❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
06.07.2021 12:56
Awstraliýada “Tizlik öldürýär” diýip şäher bar
•••
 Jandarlaryň içinde diňe adamlar we piller özüne meňzeşleriň jesetlerine gynanç bilen garaýarlar
•••
 Tarakan kellesiz 9 gün ýaşap bilýär, ondan soñ ol açlygyndan ölýär.😶
•••
 Açyk gözleriñ bilen asgyryp bolmaýar.😕
•••
 Krokodiller dillerini agyzlarynyň daşyny çykaryp bilmeýärler.
•••
 Her ýylda Ýere 519 000 kilometr kub ýagmyr dūşýär. Bir kilometr kub ýagyn milliard tonna suw diýmekdir
•••
 Anatidaefobiya - dünýäniň bir ýerinde bir ördek seniň yzyňdan yzarlaýar diýip pikir etmek(😄😄😄)
•••
 Kitler käwagt öz janlaryna kast etýärler.
•••
 Biriniň ýüz keşbini ýada salmak üçin beýnimiziň sag tarapyny ulanýarys.
•••
 Nýu-Ýorkda jaýyň depesinden bökmek synanşygyny ölüm jezasy bilen jezalandyryp bilýärler😮
•••
 Antarktika –hiç bir döwlete degişli bolmadyk ýeke-täk ýerdir.
•••
 Iň çalt gol 1995-nji ýylda Demýen Mori tarapyndan 3,67 sekuntda salynýar
•••
 Google-iñ ilki başda ady BackRub ekeni🙄.
•••
 Ýaponiýanyñ köçeleriniñ atlary ýok.😯
•••
 1666-njy ýyldaky Londondaky belli ýangyn 13200 jaýlary ýakdy, ýöne bary ýogy 6 adam ölipdir
•••
 Eger pes we rahat äheňde gürleseň, garşydaşyňdan aňsat üstün çykarsyň🙄🙄🙄🙄🙄🙄🙄🙄🙄
•••
 Şwesiýada Karlson familiýany göterýän 300000 adam bar😮
•••
 Öz-özüňi gyjyklap, gyjygyňy getirip bolmaz🙄
•••
 Guraksy klimaty bilen meşhur Botswana ilatynyň salam diýen sözi ýagmyr diýen manyny aňladýar. Olar hatda milli walýutasyna hem ýagmyr adyny beripdirler.
•••
 Eger-de hytaýlylar biri-biriniň kellesiniň üstünde dursalar, onda olar Ýerden Aýa çenli 3 gezek baryp ýeterdiler😮
•••
 Kalibri guşy ýöräp bilmeýär😮
•••
 OK sözi iñ belli söz.🙄
•••
 Zenanlaryň ýüregi erkekleriňkiden çalt urýar
•••
 Iñ agyr metal – Osmiý
•••
 Sogan dogralanda sakgyç çeýnemek göz ýaşarmadan goraýar
•••
 Sahara çölündäki adam ýagyşda galyp hem gury gezmegi mümkin. Çünki damjalar ýere ýetip gelmeýär, gyzyp duran howa olary bugardyp goýberýär.
•••
 Adamyň we goýunyň DNK-sy 50% gabat gelýär(🤔🤔🤔)
•••
 Adama täze häsiýeti endik etmek üçin 66 gün gerek(😏
•••
Orta hasap bilen her ýyl eşekler tarapyndan öldürülýän adam sany uçar heläkçiligine garanyňda has kändir.
••••
 Soňky 4000 ýylda haýwanlaryň ýekeje görnüşi hem eldekileşdirilmedi
•••
 Ortaca hasaplanynda aýallaryñ söz baýlygy erkekleriñkiden ulydyr

