0878
03.07.2024 22:32
( bolan waka)
Tahyr Aýjemal bilen toý tutanyna eýýäm 8-9 ýyl geçipdi.
Wagtyň çalt geçäýşini.Özi bilen deň toý edenleriň eýäm iki üç çagasy bardy
Bularyň bolsa ýekeje ogly bardy. Şatlykjan dünýa inende agramy uly bolup keserewo kesimi bilen bolupdy.
Ozal hem tutyş göwrellik döwründe berk gözegçilikde duransoň, çagasy bolanda-da howp awanypdy.
Tahyr bilen Aýjemalyň gan topary we ganyň resus faktory otrisatel gelip çaga howp salypdy. Lukmanlaryň tutyş göwrelik döwründe ünsden düşürmänjik berk gözegçiliginiň astynda Şatlyjyk dunýa inipdi
Ondan bäri 4-5 ýyl geçdi. Aýjemalyň göwresinde soň çaga galmady.
Her ýerde ýatymlaýyn bejergi alyp çykdy, ýöne peýda bermedi.
Halys ukoldan bejergiden ýadan Aýjemal ýekeje ogly Şatlyjygyň jany sag ulanmagynyň aladasynda bolyberdi
Şatlyjyk gaty garagoljady, enaýyja, şadyýanjady
Kiçiligine garamazdan şeýle bir tansa ökdedi .
Çagalar bagynda onyň gatnaşan her bir çykyşlary hemmeleriň göwnünden turardy.
Küýş depdi, lezinka tanslary gaty gowy ýerine ýetirerdi
Tahyr Aýjemal bilen maslahatlaşyp Şatlyjygyň zehini köýmesin diýip şaherdaki tans gurnagyna ýazdyrdy we şo taýda ol durli çarelere gatnaşyp başlady
Adady gündi.Dynç güni bolansoň köçäň çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň bary öýdedi we bular üýşüp gizlenpeçek oýnyny oýnaýardylar.
Tahyryň uly maşyn ulagy ýolyň gyradynda durdy. Çagalar maşynyň daş töwereginde gizlenip, onyň yzky uly tigirini bolsa, pellihana edipdiler. Birinji çykan çaga şo taýda duryp ýuzini tigre ýaplap, beýlekiler gizlenip bolýanja garaşmaly ýeridi
Bu gezek bolsa Şatlyjyk utylypdy we ýüzjagazyn tigre ýaplap sanap başlady
Dynç alyp öýden çykan Tahyr çagalaryň oýnyna üns bermän, göni maşyny otlady we yza sürende waaaaaaý diýen sözi eştmän, göni ýola maşynyny öwürdi.
Ol barmana beýleki çagalar gygyryşdylar
— Tahyr kakaaaaa Şatlyk maşynyň aşagynda galdy: - diýip
Çagalaryň gohyna Tahyr maşyndan böküp düşdi, görse ýeke dikrary Şatlykjan gana bulaşyp ýatyr .
Wah Allajan diýip çagajygyn alyp Aýjemalada gygyrman göni maşyna ýükläp hassahana sürdi...
Aňyrdan çagalaryň
- Aýja gelneje Şatlygy maşyn basdy, Tahyr kakam dutora äkitdi diýip aýdanda Aýjemal sesin çykarman özini ýere berdi.
Bularyň gohyna goňşy gelin ylgap geldi. Tahyryň telefonyna jaň etseler, oda öýden jyrlady, telefony öýde goýup gidipdir
Goňşy gelin adamsyna aýdyp maşynyny otlap Aýjemaly hem alyp hassahana tarap ugrany hem şoldy welin Tahyr ses edip Şatlyjygy bagryna basyp öýe getirdi
Tötänlikde bolan bu elhenç waka özin gunakärlap, akly huşy serden uçdy. Tahyry köşeşdirmek uly ile iş boldy.
Aýjemal bolsa bir gysym bolup bagryn ýere berdi.
