1606
24.12.2023 11:53
Ýalta hiç haçan ýeñmeýär,ýeñiji bolsa hiç haçan ýaltanmaýar.
Wagtlaýyn şowsuzlyk-entek gutarnykly ỳeñliş däldir!
Iş etjek adam her edip hesip edip ýolun gözlär,etmejek adam bahana gözlär!!!
26
65
1606
23.12.2023 09:50
1.Dünýäni özgertjek bolsaň ilki özüňi özgert!
2.Iň uly ýalňyşlyk men hemme zady bilýändirin öýtmek.
3.Mynasyplar öz ornyňyzy bimynasyplara bermäň.
4.Iller günde 8 sagat işlese sen günde 16 sagat işle çünki sen olardan 2 esse tiz hereket edersiň,maksadyňa 2 esse çalt ýetersiň.
5.Nire-de kim bolup gezseňem,milliardlap pul gazansaňam,ylymda parlak bolsaňam hiç haçan özlügiňi unutma!
6.Hiç haçan hem özüňi aldama,öz arzuwlaryňa ikilik etme!
7.Söýgi bar ýerinde bagt hem üstünligem bardyr ýöne olaň bar ýerinde söýgi ýokdur!
8. Geljekki iň uly maksadyňy bir kagyza ýazda şony gündelik ýatmazdan 15 minut öň sesli birnäçe gezek gaýtala we edil şol maksadyña doly ýeten ýaly bol hem-de şoňa ýürekden ynan,bu işi gündelik yzygider gaýtala we gündelik hem ynamyň diňe artsyn sen şonda şol maksadyňa ýetersiň,bu hakykat durmuşyň özi saňa maksadyňy amala aşyrmak üçin mümkinçilikler döreder!
9.Dünýäni özgerdip biljek güýji barka sähelçejik amal bilen çäklenip oturmagy adamzadyň iň uly aýbydyr!!!
10.Ýalñyşmakdan gorkýan adam üstünlik gazanyp bilmez!Bir şowsuzlykdan beýleki bir şowsuzlyga geçmek hem üstünlikdir!!!
18
26
1606
22.12.2023 09:23
Bir güni mugallym:"Bir okuwça ulalañda kim bolmak isleýäň?"diýip sorag beripdir.
Okuwçy:"Men ulalamda bagtly adam bolmak isleýän diýipdir!"
Mugallym:"Ýok,sen soraga düşünmediň?!"
Okuwçy:"Ýok,mugallym siz durmuşa düşünmediňiz!"
23
44
1606
21.12.2023 20:18
Bizde üstünlik gazanmak üçin elimiz,aýagymyz,aňymyz we günde 1440 minudymyz bar
17
56