Abdy_Dayy_
05.11.2024 08:23
1605-nji ýylyň 5-nji noýabry… Britaniýada Şa Jeýms 1-njini we protestant aristokratlary öldürmek isleýän katolik iňlisleriň konpirasiýasy paş bolýar. Jenaýatçy Guý Fawkes Parlamentiň Westminister köşkündäki binasyny ýarjak bolup duran mahaly ele salynýar.
1914-nji ýylyň 5-nji noýabry… Britaniýa we Fransiýa Russiýadan soň Osman imperiýasyna uruş yglan edýär. Britaniýa Kipri zabt edýär.
1922-nji ýylyň 5-nji noýabry… İsmen İnöniniň ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň Mejlisiniň wekiliýeti Lozanna Parahatçylyk maslahatyna gatnaşmak üçin Şweýsariýa gidýär.
1986-njy ýylyň 5-nji noýabry… 1941-nji ýylda bolan ýangyn sebäpli taryhy binalary hatardan çykan Stambulyň prawoslaw grek patriarhlygynyň gaýtadan dikeldilmegine rugsat berilýär.
1991-nji ýylyň 5-nji noýabry… Filippinde gelen silde 7 müňe golaý adam pida bolýar.
2006-njy ýylyň 5-nji noýabry… 2-nji Aýlag urşundan soň gaçan we Tikridiň golaýynda ele salynan Yragyň häkimiýetden agdarylan lideri Saddam Hüseýin kazyýetde ölüm jezasyna höküm edilýär. Saddam Hüseýin hökümiň ýokary kazyýet tarapyndan tassyklanmagyndan soň 30-njy dekabrda Bagdatda asylyp öldürilýär.
2006-njy ýylyň 5-nji noýabry… 1974-nji ýylda guralan Kipr parahatçylyk operasiýasy bilen dünýä meşhur bolan Türkiýäniň ozalky premýer ministrlerinden Bülent Ejewit dünýeden ötýär.
3
19
0