Aybolek
02.04.2020 00:38
Kawagt hemme zady taslap gidesimgelyar....Sizdede bolyamy solar yaly zat
11
251
Aybolek
27.03.2020 00:16
Haýsy aýdymy yada sazy diñläniñizde aglanyñyzy duýman galýanyz????
8
759
Aybolek
23.03.2020 19:52
Hemme zadyn bar yone name ucin ozumi bagtsyz duyyan bilemok???
9
213
Aybolek
21.03.2020 20:06
Kawagt hemmamizem yalnyz bolasymyz gelyan wagtlar bolyar.
Gelin seylerak zat edelin. Gozunizi yumun uludan dem alyn we ozunizi nirde onat duyyan bolsanyz meselem deniz yada daglyk yerler sol yerde yaly duyun....Sonam biz bilen paylasyn..... Umuman ozunizi kim bn yada nahili yagdayda bagtly duyyan bolsanyz gozunizi yumup gorup duymagy basarjak bolun. Sonam bizin bilen paylasyn..

Kawagt yuregim gysyp halys yadan wagtym seyle edyan sonda ozumi gowy duyyan...????
9
650
Aybolek
14.03.2020 01:59

Oýnap ýören çagajyk, ykbalyndan bihabar,
Türmä düşdi kakasy, ejesinden al habar.
Güni geçýär şatlykda, eli ýetenok ärine,
Oýnaş tapdy dessine, başlady bet kärine.

Haram keýpe bulaşyp, ýatdan çykdy ojagy,
Uklap galýar gül çaga, küýsäp mährem gujagy.
Maşyn gelýär yzyndan alyp gidýär ejesin,
Ýene-de ol ejesiz geçirmeli gijesin.

Düşünerden ýaş bolýar, neresseje çagajyk,
Bilerdi, sorardy akyly ýetse azajyk.
Solup barýar gul çaga, duýýan ýok halyny,
Iýip otyr ir agşam suwa basyp nanyny.

Günler şeýdip geçip dur, biri-birine seplenip,
Çagajygam ulalýar, biler indi gepleşip.
Boşap geldi kakasy, gürrüň berdi baryny,
Özelenip ýalbardy, diýdi ejem gelmesin
10
214
Aybolek
14.03.2020 01:53
Dileg

Oÿandym diri men asmanym ÿagty,
Gör neneñ gowy zat dirilik bagty.
Ertir Namazy okaljak wagty,
Ak bagtyñ bolmagny diledim janym!

Dushushyk güni keshbiñ öñümde durka,
Pâk söÿgim ymtylyp mâhriñe zarka.
Öÿle Namazyna az salym barka,
Meñ ÿarym bolmagñy diledim janym!

Ykbal hasratlara bükmesin biliñ,
Diñe ÿagshyzada satashsyn synyñ.
ikindin Namaza münende ilim,
Gülüp ÿashamagñy diledim janym!

Nurly günüñ nury biraz solanda,
Gushlar ÿatmak islâp baga gonanda.
Agsham Namazynyñ wagty bolanda,.
Seniñ jan saglygñy diledim janym!

Ÿassy Namazyna gelende gezek,
Diÿdim hic hacan aglatma pelek.
Ÿashyñ bolmagyny uzakdan uzak,
Beÿik Biribardan diledim JANYM!!!
9
219
Aybolek
12.03.2020 00:22
Aglamak ejizlikmi yada guyclilik
9
2 019
Aybolek
09.03.2020 22:20
Ýetimiň nalasy! .

Bagyşla ejejan, edäýdimmi bimaza,.
Mazaryňa gelmän gitsem bolmaza
Her gün säher ýer başyňa gelýänme,
Gelýär diýip hiç kes azar bermezä.

Howwa menem oňat, penalap ýörňä,
Ýürek gysýar, beýdip gysmazdy oňa.
Senem ýanymda ýok, diňe ýanymda,
Derdim bar şoň bilen geçýär her günim.

Sen barkaň Ejejan görenim şatlyk,
Sen gitdiň öýüň içem gum-gukluk.
Indi meni oýarmaýar seň sesiň,
Gideniňe ynanamokda men asyl.

Ejejan, jan ejem her säher geljek,
Pata berseň menem ýanyňa barjak.
Arkaýyn ýatyrmyň Jennet jaýynda,
Göyberseler baryp mähriňi görjek.

Bor eje, aglamaýyň diýmerin gaýdyp,
Diýaýdima ruhuňyz galkynar öydip.
Aýdaýyňda baka ýakyna beýge,
Kösemesindä ol bendesin beýdip.

