5498
08.04.2025 05:55
teswirsiz
4
49
5498
04.04.2025 04:25
NOKAT ●
8
75
5498
03.04.2025 23:54

Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.


Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.


Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.


Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.


Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.


Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.


Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.


Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.


Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.


Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.


Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.


Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.


Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.


Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar. 


 Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.


Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.


Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.

10
262
5498
02.04.2025 03:05
Sibraýt (Eng. Sebright) — Angliýada ösdürilip ýetişdirilen towuklaryň bir tohumdyr. Jon Sibraýt bu tohumy döretdi we ony ilkinji gezek 1815-nji ýylda görkezdi. Ol gelip çykyşy boýunça karlikdir. Iki jynsdaky guşuň ýelekleriniň tipi birmeňzeş, ýagny horazyň aýagynda, bilinde we guýrugynda ýiti uçly ýelekleri bolmaýar. Horaz bilen towugyň ikisiniň hem her ýeleginde birmeňzeş nepis nagşy bolýar. Munuň üçin, horazlarda towuk guýrugy (guýrugy towlanan bolmazdan) bolmalydyr. Olaryň şekili gysylan, ykjam, gysga bolýar. Göwresi oňat tegelenen. Döşi açyk aýdyň, bedeni göni. Guýrugy ýelpewaç şekilli, giň, her tarapynda ýedi sany guýruk ýelekleri bar; ýaş horazlarda ýokarky guýruk ýelekleri beýlekilerden 2 sm ýokarlanyp biler. Aşak tarapa seredýän, ýere degip duran ýaly we bedene berk birleşmedik ganatlary bar.