Ondan bolsa ne ses çykdy ne-de seda
Çagajyk elden gitdi.Öý boşap galdy.Şatlyjyk bilen öýiň şatlygy ,bagty hem giden ýaly boldy ....
Adam ömründe her hili garaşylmadyk ýagdaýlar durmyşda gabat gelýar.
Her bir kynçylygy ýeňip geçmek biziň özünize bagly we adam başy daşdan gaty diýleni dogry eken
Nowça
Çagajygyň jaýy jennetde bolsun 🤲🏻
Çagalarymyza göz gulak bolaly şoňa meňzeş. Waka biziň obada hem bolup geçdi uli kamaz maşynynda öz çagasyny bilmen basyp giti Allahym her birimizi gunälerden saklasyn! 🤲🏻
16
93
0878
02.07.2024 23:22
dowamy
Lukmanlar derrew hasaba aldylar
Gaýnym yolda öýe gaýdyşyn magazina meni salyp çaga eşik, özüme taýýar öýde geýer ýaly köýnek alyp berdi. Men diňe näme diýse bor diýip yzyna düşüp ýörün, ogul boljakmy gyz boljakmy o barada pikirem edenokfýuzelýaž, kiçi wagty ogla gyza geýdirseňem bolýan eşikler diýip alyp berdi. Ýygnada goý, hä diýmän geýdirersiň, diyip
Menem bor diýip ýygnap goýdym
Meniň aş saýym örän agyr geçdi
Bir gün gaýnym saňa ýagly et bolanok diýip bir eti gyzylja gowuryp, üstüne ukrop petruşga, reýhan sepip maňa iýdirdi.
Men bu et nämäň eti bir hili balygyň tagamyny berýar, ýöne bu balyga däl
-iýiber Jenýam senem kuwwatlanmala, ýöne gaýtaryp ýörsüňa
-bor iýdimä,, diýip bir tarelka gowyrlan eti iýdim
Bar zada ynam derek diýilşi ýaly, soň ýuwaş yuwaşdan ýagdaýym gowlanyp gitdi
Aý gün geçip durdy
Garaşylýan pursat geldi.
Meniň gyzym boldy. Biz begenip oňa garry enelerni ýatlap Enejan goýdyk. Enejan goýsakda onyň ady derrew Eni boldy.
Barsy Eni diýip tutýardy
Bar zat 7 günlük çagany suwa düşüremizde başlady.
Gaýnym iki aýagyny legene salyp gyzymy suwa saldyk welin 7 günlük çaga suwda çyrpynýar, göýä meni suwa goýber diýýan ýaly. Gaýnym bilen ikimiz haýran galdyk, ýöne üns hem bermedik
Şo günden soň gyzymy suwa salsam suwda ol şeýle bir begenýär suwa düşmäni halaýar. Bizem günaşa suwa düşürýadik
Bir gün gaýnym iki aýlyk gyzymy eline alyp oýnadyp otyrka hany kellejigini tutmany öwrensin diýip garnynda ýatyrdy welin iki aýlyk çaga öýiň içinde garnyny ýere degdigi bes sünip gidip barýar. Gaýnym göz degaýmesin diýip oňa dakyp bilen gözmonjygyn hem dakyşdyryp çykdy. Ondada kän üns beremedik
Çaga 6 aýlyk boldy. Ony arkan ýatyrsam aglaýar ýüzün ýatyrsam bolsa öýiň içinde emedeklemän diňe ýylan ýaly sünüp ýör, ondada uns bermedik
Aradan bir ýyl geçdi. Enejanjan bir ýaşady .
