri galansoñ, Oraz Halbibä tarap ýakynlaşdy muny duýan Halbibi:-dur, ýakynlaşma, men seni halamok. Men saña durmuşada çykasymam gelmedi diýip gös-göni aýdyp goýberdi.
Oraz bu zatlary eşdip doñup galdy-da: -bu zatlary irräk aýtmalyda.
Halbibi:-hemme zat tiz bolup gitdi, toýam tiz etdiñiz men aýdyp ýetişmedim.
Oraz:-men gyz razy bolsa toýy uzaga çekmek gerek däl diýdim.
Halbibi:-öýdäkiler meniñ razylygymy hem soramadylar.
Oraz:-men jañ edemde alyp, aýdaýmaly ekeniñ.
Halbibi:-sen meni düşünmersiñ öýtdim.
Oraz: -bolýa bolar zat boldy, toýda-da hiç gülmediñ şonda duýupdym halamaýanyñy, sen näme üçin meni halamañ?
Halbibi: -birinjiden, men seni çaga wagtym gõrenim, seni gowy tanamaýan. Ikinjiden seniñ ýüzüñem gelşiksiz.
Oraza bu sözler gaty agyr degdi, gahary geldi, ýöne hiç zat diýmedi we Halbibi oturan diwana tarap ýakynlaşdy.
Halbibi:-dur ýakynlaşma diýdimä!
Oraz:-gorkma hiç zat etjek däl, ýassygymy aljak, sen şul diwanda ýatyber, men aşakda ýataryn. Ýöne bu zatlar haçana çenli dowam eder?
Halbibi: -bilemok, ýöne men halaýançam ýakynlaşma! Hemme zat saña bagly.
Oraz: -O nädip, maña bagly. Sen meni halañoga?
Halbibi: -elbetde saña bagly, sen meniñ ýüregimnen ýer aljak bolsañ saña bagly bolarda.
Oraz hiç-hili ses çykarmany ýatdy. Wagt geçip durdy. Oraz bilen Halbibiniñ durmuş guranyna 8 aýdan geçipdi. Ikisiniñ arasynda hemme zat gowy bolsada, Halbibi Orazy ýanyna ýakynlaşdyrmady. Ýöne Halbibi bilen Orazyñ ejesi Gymmat daýzanyñ arasy gün-günden erbetleşýärdi. Günde diýen ýaly Halbibiden haçan agtykly bolýan diýip sorardy. Oraz ýeke çaga bolansoñ, eje-kakasy agtyklarynyñ bolmagyny sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Halbibi näme diýjeginem bilmeýädi sebäbi Orazy ýanyna hiç-hili ýakynlaşdyranokdy. Gün geçdigiçe Halbibi bilen Gymmat daýzanyñ arasy erbetleşip başlady. Halbibi näme iş etse-de, Gymmat daýzanyñ göwnüne ýakanokdy. Bu zatlar hakda Halbibi Oraza aýtmaýady. Bir gün Halbibi Orazdan özüniñ öýüne 2-3 günlük gitmäge rugsat sorady. Oraz oña garşy bolmady. Şeýdip, Halbibi özüniñ öýüne gitdi.Aradan 2-3 gün geçenden soñ Oraz Halbibä jañ edip haçan gaýtjakdygyny sorady, Halbibi ýene-de 2-3 gün galasy gelýänini aýtdy. Oraz oña garşy bolup durmady, Oraz ol oýündäkilerini göresi gelendir, goý, ýene 2-3 gün bolsyn diýip pikir etýädi. Ýöne Halbibi gaýdasy gelenokdy barsam ýene Orazyñ ejesi haçan çagañyz bolýa diýip sorap başlar soñ näme iş etsem bahana tapýa, soñ ýene ikimiz söze geleris, şol sebäplide ol barasy gelenokdy. Ol bu zatlary Oraza näçe aýtjak diýsede aýdyp bilmeýädi. Iki günden soñ Oraz dynç güni Halbibini getirmek üçin oba gidýär. Oba baryp Halbibä jañ etýär.
Oraz:- alo, Halbibi men daşarda durun seni äkitmäge geldim.
Halbibi:-bolýa, häzir çykjak.
Halbibi daşa çykdy we Orazyñ ýanyna gelip:
Halbibi:-Salam gowymyñ Oraz?
Oraz:-Salam gowy özüñ gowymy?
Halbibi:-gowy.
Oraz:-sen näme üçin eşikleriñi almansyñ?
Halbibi:-Oraz men gitjek däl!
Oraz:- näme üçin? näme boldy?
Halbibi:-Oraz men saña aýdyp bilmän ýören zatlam bar. Meniñ öýe gaýdan sebäbim soñky wagtlarda ejeñ bilen oñuşyp bilemizok. Günde mennen haçan çaga göterýäñ diyip soraýa, näme iş etsemde kemçilik tapýa.
Oraz:-bu zatlary näme üçin irräk aýtmadyñ. Sen meniñ bilen ýör ejem bilen özüm gürleşerin.
Halbibi:-ýok, Oraz men diýip ejeñe garşy çykmagyñy islämok. Olar agtyk söýesi gelýä. Olar ikimiziñ aramyzdaky zatlary düşünmeýä.
Oraz:-özüm düşündirerin.
Halbibi:-ýok, ene-ataña garşy çykma. Oraz gaharlanyp yzyna gaýtdy.
Aradan birnäçe aýlar geçdi. Orazyñ ejesi bilen kakasy näçe gezek Halbibiniñ alyp gaýtmaga barsalarda Halbibi gaýtmady.Oraz bilen Halbibi günde habarlaşyp durýadylar, Oraz näçe ýalbarsada Halbibi hiç razy bolanokdy.Bir gün Oraz Halbibä jañ edip özüniñ ýene-de öýlenýänini aýtdy. Halbibiniñ üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Halbibi:-sen çynnanam öýlenýäñmi?
Oraz:-howwa, öýdäkileriñ agtyk söýesi gelýär olara garşy çykyp bilmedim. Sen hälem meni halamadyñmy?
Halbibi:-indi munyñ näme parhy bar, sen öýlenmäne garşy däl ekeniñ diýip, gaharly jogap berdi sebäbi ol Orazy gowy görüp başlapdy.
Oraz:-sen özüñ gaýtmadyña, öýdäkilerem gahar edip öýlendirjek bolýalar.
