Aman
22.12.2019 10:13
Ownujak zatlar agzap durmalyň, Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.
Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin,
Ak gün depämizden sallanyp dursun.

Her paslyň ýagdaýy — rejesi bar.
Her zadyň özüniň derejesi bar. Adamyň agy bar, garasy bar, Ýagşylar ýamandan saýlanyp dursun.

Men kemimi öz içimde saklan däl.
Görüp durus, her diplomly lukman däl.
Bileňokmy — bilýän diýmek hökman däl.
Bilmeýän bilýänden öwrenip dursun.

Ýap boýunda tallar yransyn herýan,
Sülmüresin deňiz, çyrpynsyn derýa.
Sepilen tohumlar bolmasyn yrýa,
Ýaýlalar ýagmyrdan suwlanyp dursun.

Öý-öýdür, üzügi, durlugy bilen, Adamy tanarlar ýerligi bilen, Säheriň çygy dek terligi bilen, Gyz çyksyn, Ýigitler öýlenip dursun.

Ogullarmyz ata ýumşun bitirsin, Her kes diňe öz ornunda otursyn. Gelen özi bilen döwlet getirsin, Gidenler yzyna köwlenip dursun.

Ýigit ýalňyz dogulmasyn dörände,
Hossar bolsun, dost-ýar bolsun degräňde.
Bili guşap bir tarapa ugranda, Işimiz mydama şowlanyp dursun.

Biderek gitmesin berlen öwütler, Goý, ýetişsin garga däl-de, bürgütler.
Häh! diýende Mäh diýäýjek ýigitler,
Çapyljak at ýaly şaýlanyp dursun.

Bolsa-da adamlar beýikli-pesli, Maýda-ha bolmandyr türkmeniň asly.
Oguz hanyň yzy, Göroglyň nesli, Ownama haw, murtuň towlanyp dursun.

Berdinazar Hudaýnazarow
9
646
Aman
21.12.2019 20:10
YKBALA
Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl, ýa uçar däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim — kemlikden sakla.

Hemmejämiz adam — özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl,
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: gyradeňlikden sakla.

Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagt geleninde emzikden sakla.

Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et, weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.

Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde, Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde Başganyň üstünden gülmekden sakla.

Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman,
Ýaşamaly etmäweri, eý aman! Owal-başda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.

Bu owadan dünýä — guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym — daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym — ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.

Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.

Bir adam deregine alsalar sana, Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana, Soňundanam tarap çalmakdan sakla.

Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki. Märekä baş etseň, etmäweri gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.

Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem sag bol diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge. Azan duş etme, emgekden sakla.

Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa...
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla..
Berdinazar Hudaynazarow
13
600
Aman
20.12.2019 06:46
Sende ÝÜREK yekeje..
Ýüregini aya. Yuregini agyrtma..
Durmusda hic kimden hic zady tama etme...
Durmusda hic kimden hic zada garasma...
Ine, mysal ucin:
Biz birine ynanyarys...
Aldanyarys...
Okunyaris...
Son yenede ynanyarys
Yene aldanyarys...
Yenede okunyaris...
A sen indi pikirlenip gor...
Uzadan elini tutmadygy ucin ol gunakarmi?
Ya-da...
Elinden tutmajak adama el uzadanyn ucin...
Sen gunakarmi..?
10
630
Aman
19.12.2019 10:51
Dine yurekdakin bn garrarsyn!

Yanyndaky bolubersin kim bolsa
Dine yurekdakin bn garrarsyn
Hemem yatlap gecen onki gunleri
Gozun yaslap oz ozune gargarsyn

Sol pursat ozuni yalnyz duyarsyn
Kirpiklerin gussan bilen eziler
Yanynda kim bolsa tapawudy yok
Emma yurekdakin bilen geziler

Sadyyansyn satlanyansyn sozum yok
Emma gije yene hasrat duzuler
Bir yyljak gujakda yatanam bolsan
Bir yyljak gujakda yatanam bolsan
Hyyalda yurekdes bilen geziler

