Akyldarlaryñ birinden:
- Wajyp we - has wajyp,
- Täsin we - has täsin,
- Agyr we - has agyr,
- Ýakyn we - has ýakyn zatlar näme? diýip sorapdyrlar.
Akyldarlar olara şeýle jogap beripdirler.
- Ýazygyña dessine ökünmek we toba etmek wajyp, - emma ýaramaz işlerden, oñlanmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp.
- Wagtyñ juda çalt geçýändigi täsin, - ýöne ynsanyñ muña asla ähmiýet bermeýändigi, gapyl galýandygy has täsin.
- Kynçylykly günlerde sabyr etmek agyr, - emma ondan gazanjak soganyñy zeýrenç arkaly ýele gidirmek, ýitirmek has agyr.
- Umyt edýän her zadyñ ýakyn, - emma duýup bilýän adam üçin, olara eltýän ynam olardanda has ýakyn.