Halbibi:-sen özüñ kelläñ bardyra?
Oraz:-seniñ öziñä men diýip ejeñ-kakaña garşy çykma diýen.
Halbibi:-onda bileniñi et diýip, telefonyny gaharly öçirdi. Oraz yzyna näçe jañ etse-de almady. Soñ Orazdan şeýle sms geldi: "Halbibi bagyşla meni, senem öz bagtyñy tap. Men saña soñky gezek jañ etýänimi aýtjakdym. Seni bagytly edip bilmedim, sen bagytly bolmaga laýyk gyz, sen bilen geçiren günlerim iñ bagytly günlerim boldy. Ýöne ýollarymyz aýra eken. Men seni gowy görýän, ýöne saña hiç zat berip bilmedim. Bagytly bol". Halbibi bu sms-i okap aglamaga başlady. Birnäçe gün Halbibi gamgyn halda ýördi, soñ özüni ele alyp täze durmuş başlamaga ýüregine düwdi.Günler geçip durdy, Oraz şondan soñ hiç-hili habarlaşmady.
27
612
Azik
30.05.2023 20:06
Toýdan soñ dörän söýgi
(Hekaýa)
Halbibiniñ öýünen çykan Gymmat daýza örän begençli ýagdaýda-dy sebäbi ol ogly Orazy öýlendirmek üçin Halbibilere gudaçylyga gelip, Halbibiniñ öýündäkileri bilen ylalaşypdylar.
Halbibi bolsa öz otagynda otyrdy, birden gapy açyldy we Halbibiniñ ejesi:
- Gyzym näme etýäñ?
Halbibi:- otagy ýygnaşdyryp otyryn, Gymmat daýza semräp gidipdir, ony kiçi wagtymda şähere göçüp gitmänkä görenim, olar özi näme üçin gelipdirler?
Ejesi:- gyzym olar seni, ogly Oraza sorap gelipdirler. Orazy tanaýan bolsañ gerek, kiçi wagtynda öýümize gelerdi. Näýli gowy, akylly oglandy, häzir ulalyp ony öýlendirjek bolýalar.
Halbibi: - Eje, men ony halamaýan, özem gelşiksiz ýüzem owadan däl. Men kiçi wagtymda-da halamokdym.
Ejesi:- Waý, munyñ aýdýanyna seret näme kemi bar ol oglanyñ, özem bu gepleriñi kakañ eşdäýmesin. Ol kakañyñ dostynyñ ogly ahyry, olar siz kiçi wagtyñyzda olar guda bolarys diýerdi, indi ine şol islegleri kabul boljak bolýa.
Halbibi: -Eje, meniñ durmuşa çykasym gelenok. Özem men ony kiçi wagtymda görenim, ol maña hiç hili ýakonok, ýüzem gelşiksiz, kiçi wagty ol uly görünýärdi, häzir daýylara meñzeýändir. Men oña durmuşa çykasym gelenok!
Ejesi:- Beýdiýme gyzym ol allanyñ beren ýüzi. Seniñ nä halaşýanyñ barmyýa? Olara seniñ nomeriñi berdim, oglan bilen öziñ gepleş.
Halbibi:- Halaşýanym ýok. Men özimiñ tikin sehimi açasym gelýä.
Ejesi:- Durmuşa çykyp hem açyp bolýara, Oraz oña garşy bolmaz, özem şäherde ol ýerde adamam köp, klientleriñem köp bolýa.
Halbibi: - men ol ýerde gaýyneneme, gaýynatama hyzmat edeýinmi ýa tikin tikeýinmi?
Ejesi:- ikisinem et.
Halbibi: -olaryñ iýjek naharyny bişirmeli ýene ýoldaşymy işe goýberip ony işden gelende garşy almaly. Men robat dälä.
Ejesi:- sen barandan tikin sehini açmarsyña, bir-iki ýyldan soñ açarsyña oña çenli öwrenşip gitýäñ.
Halbibi:-bir-iki ýyldan soñ tikin ýatdan çykyp gider.
Ejesi: -men bilemok ýatdan çykarýañmy çykarmaýañmy, bizä olara razyçylygymyzy bildirdik.
Halbibi: -uffff eje, men sizleri nädip taşlap gideýin?
Ejesi: -Orazam, ejesem, kakasam gowy adamlar. Olar seni gyzy ýaly görýäler. Orazam seni alyp berjek diýende diýseñ begenipdir.
Halbibi: -begenmäni näme etsin men ýaly owadan gyza, ýöne men razy dälä.
Ejesi: -köp gepläp başladyñ menä gitdim diýip, otagdan çykyp gitdi. Halbibi ýeke özi galyp, pikirler ummanyna batyp gitdi. Agşama çenli Halbibi öz otagyndan çykmady. Sagat 9-lar töweregi Halbibiniñ telefonyna jañ geldi, nätanyş nomerdi we Halbibi telefonyny alyp:-Alo - diýdi.
Oraz:-Salam. Gowymyñ Halbibi!?
Halbibi:-Tanamadym!?
Oraz:-men Oraz.
Halbibi:-howwa aýdyber! -diýip sowuk jogap berdi.
Oraz:-şu gün ejemdagy size gudaçylyga barypdy, seniñ nomeriñi berdiler, suratyñam görkezdiler. Çaga günümizdäki ýaly gaty owadan ekeniñ. Sen bilen gürleşip men hakdaky pikirleriñi bilesim gelýä!
Halbibi:-häzir meniñ işlerim bar diýdi-de, telefony öçürdi. Onuñ hiç kim bilen gepleşesi gelenokdy. Halbibi aglap-aglap uklap galdy. Ertesi Oraz ýene jañ etdi ýöne Halbibi telefonyny almady. Şeýdip aradan iki-üç gün geçen soñ Orazyñ ejeleri ýene Halbibiniñ öýüne toý sähedini bellemäge geldiler we 1 hepde-den soñ toý diýip sähedini bellediler. Şeýdip toý güni hem ýetip geldi.Halbibini öýünen şähere alyp gitdiler we agşam toý hem gutaryp, ýaş juwanlary öýlerine ugratdy. Ine-de ýaş juwanlaryñ ilkinji gijesidi.
24
513
Azik
22.02.2023 12:49
"Öldi" diý!