Haysy sebap ayra saldy parhy yok
Dine sonun ucin gosgu duzuler
Sen bireyyam ondan donenem bolsan
Sonnoda yatlama bilen geziler
Yurekdes bolalyn yananlar bilen
Yogsa omur gecyar yalanlar bilen!
6
640
Aman
17.12.2019 23:47
Size haýsy köp gabat geldi?
1 Şowsuzlyk
2 Pulsuzlyk
3 Göwne degişlik
6
837
Aman
11.12.2019 00:26
Mekdepde nace gowy okasan oka, gutarandan son yadyna dusjek zatlar dine sulardyr

Edebiyat: Gelerle hokman geler, gelermika kim biler.
Turkmen dili: acyk k,p,c,t dymyk g, b, d, j owrulyar
English: London is a capital of Great Britain
Himiya: H2O
Fizika: Nyutonyn 3 kanyny bar
Informatika: alt+F4 bassan resky cykyar ???

15
529
Aman
10.12.2019 21:34
Yupeklec pamyk yaly,
Yuregim yumsak.
Zannyyamana-zabun,
Ejize-gowjak.

Oz yabany buysanjym-
In gymmat zadym.
Familyam ikigat,
Ikigat- adym.

Saklanypdyr durkymda,
Sahra tezligim.
Kan horlayar ozumi
Onsyksyzlygym.

Akmagydyr samsygy
Bagyslayaryn.
Yarymcyk adam bn
Onusmayaryn.

Onsygym yok galp bn
Yalan soz bilen.
Bir kellan astyndaky
Iki yuz bilen!
4
200
Aman
09.12.2019 22:21
Erkeklen barsy birmenzes diyyan gyzlara jogabym:
Diz gowy bolan bolsanyz?
Bar erkekleri tanamardynyz?
8
339
Aman
08.12.2019 09:37
Sen men diyyan gyzym dal cyn zat un bagysla soyusdi adyn galar sonun un yalnysma toy ederis wagt gecer bozulaysa aramyz ejesiz ya kakasyz galsa gowymy cagamyz hasyetimiz den dal halayan zadymyz hem sana yaranmak islesem hemise bir zadym kem kata aydanym yalnys kate aydanym dogry dusun men baryndan artyk bolup bilmeyan gowy yylgyryp aytmany owrendim oz gamgyn dertlerimi yazjakdaldim soygi hakda otlan syrly depderimi men sen un uytgedim tasladym godekligimi nahilli bolayyn basga ber ozun teklibi yitip gitse senin dodaklaryn yzy tenimde basga birinin bagtyny saklamayyn elimde gicdal heniz bu men ahyrky gelen netijam ahlisi un bagysla yone men dal senin bijan!!!
4
282
Aman
07.12.2019 15:17
Sabrlyk yadatdy galmady takat
Ilki seni goremde diyipdi yurek lakat
Wagtam gecip dur duranok sagat
Sensiz yurek tapmaz ozuni rahat

Bilyanmi name gandyryan asyk tesnami
Hacanda opende batly bally cesmani
Sereday akylym yyldyzly asmana
Sensiz kyn mana yer yok basmana

Opaysem gyzylja yanakly cekgeden
Musulman donmez mukaddes mekgeden
Senem meni ozune sonyaly cekmesen
Ayra gunlemmiz kop bolmasyn 1 hepdeden

Komek edeweri Ya Allam
Gujagymda bolsun perisde balam
Mowc alan soygum syganok kalba
Seni soyyan ynanay walla

Umytly sohlam sen garanky tumlikde
Ajayyp saz sen dandan umsumlikde
Seni soyerin kyn gunde usdunlikde
Pikirim uytgedi sonky 2-3 gunlikde

Yokusan yaly mana soygi keseli
Basyny ortaysem gyzylja keteni
Baylyga dal akyl bagtymyza yeteli
Soyguni yitirman bagt kosge elteli

Isden gelip alsam gujagynda dynjymy
Rahat ursyn yuregim bolmasyn ynjyly
Sana yalbaryan gulum aglamay
Yene gabanyan meni baglamay

Wah nazenin seyle bir oykelek
Bilyan soygi sozlerin mana tiz komek
Diyer amancik gerekdal oytgemek
Mana bagtdyr su bolsyny soymek


* gosgyn awtory nabelli
5
312