Olaryň uly we uzyn göwresi, ganatlarynyň ýokary galdyrylyp, bedene gysylan ýagdaýda ýerleşmegi, ýeleklerinde nagyşlaryň bolmazlygy kabul ederliksiz kemçilikler hasaplanýar. Towuklar inkubasiýa instinktine eýedirler. Ýylda agramy 30 g bolan 60-90 sany, ak ýa-da sarymtyl reňkli ýumurtga berýärler. Kiçijik agramy bilen Sibraýt käbiri kepderilerden erbet uçmaýarlar. Horazlaryň ortaça agramy 0,6 kg, towuklary 0,5 kg. Halkanyň ululygy: horazlar üçin 11 mm, towuklar üçin 9 mm hasaplanýar.
6
147
5498
01.04.2025 05:26
Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýadym, aýagy ýok adamy görenime çenli😔
6
37
5498
31.03.2025 06:28
Bu durmuşda kän ýanylar, öçüler.
Uzak ýollar kynlyk bilen geçiler.
6
47
5498
29.03.2025 19:34
Baýram namazy (arap. صلاة العيد‎‎). Baýram – şatlyk diýmekdir. Arapçasy «yýd» bolýar. Baýramçylyklaryň jemgyýeti biri-birine jebisleşdirmek taýyndan ähmiýeti örän uludyr. Gadymdan häzirki günümize çenli her bir halkyň özüne mahsus baýramçylygy bolupdyr. Resuly Ekrem Serwerimiz Medineýi Münewwerä gelende, ýerli ilatyň ýylda iki gezek baýramçylyk geçirýändigini görende: «Allah Tagala size şol iki baýramçylygyňyza derek, has haýyrly iki sany baýram gününi yhsan edendir» diýip, Remezan we Gurban baýramlary hakynda habar berýär. Remezan aýy gutarandan soň bir gün, Gurban aýynda Arafa gününden soň bolsa dört gün agyz beklemek haram bolandygy üçin Remezan baýramy (yýdül-fytyr) bir gün, Gurban baýramy – (yýdul-azha) bolsa dört gündür.
Baýram günlerinde ir turup ýuwunmak, dişleriňi miswak bilen arassalamak, ýakymly ysly atyrlar sepinmek, arassa we täze eşikleriňi geýmek, Allah Tagalanyň nygmatlaryna şükür niýeti bilen begençli bolmak, duşuşan din doganlaryňa güler ýüzli bolmak, mümkingadar köp sadaka paýlamak, baýram gijelerini ybadat bilen geçirmek baýramyň adabyndandyr. Remezan baýramynda namazdan öň hurma ýaly süýji zatlar iýip mesjide gitmek, Gurban baýramynda bolsa, namazdan öň hiç zat iýmezlik mustahapdyr. Hatda gurban kesjek kişiniň damagyny çalan malynyň eti bilen agyz açmagy has gowy görülýändir. Şeýle-de bolsa, namazdan öň iýip-içmegiň hiç hili zeleli ýokdur. Baýram günlerinde musulmanlaryň biri-birini mübäreklemegi, biri-birine haýyr we magfiret dogalary etmegi hem baýramyň edebidir. Şeýle hem, baýram gününiň hormatyna öýkeliler ýaraşmaly, biri-birini razy etmeli, dost we garyndaşlaryň ýanyna görüşmäge gitmeli. Maşgalanyň kiçileri ululary mübärekläp, haýyr dogalaryny almaly, göwünlerini hoş etmeli. Baýram gününde musulmanlar biri-birini mübäreklänlerinde: "Allah bizi we sizi bagyşlap, ýalkasyn" ýa-da "Allah bizden we sizden kabul buýursyn" diýip doga etmegi mendupdyr.
Gün doganyndan 45-50 minut soň, baýram namazynyň wagty girýär. Öýle namazyndan öň, istiwa wagtyna çenli dowam edýär. Baýram namazy iki rekagat okalýar. Azan we kamaty ýokdur. Okalyş düzgüni şeýledir. Ymam: «Iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýram namazyny okamaga we maňa uýanlara ymam bolmaga» diýip niýet edýär. Jemagat hem: «Iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýram namazyny okamaga, uýdum şu ymama» diýip niýet edýär. Ymam niýetden soň: «Allahu Ekber» diýip, iftitah tekbirini getirip namaza durýar. Jemagat hem tekbir getirip namaza durýar. Her kim içinden «Subhanekäni» okaýar. Soňra ymam yzyly-yzyna her gezeginde ellerini gulaklaryna ýetirip, üç gezek tekbir getirýär. Jemagat hem ony gaýtalýar. Birinji we ikinji tekbirlerden soň, eller aşak goýberilýär. Üçünji tekbirden soň, täzeden gol gowşurylýar. Bu tekbirlere zewaid tekbirler diýilýär. Zewaid tekbirleri wajypdyr. Mundan soň ymam içinden e’uzü-besmeläni aýdyp, Fatihany we zammy suräni jehri okaýar. Soňra ruku’ we sejdeler berjaý edilýär we ikinji rekagata turulýar. Ikinji rekagatda ymam ýene içinden besmele aýdyp, Fatihany we zammy suräni jehri okaýar. Kyraet gutarandan soň, birinji rekagatda bolşy ýaly, zewaid tekbirleri getirilýär. Üçünji tekbirden soň, gol gowşurman ýene «Allahu Ekber» diýlip ruku’ we sejdeler edilip oturylýar. Soňra tahyýýat we salawat hem-de dogalar okalyp salam berilýär. Şeýlelikde, baýram namazlary tamam bolýar. Namazdan soň ymam münbere çykyp hutbe okaýar. Juma hutbesindäki ýaly, baýramlarda hem iki hutbe okalýar. Ýöne baýram hutbesine tekbir bilen başlanýar. Jemagat bolsa bu tekbirlere goşulýar. Gurban baýram namazyny wagty giren badyna okamak, Remazan baýram namazyny bolsa, wagtyndan biraz gijikdirip okamak mustahapdyr. Hutbede baýramyň ähmiýetinden, many-mazmunyndan gürrüň berilýär. Gurban baýramynda bolsa, Gurban bilen baglanyşykly hökümleri, we teşrik tekbirlerini jemagata ýatlatmak peýdalydyr. Hutbeden soň, jemagat bilen birlikde doga edilýär. Şunuň bilen baýram namazy doly tamamlanýar.
7
41
5498
26.03.2025 19:18
Microsoft kompaniýasyny esaslandyrjy şahsyñ aýdan gyzyldan gymmat sözi...
9
110
5498
25.03.2025 08:50
🤣🤣🤣
7
303
5498
24.03.2025 10:15
Bu ýyl Çempionlar ligasynda kim çempion bolar?
5
87