ɢʏᴢʏᴋʟʏ ᴍᴀɢʟᴜᴍᴀᴛʟᴀʀ ᴀʟᴀɴsʏɴʏᴢ ᴅɪʏɪᴘ ᴜᴍʏᴛ ᴇᴅʏᴀɴ😊🙂🙂






🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂🙂
11
226
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
05.07.2021 06:47
Beýnimiziň hut özi hiç-hili agyry duýmaýar
✓✓✓
 Hiç bir kagyz listyny 7 gezekden artyk ýarsyndan epläp bolmaýar.
✓✓✓
 iPhone 6S-iň bahasyna 10000 sany alma satyn alyp bolýar
✓✓✓
 Eger bir adama 1-den 10 aralykda bir san belle diýseñ onda oñ 7ni bellemegi gaty ähtimaldyr.
✓✓✓
 Tanamaýan adamlaryñyzy düýşde görmeýärsiñiz.
✓✓✓
 ABŞ-nyň ilkinji baýdagynyň awtory näbellidir
✓✓✓
 Çarli Çaplin Monte Karloda geçen “Çarli Çapline meňzeşler” bäsleşigine gizlin gatnaşyp 3-nji ýer alypdyr
✓✓✓
 Adamlar bilen birlikde kosmosda boldylar: itler, şimpanze, syçanlar, möýler, gurbagalar we meduzalar.
✓✓✓
 Hristofor Kolumb blondin bolupdur
✓✓✓
 Adamyň saçy we dyrnagy ölenden soň hem belli bir wagtlap ösýär
✓✓✓
 Bir adam günde ortaça 23 müň gezek dem alyp berýär.
✓✓✓
 Titanik filminiñ bahasy, Titanigiñ özinden gymmat.
✓✓✓
 20 çagadan diňe biri lukman tarapyndan hasaplanan günde dogulýar
✓✓✓
 Erkek adamlary aýallara garaňda ýyldyrym 6 esse köp urýar
✓✓✓
 Diş – öz-özünini dikeldijilik ukyby bolmadyk ýeke-täk beden bölegidir
✓✓✓
 Jadyly söz abrakadabra ilkinji gezek ýokary derejeli gyzgyny bolan hassalaryň gyzgynlaryny peseltmek üçin ulanylypdy.
✓✓✓
 Coca-Colany reňklemedik bolsalar, ol ýaşyl bolardy
✓✓✓
 Keramatly Valentina güninde gutlag otkrytkalarynyñ 85%-ni gyzlar satyn alýarlar.
✓✓✓
 Rolls Royse-y ýygnamak üçin 5 aý, Toyota bolsa 13 sagat gerek bolýar.
✓✓✓
 Pingwin adama meñzäp 2 aýakly ýöräp bilýän ýeke-täk haýwandyr
✓✓✓
 Iñ ýeňil metal – Litiý
✓✓✓
 1984-nji ýylda Mobil telefonyñ bahasy 4195 dollar bolupdy
✓✓✓
 Günüň daşynda sagada garşy aýlanýan ýeke-täk planeta Weneradyr.

9
168
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
05.07.2021 06:47
🄶🅈🅉🄻🄰🅁🅈🄼🄰
Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dert iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, säherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.

Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.

Namartlar kä mert ýigde-de
Nahak ýere şyltak atar.
Ýöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter.

Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.

Durmuş guruň, ylalaşyň
Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizde
Dyzap durmaň öýüňize.

Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýyňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.

Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»

Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!
6
55
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
04.07.2021 12:20
Garaz, kimiň kimdigi
Ahyrsoňy bilinýä.
Bilmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gowy, gowy zatlary
Görseň ýürek ýylynýa,
Görmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Bu dünýäde aglanýa,
Bu dünýäde gülünýä,
Gülmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözi ýaşlyny görsem,
Ýürek-bagrym dilinýä.
Dilinmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Kişä ýagşylyk etseň,
Ýagşy sözler diýilýä.
Diýilmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Biri dünýäden gitse,
Ýene biri dogulýa.
Dogulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözüň bilen görülýär,
Ýürek bilen duýulýa,
Duýulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Ýazgardyňam, eý Alla!
Ýalkadyňam, eý Alla!
Ýalkamasaň näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Berdinazar Hudaynazarow
10
93
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
04.07.2021 12:20
Притча о дочери

Две дочки росли у отца, но он больше любил старшую дочку. Уж очень она была хороша: лицо розовое, голосок сладкий, волосы пушистые.

— Ты нежная, словно роза в саду, — говорил отец, любуясь старшей дочкой.

Младшая дочка тоже была хорошей и послушной, но не нравилась она отцу: на лицо грубовата, кожа на руках шершавая от домашней работы. Поэтому отец ее меньше баловал, больше работать заставлял.

Однажды случилось с отцом на охоте несчастье. Ружье разорвалось в руках. Руки и лицо ему взрывом обожгло и осколками поранило. Врач обработал раны и наложил повязку на руки и лицо. Беспомощным стал отец, ничего не видит, кушать сам не может.

Младшая дочка сказала:

— Не волнуйся, папа, я буду твоими руками и глазами, пока ты не поправишься.

Потом она напоила отца целебным отваром и покормила его. Целый год ухаживала младшая дочка за отцом. Раны на руках быстро зажили, но глаза пришлось лечить долго. Иногда отец просил старшую дочку посидеть рядом, но та всегда была занята: то в сад спешила на прогулку, то торопилась на свидание.