Doglan günunde üsti başyny görer ýaly etmedi diýip men ony uly legene suw salyp içinde otyrtdym welin ol suwyň içinde çyrpynyp ýüzýar. Gaýnymy çagyrdym. Oda muny geň görüp birden hem ihhhhhhh edip içini çekdi
-näme boldy enesi, diýip ýüzlendim
-Jenýam gorkma sen meni bagyşla men ozal hem guman etdim, bu ýöne möne çaga däl, haçanda saňa aş saýyň aşa agyr bolanda maňa, gelniňe ýylan etini gowrüp ber, emi ýomy şo bolar we gelniň hem sagdyn bolar diýdiler. Menem soň ýylan tutýançy tapyp ony soýdyryp arassaladyp saňa gowrup berdim
Indäm muňa seret diýip Enejany eline alyp arkan ýatyrýa welin aglaýar, a ýüzün ýatyrýa welin öýiň içinde sünüp, süşenekläp ýör
Men näme diýjegim bilmedim
Ertesi lukmana barlatdyk. Hiç hili kesel ýok gaýtam sagdyn gowy ösüş kemi yok diýip goýberdi.
Bolman gyzym kesel däldi, ol bir gezek hem kesellemedi, onyň bir kem ýeri ýüzün ýatyraňda we suw görende şoňa bolan höwesi güýçlidi
Bu syry diňe gaýnym bilen men bilýädim...
Aý gün geçip durdy. Şu wagt gyzym 5 ýaşynda. Ony gaýnym suwda ýüzmäge höwesek sportyň suwda ýüzmek görnüşine gatnatdy.
Ol 5 ýaşynda bolsada eýýam iki gezek öz ýaşy boýunça geçirlen suwda ýüzmek boýunça ýaryşda birinjiligi alyp geldi
Gyzym ykbaly nä bolar bilmedim, ýöne ol suwda ýüzmek boýunça geçirilýän ýaryşlaryň birinjiligini welin hiç kime bermejegini, gaýnym bilen men bilýän......!?
15
102
0878
02.07.2024 19:22
Her bir gyzyň durmyşa çykyp bagtly ýaşamak arzuwy bar , baran ýerinde ol öýiň ody bilen girip, küli bilen çykmak bir bada çyda agyr degýär. Öwrenişmek kyn.
Özüm oba gyzy bolamsoň, mekdebi tamamlap şäherdaki litseýiň bugalteriýa bölüminde okuwym dowam etdim.
Şo taýda hem men Serdar diýen yigit bilen tanyşdym. Serdar şäherli ýigitdi.
Men Serdar bilen 1,5 ýyl okap diplomym alyp, menä oba gaýtdym, oda okuwyny dowam etdirmek üçin daşary ýurda gitdi
Men obada arçynlyga tanyş üsti bilen katip bolyp işe girdim.
Işlerim gaty agyr däldi, derrew öwrenişdim we kollektiwim hem obada öň hem tanyş adamlar bolansoň, kollektiwa garylyp gitdim
Men Serdar bilen internetiň üsti bilen hat alşyp, günde günaşa jaňlaşyp durýadym
5 ýyl hem öz aýralygy bilen geçip gitdi.
Serdar bu ýyllarda bir gezejik yurda, bir aý gelip gitdi, galan wagtlary o taýda okuwyndan daşary işleýardi
Serdar okuwyny dynyp diplomyn tassykladyp şäherde bir ederada işe goýyldy
Soň biz Serdar bilen maslahatlaşyp toý tutmaly diýen netija geldik
Iki gapdal goldawy bilen toýymyzy kän uzaklaşdyrman tutdyk
Türkmen däp dessurlary bary edilmeli, düzgün tertipde edildi
Men indi täze gelin, men haladym geçip toý köýneklermi tikinip ýörkäm Serdar maňa şeý diýipdi
-Jumagözel meniň ejem ors tipli zenandyr. Kän köýnekleriň ýeňini uzyn etmegin, birem modaça tikingin,, diýdi
-Serdar täze gelin bolyp ýeňi kelte geýmäge menä utanýan
-bilmedimdä ejem soň beýlä geýdirmez, galanynam öziň bil
-bolýa,,, diýip, geýýän özüm diýip bar köýnegim ýakaly, ýeňi uzyn edip tikindim
Toýdan soň bir iki gün geçdi welin gaýnym ýaşmagymy açdyrdy, men açmajak bolsam ýeke gelnim bar dymma dymma oýnajak däl diýip açdyrdy.
