A〰️
01.06.2020 11:09
"DURMUŞ HAKYNDA"
Garyp bolup el sermedim namarda,
Ýa mes bolup doklugymdan gusmadym.
Eý Allam dilegim ýer gök arada,
Indem pes ýa mes etmäwer kysmatym.
Eziz Allam senden dilegim şudyr,
Ruhym beýik bolsyn, göwnümde peslik
Nygmatdan semremek ýetiräysede,
Ýol berme ýakamdan tutmasyn meslik.
Durmuş pikir edişimçe däl eken,
Käsi adam käsi ýöne san eken,
Çyn ýürekden söýýänlerem bar ýaly,
Ýalandan söýýänler juda kän eken.
Bu bir durmuş, munda köp zat bolup dur,
Ýandak güllap otyr, bägül solup dur.
Saña akyl berýär iñ samsyk adam,
Iñ akylly adam akyl alyp dur.
Adamlar saglykda baryp gelişiñ,
Dünýe öter baryp geleniñ galar.
Bir dem ganymatdyr oýnap gülüşiñ,
Ahyry aglar sen güleniñ galar.
Duçar edip ýeserinden ýesere,
Wezipedir kesel goşýan kesele.
Kürsä münmek añyrbaş kyn iş däl,
Soñ sag aman düşmekde bar mesele...
#diýýä
6
102