Aynara Batyrovna
15.05.2020 08:25
2018-de ýüzlerini, 2019-da özlerini tanadym.. we 2020-de ýeke galmagy saýladym...

Sensiz ölerin diýenleriň başgasy bilen gülüşi öldürdi meni...

Dogruçyl bolanym üçin ýitiren kimim bar bolsa, ýoly açyk bolsun..

6
136
Aynara Batyrovna
15.05.2020 08:20
Salam gadyrdanlar! Ertiriňiz haýyrly bolsun❤ Mübärek Remezan aýynda tutýan orazalaryňyz, bu ajaýyp Juma gününde okaýan namazlaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz Allahyň dergähinde kabul bolsun!
Kän wagt bolupdyr bu portala girmedigime, gowumy ýagdaýlaryňyz?
4
58
Aynara Batyrovna
08.05.2020 17:53
Meni yatla gysan vagty yuregin
Yalnyzlykdan yadasanam yatla sen
Sen chagyrsan diri bolsam bararyn
Unutmagyn yurekde hem yatda sen!
11
109
Aynara Batyrovna
08.05.2020 17:53
Ýalançy dünýäde ýaşaýas... Zäher almak pully wagty söýgi nädip pulsuz bolsun?!
9
122
Aynara Batyrovna
08.03.2020 08:49
Ilki bilen Mährem Enem,
Gaty görme Eje, senem.
Soňam akja saçly Mamam,
Gyz uýadyr, jigim dagam
Ýakyn-u-ýat daýzalarym,
Söýgä beslän maýsalarym!
Kalby mähriban niçeler
Güler ýüzli gelnejeler,
On ýyl okan synpdaş gyzlar
(Unutmasy juda kynlar)
"Senden adam çykmaz" diýip,
Adam eden mugallymlar
Açlygymy deň çekişen,
Ýuwan eşigimi sykyşan
Ýürekdeşler, kursdaş gyzlar
Ilki söýgüm, undulanlar,
Muny okap ýuwdunanlar,
Zenan bolsaňyzam käte,
Boldy ärden mert günüňiz
Baýramyňyz gutlaýaryn!
Kerim Hally


Baýramyňyz gutly bolsun MÄHRIBAN ENELER, GADYRDAN UÝALAR!❤
13
714
Aynara Batyrovna
08.03.2020 08:49
Eje, Jennet sende däl.. Sen Jennetiň özi...

Мама-это не ВСЕ.. Мама-это ВСЁ❣

Miwe köp bolsa eger
Bag başyn aşak eger.
Saňa zyňylan daşlar
Eneň pahyra deger...

Ýaryň geler ýanyňa
Eneň geler zaryňa...
11
304
Aynara Batyrovna
07.03.2020 23:27
Görki gülden zyýada, Aýdan dury owadan ZENANLAR! Mähribanlar, sizi Halkara Zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn❤ MÄHREM ENELERIMIZ, Şirin sözli, güler ýüzli, mylaýym elli, şeker dilli UÝALARYMYZ! Goý, mydama size dünýäniň ähli gowluklary ýar bolsun? Bu owadan dünýäde ZENAN MERTEBESINE eýe bolup ýaşamak her birimize nesip etsin! Durmuşyňyz baharda açylan bägüller kimin owadan bolsun!
"ÖWRENMELI" portalynyň owadan agza GYZLARY siziň ähliňizi hem bu ajaýyp, owadan baýram bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Durmuşyňyz mydama şatlykly günlerden doly bolsun❣ Gülden näzik keşbiňiz hiç wagt solmasyn! Ol näzik ýüzüňizde ajaýyp ýylgyrşyňyz ýitmesin?
P.s. by Aynara Batyrovna?

"Eger maña dünýäniň iň owadan seýligähinde bir heýkel dikmeli diýseler, men ZENANLARYŇ heýkelini dikerdim.. Çünki olarsyz ýaşaýyş ýok.."
11
488
Aynara Batyrovna
07.03.2020 12:44
Sizdäki 3 zady görüp bilen ynsana ynanyň:
1. Ýylgyrşyňyzyň arkasyndaky ykbaly
2. Gaharyňyzyň arkasyndaky söýgüni
3. Sessizligiňiziň arkasyndaky sebäbi..
❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤
Dünýäde iň güýçli ynsan bolsaňam söýýäniňden ejiz gelersiň..
❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤❤
Şatlygymyň arkasyndaky gaýgyny, gözlerimden duýmaýan adama SÖZLERIM bilen hem düşündirmek islämok..!


8
544
Aynara Batyrovna
06.03.2020 08:06
Ähliňize salam mähribanlar❤ Juma gününiň ajaýyp säheri ähliňize haýyrly bolsun!



Geliň azajyk sorag-jogap alyşalyň! Menden size sorag: halaýan, ýagny söýüp diňleýän bagşylaryňyz kimler? Eger aýratyn başgada soraglaryňyz bar bolsa arkaýyn sorap bilersiňiz?
8
547
Aynara Batyrovna
05.03.2020 07:50
TANSÇY GYZ
Didelemde galdy keşbiñ,
Gaşlary ýaý tansçy gyz
Keşbiñe baglady yşkyñ,
Bägüle taý tansçy gyz

Näzini ýugrupdyr uza
Saçlary bar ýetýär dyza
Senden zyýat özge gyza
Bakmadym men tansçy gyz

Şirin sazda üns, örküñ
Tans oýnaýan, göz edip görküñ
Elhepus ajaýyp durkuñ
Haýrany men tansçy gyz

Waspyña şirin hoş owaz
Nama ýazdym urup perwaz
Misli kölde sen guwa-gaz
Ala gözli tansçy gyz❤
8
551