Men welin gymmat gymmat öýme ýaglyk alynypdym höwes etýadim uz ýaşynyp gelinsiremäni, oda boljak däl öýtýan, ýaşmagym açmaly bolsyn.
Gaýyn atam bolsa mydama diýen ýaly işdedi. Ol welaýat häkimlikde işlänsoň öýde bolýan wagtyndan işde bolýan wagty kändi
Gyrpa däldiler. Üç gelnejem bolansoň meniň terbiýäm başgaçady. Meniň gelnejelerime ejem dagy ýaşmagyny açdyrmady. Menem şeýle terbiýede ulanamsoň menem ýaşynmaly diyip pikir etýärdim, emma gelin bolyp gelen ýerim beýle däldi, bular ýarym orsynça düzgüne garylyp gidipdir.
Menem gelen ýerim bilen bolmalydym
Gaýyn enem uly kitaphanada kassir bolyp işleýardi.
Ol meni hem bir aý bolmaňka perewod etdirip öz ýanyna bugalteriýa hasapçyň kömekçisi edip işe geçirdi
Indi günde ikimiz bile işe gitýädik. Işden gelip hem bile nahar etýäs bile iýýas
Bular stol stulda otyryp kuhniýada nahar iýýaler, bu düzgin ilki bada maňa agyr degdi, men nirede gören zadym, öýde klenka ýazyp üşüp nahar iýýadik, özäm bir nahar, a bularda bolsa iki nahar iýmeli, umuman bişirýan naharlarmyz hem ors naharlarydy, uýgunlaşmaly bolýadym.
Men bolsa çorba nan dograp sogan bilen tutyp iýesim gelýadi, a bularda bolsa tarelka nahar guýmaly aýra aýra tarelkada naharlanmaly.
Serdar bilen hiçem bir okaradan nahar iýip gormedim. Bizde bolsa kakam gelnejem bilen doganym aýra okaradan nahar iýdirmezdi. Her ýeriň bir düzgüni bar eken
Menem ýuwaş ýuwaş uýgunlaşdym
Gaýnym maňa günde bir täze köýnek hökman alyp berýadi. Ol işden çykyp türk magazina girip taýýar köýnekden alyp gaýtýa, özüne-de maňada meňzeş edip.
Soňra erte işe şony geý diýip gaýnym bilen meňzeş köýnek geýip gitmelidim. Men bolsa toyymda tikinen köýneklerim geýesim gelýadi. Olary geýmage mende mümkinçilik hiçem goýanokdy. Bezenmäni we bezemani gowy görýärdi. Meni gelindir öýdenokdy öz gyzy ýaly görýärdi.
Meniň nebir Jumagözel adym hem ýatdan çykara geldi. Gelin bolyp şu öýe gelen günüm Junagözel adyma Jenýa öwrüldi. Maňa uly kiçisi Jenýa ýa Jenýa gelneje diýýadiler. Serdarada men Serdar diýaýmesem bary Serik diýýadiler....!?
Ynha obadan gelin bolyp şähere düşüp ors tipçe düzgüne hem öwrenişip gitdim, öwrenmän gitjek ýeriň niri diýsene, gaýnym görgüli Jenýam, Jenýam diýip kökenegä meniň üstümde
Aý gün geçip durdy. Bir gün nahar iýip başladym welin birden ýüregim bulanyp gaýtaryp başladym. Indi nahar görsem ýüregim bulanýa iýmegä beýlede dursun
Gaýnym ertesi işden ruhsat alyp meni anyklaýyş we maslahat beriş bölüme barlaga äkitdi
Barlaglaryň netijesi belli bolýança iki gezek gaýtaryp geldim Barlagyň netijesi belli boldy. Men göwreli ekenim 12-13hepde
dowamy bar
17
115
0878
29.06.2024 23:53
2 bölümiň dowamy
Hakyky bolan Waka esassynda ýazilan
Bu wakadan soñ bàş yyl geçdi, men bu yyllarda hiç hili olar bilen gabatlaşmadym
Men soñ Wepa diyip bir oglan bilen tanyşdym.Soñ ol halayanyn aytdy, razy bolsañ öylenjek diyip aytdy.