Şükür edýän eje razy Alladan,
Özüň aýtdyň, Allaň guludyr adam.
Kaýyl edenine boýun bar zada,
Ejizlemen eje, etmerin jyda.

Oglum diýip bakýar maňa müň eje,
Sen mähriňçe ýokda olar jan eje.
Seň mähriňde özge mähre garaşman,
Bir ýylgyrşyň müň ömüre çalyşman.

Ýogsada eje,
toý bar şu gün eziz obaňda,
Şol toýa baraýsa ýalňyz balaňda.
Şatlanjak, şatlanmagyňa garaşjak,
Agladyňa geçen sapar aglamda.

Bor onda ugraýyn hoş gal jan eje,
Şatalamda, şatlanmagňa garaşjak.
Dostlarym ejeleri bilen bilen tans etse,
Seni görjek şol wagt göge seretjek.

Gel eje, gel eje hökman gelginiň,
Bärde ýalňyzlygym sen bir bilginiň.
Hemme adam maňa gussaly garap,
Diýmesinlerdä ýetim barmagyn uzap.

Öňem şol sözi maňa diýýän kän,
Emma ýürek diýýär, sen ýetim däl.
Elmydam ýanymda senem bar ýaly,
Ýatlaýan Siz bilen Beýik Hudaýy.

Ejejan,
Gitmänkäm öpäýin bir mazaryňdan,
Ganan dek bolýan-da o didaryňdan.
Sag bol, hoş gal eje gelerin ýene,
Derdimiň dermany iň mährem ýere.
Hoş gal jan Ejem, hoş gal Käbäm

10
640
Aybolek
07.03.2020 19:46
♥∞♥Soygi hacanda ikitaraplayyn bolanda mana eye bolyar.
♥∞♥ Dunyade soygulin yuzunden owadan gornus soygulin sesinden yakymly owaz yok. ♥∞♥ Ayralyk edil yel yaly ol gowsak soygini ocuryar guycli soyguni tutasdyryar..
♥∞♥ Cynyn bn soymek ozini unutmak. ♥∞♥ Zenanlaryn ynanyan aynasy erkeklerin gozleri.
♥∞♥ Nirede soyyan bolsalar bizin mahriban oyumiz hem sol yerdedir.
♥∞♥ Durmus hacanda duygularymyzy paylasmaga adamyn bar mahaly many mazmuna eye bolyandyr..
♥∞♥ Beyik adamlar soyguni osduryaler ownuk adamlar bolsa yigrenji..
♥∞♥ Soyulmezlik sowsuzlykdyr soymezlik bolsa betbagytlykdyr.
♥∞♥ Seyle bir soygi bolyar ol beyikligi bn gabanjanlyga hem orun goyanok
♥∞♥ Soygini bejeryan dermanlar kan yone olaryn hic birem ygtybarly dal.
♥∞♥ Soygi barlygy yagtylandyryan Gunes mysaly soygunin sohlesi dusmese yer togalagy hic zat bitmeyan cole owrulerdi adamlar bolsa bir gysym guma
9
626
Aybolek
06.03.2020 20:35
Kakama hat


Kaka bu ýerler-ä sowap başlady,
Egne ýyljak penjegiñi geýdiñmi?
Garañky-da ir gatlyşýar daşarda,
Sary ýapraklaram bir çak tüýdüldi.
Hä diýmänem bu ýerlere gyş geler,
Usurgan pursatlañ serin sämedip.
Geler meñem çagalygma gaýdasym,
Lowlap ýanýan pejimize äñedip.
''Kaka, eger odunymyz gutarsa,
Aýdaýsana, onsoñ näme ýakarys?''
diýip, oýurganýan üşek gyzyñy,
Köşeşdirşiñ,
''Ähli odun gutarsa,
Asmandan bir ýyldyz getireris-de,
Pejimize salyp otlap goýarys.
Ýaz düşdügem, ýene öñki ýerine
Eltip geleris'' diýen günlere ynanan gyzyñ,
Ýyldyz hakda arzuw edip ýaşaýşyn.
Her gezek daşarda döweñde odun,
Saña penjireden seredip durşun.
Hem gijeler ýyljak pejiñ başynda,
Şorja şänik döwüp beren günleriñ.
Gar ýagdygam egne atyp penjegiñ,
Bosagadan tamdyra,
onsoñ goñşulara çen
gar arçaýşyñ söýüşim.
Indem şol günlerden juda uzakda,
Bu ýerleriñ sensiz gyşlary bilen,
Ah, şeýle bir şol günleri küýseýşim,
Hemem saña meñzeşdigme buýsanşym,
Bilýäñmi, kaka?
12
1 253