Bir gün senden sorasalar men hakda,
Men bilemok, birzatlara boldy diý,
Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,
Meniñ birje sözüm üçin öldi diý.

Ol näme söz sorasalar ýene-de,
"Ol durmuşdan geregini aldy diý".
Bir meñ bilen bir ömüri geçirmek,
Bar islegi bar arzuwy şoldy diý.

Ony däl-de arzuwlarmy saýladym,
Ol hakynda pikirlerim söndi diý.
"Ýok-ýok gorkmañ ol entegem ýaşap ýör,
Diri halda arzuwlary öldi diý".


Awtory: Baýram Bejidow.
16
95
Azik
21.02.2023 10:40
Şu gün Çempionlar ligasynyñ gezekgi duşuşyklary bolar.
⚽Oýunlar:
Liverpool - Real Madrid 🕐 01:00
Frankfurt - Napoli.🕐 01:00

Oýunlar hakda öz pikirleriñizi we çaklamalaryñyzy komentariýa ýazyp bilersiñiz.
9
292
Azik
20.02.2023 08:53
Iñ köp çaga dogyrmak rekordy rus zenanyna degişlidir, 1725-1765-nji ýyllar aralygynda jemi 69 çaga bar. (16 ekiz, 7 üçlik, 4 dörtlük).


Dünýäniñ ukusyz galmak rekordyny goýan adam RANDY GRANDER. Jemi- 18 gün, 21 sagat, 40 minutlap ukusyz galanda RANDY GRANDER hyýaly zatlar gözine görünendigini we was-wasalyk hereketleriniñ bolandygyny, gözüniñ görüjiniñ peselendigini, gürleýşiniñ kynlaşandygyny, ýatkeşliginiñ ýitendigini aýtdy.

Suratlary bardy ýöne goýup bilemok.
15
309
Azik
19.02.2023 12:28
Ömrüme pent


Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.

Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul –
gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

Kerim Gurbannepesow
14
49
Azik
18.02.2023 10:09
Diýýärler adamy ölüm agladýar,
Diýýärler adamy durmuş agladýar,
Ölümi, durmuşy günäkär etmäň,
Aslynda adamy "Adam" agladýar!!!
15
90