Wepa men duşen yagdayym aytdym, soñ erteki gün ýüzüme dañma diyip. Ol hem arkayyn bol meniñ durmysym hem señkiden öwerlik dàl menem diñe öylendi adyna galdym meniñ hem durmyşym dyr-bulaşyk diyip aytdy
Men Wepa bilen toy tutdym, toyy ulydan tutdyk enem atam dagy bilen hem razylaşyp, bular olary hem razy edip ak pata alyp durmyş yolyna ikimiz bileje gadam basdyk.
Meni Wepañ bir aydan sözi hiç mañzyma batmady ol hem çagany taşlamadyk bolsañ şu wagt biziñ 5 ýaşlyja oglymyz bolardy, özam onyñ adyna hem Sapa goyypdyrlar ekeni, seret meniñ adym bilen çalymdaş bolardy, diyip meniñ 5 yyl mundan öñ eden ökünip añyrsyna çykyp bilmeyän günami yatlatdy otyryberdi
Birnäçe gün geçdi weli men Nabat gelnejani idap geldim. Nabat gelneje meni görup gujaklady, başyña bir iş düşdümi diyip pul hödürledi.
Men gepi nameden başlajagym bilmedim we ahyr yuregim daşa baglap
- Nabat gelneje men öz oglymy Sapany almaga geldim, diydim
- Suray ilki sen oglyñ nahili ýaşayanyn gör we indi men ony saña bermen sen tutyş gözuñ göryan zadyn alay şu öyden, ýöne men Sapajanym bermen, men diñe şonyñ üçin ýaşaýan diydi
Menem şu öyden name almaly bolsa men şuny sayladym diyip añyrdan ejaaa diyip Nabat gelnejeme ylgap gelyan oglanjygy elim bilen tutyp gujakladym
Sapa bolsa bir çyrlady menden yadyrgap
Nabat gelnejem haydap gelip batly elimden Sapany aldy we Indam şu öyden yok bol, bu çaga senki dàl meñki, sen bu çagany 5 yyl mundan öñ maña satdyñ, eger şonda men bu çaga eye bolmadyk bolsam bu çaga hazir yetimler öyinde bordy iñ soñy hem sen şo wagt dogyryp roddomda goyyp özuñ hem gaçmagy ýüregiñe düwüpdiñ
Indam gowja pikir men öynamaga bar dokumentasiyalary öz adyma yazdyrmadym, seniñ edip biljek zadyñ yok, çagany sen dogyran hem bolsañ çaga baradaky dokumentler diñe meniñ adyma yazlan we çaganyñ doglyş şahadatnamasy hem meniñ adymda dur, seniñ yeke yerde hem adyñ yokdyr diyip elime bir lokga pul berdide howlydan sürap diyen yaly çykaryp kowdy.
Men beren pulyn yzyna zyñdym we diñe çagamy beriñ diyip agladym
Nahat gelnejem hakyky dogry aytyardy, şo mahal yeke yerde hem men öz adym goýdyrmadym.Öz islegim boýunça, gyz halyna çaga dogyrdy diyen ada eýe bolmajak bolyp, yekeje yerde hem adymy yazdyrmadym
Meniñ çagalyk düşünjam, yekelik, agyr gün, aldanmak durmyşyñ kynçylygy, şo mahallar meni pikir etmage goymady, bolan iş boldy indiki maslahat
Meniñ barmadyk yerim galmady, hiç yerde meninki dogry diyyan yok, baran yerim iñ bolmanda dogran kagyzyñ getir diyarler. Men ony nireden alayyn şo mahal hatda şo tayda hem Nahat gelnejem öz adyny yazdyrda?!!!!!!
Men näme etmeli, maña şu barada maslahat gerek
men öz çagamy alyp bilerinmi yada yok?! Ya utuldymmy indi ýa öz durmyşym bilen bolybermelimi?! Men näme edeyin?!
Men öz çagamy alasym gelýär?!
Awtordan
waka öz rugsady bilen yazyldy we sizden, siziñ beryan maslahatyñyzy ol okap otyr, ol agza dàl meni yzarlap mende myhman bolyp otyran biri, ol siziñ yazan teswirleriñizi okap otyr
Belki Suraya tazeje durmyşyna gönükdirmek üçin bir zatlar maslahat goldaw berersiñiz!
Ýenede etjek hayyšym Suray sizden ruhy goldaw we maslahat isleýär, ol özüni bagyşlap bolmajak eden işi uçün wyjdan azabyn çekýar, hemde siziñ özüñiz şonyñ yerine bolan bolsaňyz name ederdiñiz?!
Agzalar siz näme diýeňiz pikiriňiz bolsa kom belep bilersiňiz men pikirimçe suraýýyňky ýaňlyş. çagasyny 5 gün däl 5 aý däl 1 ýyldanam habar tutman dim bolmanda şo 5 ýiliň içinde 1 gezek hem jaň Edip çagasyny idemen 5 ýil geçenden soň çagam diýip geleni dogrymyka menimçe ýaňlyş ol çaga başka Aýaly ejem diýip bilýär şo aýaly mährini alan oni üstüne ol çagasyny Pullan indem gelip çagamy be diýe Toba "Allahym daş etsin Ämin Esstafirlah"
16
188
0878
29.06.2024 21:22
Indi men yekedim. Name etjegim bilman diñe aglayardym. Kelebiñ ujyny ýitirdim.
Öye barmaga ýüzüm yokdy. Barmaly bolayandada bu ýagdaýda baryp bilmezdim
Gunler meñzeş meñzeş bolyp geçip durdy.
Ine bir gün duydansyz yagdayda öy eyesi gelip tanyş gelinleriniñ öyinde iş bar, onyñ àri iş saparda hemmä yoldaş gerek hemde öyiñ onsyny munsyny eder yaly bir gyzjagaz gerek diyip gurruñ etdi. Sen şona işe git hemmä Jayyñ mugt bolar hemde işlan hakyñy alarsyñ. Bu tayda yeke özuñ aglap ýoreriñ bilen kömek etjek yokdyr , özüñ ylgaymasañ, diyip maña bir işjagaz tapyp geldi
Men goşlarym ýygnaşdyryp öy eyesi bilen olara gitdik
Barsam ynha birenayy alçajyk gelneje gadyr bilen garşylady
Men Nabat gelnejani gowy gördim, onyñ bilen esen tanyş yaly derrew öwrenişdim. Ol meniñ duşen yagdayyma gynandy.
Gunlerde bir gün Nabat gelneje meni çagyryp
-Diñle Suray belki sen razy bolsañ Sañada mañada peýdaly maslahat bar
- ayt diñleýän
- aytsam Surayjan seniñ maña kömegiñ gerek
- o nà kömek seniñ hemme zadyñ yetiga, depseñ yranmaz baýlygyñyz bar ahyry, diydim
- Wah Surayjan o zatlary ulanara öyde çaga yoga, men indi 9 yylyñ içi hiç çagam bolanok, galanok göwrame, diyip aglap başlady
-Nabat gelneje goyayda sesiñi menden na kömek ayt, hany edeyin
-Suray şu göwrañdaki çagany maña ber, sen hazir gyz adyñ bar, soñ öye bar kimde bolsa birine durmyşa çyk, öz bagtyñy tap, çaga barada alada etme men ony yag iydirip yüpek geydirerin, diyip meniñ bilen deñje aglap öz durmuşyñ doly dàl tarapyny aytdyp derdinişdik
- Suray sen oylan göwneseñ erte seni doktora àkitjek diydi
- Bolya Nabat gelneje, diyip öz işlerime gumra bolyberdim
Ertesi irden men Nabat gelneja razy çagany dogryp saña berjek diydim.
Ol begenjine derrew eşiklerin geyip, bu hawary àrine jañ edip aytdy.
Àri hem meniñ bilen gepleşip sen name gepleseñ şol hem bolar diyip aytdy
Soñ men Nabat gelneje bilen doktora gitdim.
Maşgala lukmana baryp , hasaba durdym
Men göwrellik baradaky kartamy Nabat gelnejaniñ adyn berdim öz adym diyip, pasportymyz zalokda öy goş alamyzda goydyk diyip aldadyk
Maşgala lukman meni wagtlayyn ýaşaýar diyip hasaba aldy
Biz lukmandan gaydyp bazara bardyk. Nabat gelneje bir çaga eşik aldy iki sary paket badyr, mañada iki lay eşik alyp berdi.
Şo günden soñ meniñ durmysym doly üytgedi. Nabat gelneje maña iş etdirenok ony iy, muny iy, ony iyme, muny iyme meniñ iymitime diklem duryp sertýardi
Ay gun geçdi, meniñ wagtym boldy biz şo dokument boýunça roddoma bardyk, pasportynyz gerek diyende Nabat gelnejem yene bahana tapdy. Meni üç gunden soñ roddomdan çykardylar we surat gerek diydiler. Nabat gelnejem öz suratyn we pasport kopiyasyn çagany daşary çykaryp meni maşyna mundirip, şofera me şu zatlary işikde durana ber diyip dokumentleri berdi. Ay name suraty yetmeyän surat bilen yuz kesbi deñeşdirip duran barmy, hiç kim bilmedàm
Biz öye geldik.Men çagany Nabat gelneja berip Gyzylarbatdaky ayal doganymyñka gitjekligim aytdym
Nabat gelnejem àrim gelyar erte gelsin özi seni elin düşürip gaydar diydi
Ertesi men goşlarym yygnadym Nabat gelnejem we yoldaşy maña ummasyz pul, egin eşik, gymmatbahaly şay sep bilen sylaglap meni ayal doganymyñka elin düşürip gaytdy
Men onsoñ olary bir gezek hem görmedim, yone oguljygym gözi edilje Kemaliñ gözidi.
Dowamy bar
15
137
0878
29.06.2024 13:59
1 Bölüm
Gelnejemi doganym Türkde işleyandigi sebapli ejemiñ diyenine gulak asman öz ýanyna alyp gitdi. Gelnejem bilen men hem bile gitmeli boldym
Turkiyada biz gelnejem bilen gowy mashgalada işledik, Mena çaga seretdim, gelnejem bolsa öyiñ içiniñ arassaçylyga seretdi we nahar etdi
Doganym et dükanda işleyardi. Öy eyeleri ikisam yokary işde işleyardi we mydama diyen yaly komondrowkadady. Doganym meniñ işlan hakymy alanokdy, özuñ üyşir erteki gun durmyşa çykañda gerek bolar diyip bir teññami hem almayardy, öyde mydama gelnejem, men we o çaga Bahar bardy, biz gaty gowy ýashayardyk.Öy eyeleri gelen wagty çagajyk maña yapyşyp men bilen oynanyny kem görenokdy. Olar begenip meniñ aylyk hakymdan dashary goşmaça pul, eşik hem beryadi yada sowgat geçirýardi, masgala arassady, halal maşgalady.
Men wagtyñ geçmegi bilen o tayda okap yören bir yigit bilen seyilgahde tanyşdym, ol oglan Tejenden eken. Tanyşlygymyz yuwaş yuwaşjadan söyga yazyp gitdi. Ol oglanyñ ady Kemaldi
Kemal bilen günde gunaşa duşyp başladyk
Gunlerde bir gun öyde yeke özumdim. Kemal geldi, gelşine gujaklap yurda gideli toy tutaly diyip aytdy
Men razylaşdym. Şo gije Kemal meniñ yanymda boldy, biz bile boldyk
Şo wakadan soñ Kemal mensiz bir guni hem geçirenokdy, seni alaryn, sen meniñ gelnim diyip diñe meniñ bilendi
Gelnejem bilyardi meniñ Kemal bilen bile bolanym oña hem aytmasam bolmady, aytmaly boldym
Biz şeydip Kemal bilen 6 ay bile ýaşadym. Doganym hem Kemali gowy gördi sebäbi Kemal hem okayardy hemde işleyardi, barlyja yeriñ çagasy bolansoñ öyinden hem pul gelip durdy
Ol gazanan pulyn maña beryadi ony alarys muny alarys diyip. Men oña durkym bilen ynanýadym
6,5 aydan soñ mende bir uytgeşme bardygyn duydym. Gelnejeme aytdym.Gelnejem meni lukmana alyp gitdi, baryp özumi barlatdym analizden geçdim. Ultra ses barlagyndan geçemde 22-23 hepde gowrelik diyip berdi. Men birda begendim. Birde hem gynandym,men heniz toy etmedik gyzdym
Gelnejem Kemali çagyryp sen gyzy alyp gaç goy gyz gaçdy diyen gurruñ yayrasyn gyz halyna gowreli bolypdyr diyen gurruñdena gowydyr diyip meni Kemal bilen doganyma aytman Turkmenistana ugratdy
Bar başagaylyk hem yurda gelenimizden soñ başlady
Kemal meni bir kreyne jay tapyp şonda goydy we bir öye aylanyp geleyin enem atamy yrayyn diyip gitdi
Üç günden gelerin diyip giden üç hepdeden hem gelenok.,hawar hem yok toçniy öy adresin hem bilemok telefony hem öçük
Iki yarym aydan maña natanyş nomerden jañ geldi.
- Alo Suray senmi
- Howwa men Kemal senmi, eygilikmi, näme boldy sen nirede gowlykmy, nameuçin meni bu ýagdaýda yeke goydyñ,sen nirede boldyñ jogap ber?
- Suray gowlyga dàl enem atam meni, meniñ yogyma seretman öýerdiler, alan gyzym ejemiñ yekeje yogalan erkek doganyñ yeke çagasy, keseka gitmesin diyip meni zor bilen boyyn etdiler , boyyn bolmajak boldym ejem çaşyp agzy burnyndan gan gelip tas ölüpdi lukmanlar oña kelle beyni gan aylanşygynyñ yiti bozulmasy, Esensial gipertoniya 3-4 dereje, Aterozklerozly kardioskleroz,yuregiñ infard miokardy keselleri bar hassahana bejergi aldy.Ejem renimasiyada bir ay yatdy
Bagyşla gulum men indi özga degişli.Men wadamda durjak boldym, kakam ýa ejeñi sayla ýadà o gyzy, gitseñ bizden geçip gaydyp meniñ dogmam dalsiñ, ejeñe eger sen sebapli bir zat bolaysa ikinizam ýaşatman, diyip maña şert goydy, mende çykalga bolmady.
Meniñ saña beren pullarym bir gyza dàl uç gyza yeterlik badyr, öz durmyşyñ özüñçe gurna! Diyip aytdy
Men diñe pul hiç çaga name bu gun erte dogmala, wagty bolyp baryar men çagany name edeyin diyip elewrap aglap başladym!!!.......
( Dowamy bar)
16
153