Наконец сняли у отца повязку с глаз. Видит он, стоят перед ним две его дочки. Старшая — нежная красавица, а младшая — самая обычная.

Обнял отец младшую дочку и сказал:

— Спасибо тебе, доченька, за уход, не знал я раньше, что ты такая нежная.

— Мне кажется, я намного нежнее! — воскликнула старшая дочка.

— Во время болезни я понял, что нежность определяется не мягкостью кожи, а поведением, — ответил отец.



Gyz hakda tymsal

Iki gyz kakasy bilen ulaldy, ýöne kakasy uly gyzyny has gowy görýärdi. Ol gaty owadandy: ýüzi gülgüne, sesi süýji, saçlary gowjady.

Kakasy uly gyzyna haýran galyp: “Sen bagdaky gül ýaly näzik” -diýdi.

Iň kiçi gyzy hem gowy we gulak asýardy, ýöne kakasy ony halamaýardy: ýüzi gödek, elindäki deri öý işinden gödekdi. Şonuň üçinem kakasy oňa az ähmiýet berdi, ony has köp işlemäge mejbur etdi.

Bir gezek aw awlaýarka kakasynda betbagtlyk boldy. Pistolet onuň elinde ýaryldy. Partlama ellerini we ýüzüni ýakdy we gyrgyç bilen ýaralady. Lukman ýaralary arassalady we ellerine we ýüzüne bandaj dakdy. Kakasy ejiz boldy, hiç zat görenok, özi iýip bilmeýär.

Iň kiçi gyzy:

“Alada etme, kaka, sen gowulaşýançaň eliň we gözüň bolaryn.

Soň bolsa kakasyna derman çorbasyny berdi we iýdirdi. Iň kiçi gyzy bir ýyllap kakasynyň aladasyny etdi. Ellerdäki ýaralar çalt bejerildi, ýöne gözler uzak wagtlap bejermeli boldy. Kämahal kakasy uly gyzyndan gapdalynda oturmagyny haýyş edýärdi, ýöne ol hemişe meşguldy: gezelenje howlukmak.

Ahyrynda kakasynyň gözündakisini aýyrdylar. Iki gyzynyň öňünde durandygyny görýär. Iň ulusy mylaýym gözellik, iň kiçisi iň adaty.

Kakasy kiçi gyzyny gujaklady we aýtdy:

- Sag bol, gyzym, edeniň üçin, seniň beýle mylaýymdygyňy bilmedim.

- Özümi has ýumşak hasaplaýaryn! - diýip, uly gyzy gygyrdy.

Kakam: "Keselimde näzikligiň deriniň ýumşaklygy bilen däl-de, eýsem özüni alyp barşy bilen kesgitlenýändigine düşündim" -diýdi.


😊😊😊
8
73
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
04.07.2021 09:12
 Ýer şaryndaky suwuň diňe 1,1% içmek üçin ýaramlydyr
***
 Hapa gar arassa gardan çalt ereýär
***
 Saggakaýlar (sag elde ýazýanlar) çeppekeýlerden ortaca 9 ýyl uzak ýaşaýalar
***
 1778-nji ýylda biznesmen Olliver Pollok dollaryñ belgisini döretdi ($)
***
 Garynja öz agramynyň elli essesini göterip bilýär.
***
 Tutuşlygyna garaňkylyga öwrenişmek üçin adamyň gözüne 1 sagat gerek bolýar, şol wagtda onuň garaňkylyga duýgurlygy 100 000 esse artýar
***
 Ilkinji holodilnigiň bahasy 16 000 dollar bolupdyr
***
 Pişikler 100-den gowrak dürli ses çykaryp bilýärler, itler bolsa bary ýogy 10-dan gowrak.
***
 Portugaliýada ýagyş ýagany sebäpli işe çykmadyk adamyň bahanasy esasly hasaplanýar
***
 Gorkuly adam beýleki adamlara garañda gowy görýär.
***
Ýeriň atmosferasynyň agramy 5 300 000 000 000 000 tonnadyr
***
 Düýeguşyñ gözi beýnisinden uly.
***
 “Adam nädip pikirlenýärkä?” diýip pikir edip bilmegimiz beýik intellektliligiň alamatydyr
***
 “Adam nädip pikirlenýärkä?” diýip pikir edip bilmegimiz beýik intellektliligiň alamatydyr
***
 Arylar hiç haçan ýatmaýarlar
***
 Adamlar ömriniñ 2 hepdesini swetoforyñ ýaşyl çyrasyna garaşyp geçirýäler.
***
Her ýylda Aý Ýerden 4 sm daşlaşýar
10
106
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.07.2021 20:37
Gozel Sirgazy

Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Hakdan bize buýruk baglydyr bilim,
Sende taglym aldy, açyldy dilim,
Gelsin diýip garar ol gerkez ilim,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy

Seljerer men indi agy-garany,
Dost, rakyp, gardaşym, haky, ýarany,
Okydym, göterdim kitap kurany,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady,
Jiger talwas urdy, göwün oýnady,
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,
Ylym-taglym algan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Peýman dolmaý, gelsek takat ýetmeýen,
Pinhan zahyr kylmaz akyl gitmeýen,
Bady-paý atlanyp, seýran etmeýen,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Rige girsem-de, guwwas ýüzer men,
Bihasret ýaýnaýam, bigam gezer men,
Dahan içre asal-zyban ezer men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Kämil bolup serenjamlyk kylyp men,
Muşakgatdan, ol pederden galyp men,
Käbämden aýrylyp jyda bolup men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Kutbda saý gözläp, ummana duşdum,
Neýsan guýdy, umman gaýnadym-joşdum,
Hoş gal, bu gün Jeýhun bahrydan aşdym,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Magtymguly taşlap göwün hapasyn,
Sylady pirini, molla, sopusyn...
Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!


Magtymguly Pyragy
8
106
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.07.2021 17:57
Döwülýän stakanyň bölejikleri 4828 km/sag tizlikde zyňylyp bilýärler
***
Burun adamyñ tutyş ömriniň dowamynda ösýär.
***
ABŞ-nyñ ilaty günde 18 gektarlyk pizza iýýär.
***
Adamlar agşamyna irdenkiden 1-2 sm uly bolýarlar. Sebäbi uzak güniň dowamynda ýadap bogunlary kiçelýär
***
Indoneziýanyñ içinde 17 müñ 508 sany tokaýlyk bardyr
***
Zažigalka kükürtden ir oýlanyp tapyldy.
***
Besenži – bu dünýäde ýeke-täk üýrmeýän it.
***
Saçyñ bir gyly 3 kg göterip bilýär.
***
Gök gözli adamlar, beýleki reñkli gözli adamlardan agyryny has gaty duýýarlar.
***
Eger 1 stakan suwa yzyny üzmän 80 ýyllap gygyrsañ onda ony gaýnadyp bolýar.
***
Täze doglan çagalaryň tas hemmesi diýen ýaly gözi gök reňkde dogulýandyr
***
Bir gezek ýanan hiç bir zat ýene bir gezek ýanyp bilmeýär
***
Iñ gymmat metal Radiý bolup onuñ 1 grammy 25 kg altyna barabardyr


8
144
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.07.2021 10:46
Притча о том, как поймать своё счастье

Старая мудрая кошка лежала на травке и грелась на солнышке. Тут мимо неё пронёсся маленький шустрый котёнок. Он кувырком прокатился мимо кошки, потом резво подскочил и снова начал бегать кругами.

— Что ты делаешь? — лениво поинтересовалась кошка.

— Я пытаюсь поймать свой хвост! — запыхавшись, ответил котёнок.

— Но зачем? — засмеялась кошка.

— Мне сказали, что хвост — моё счастье. Если я поймаю свой хвост, то поймаю и своё счастье. Вот я и бегаю уже третий день за своим хвостом. Но он всё время ускользает от меня.

Старая кошка улыбнулась так, как это умеют делать только старые кошки, и сказала:

— Когда я была молодой, мне тоже сказали, что в моём хвосте — моё счастье. Я много дней бегала за своим хвостом и пыталась схватить его. Я не ела, не пила, а только бегала за хвостом. Я падала без сил, вставала и опять пыталась поймать свой хвост. В какой-то момент я отчаялась. И просто пошла, куда глаза глядят. И знаешь, что я вдруг заметила?

— Что? — с удивлением спросил котёнок.

— Я заметила, что, куда бы я ни шла, мой хвост везде идёт за мной.

За счастьем не надо бежать. Надо выбрать свою дорогу, и счастье будет идти вместе с тобой.


Bagtyňy nädip tutmalydygy baradaky tymsal

Akylly garry pişik otuň üstünde ýatyrdy. Soň kiçijik bir pişik onuň öňünden ylgady. Ol pişigiň öňünden ýykyldy, soň çaltlyk bilen bökdi we ýene tegeleklerde ylgap başlady.

- Näme edýärsiň? Pişik ýaltalyk bilen sorady.

- Guýrugymy tutjak bolýaryn! - pişik dem alman jogap berdi.

- yöne näme üçin? - pişik güldi.

- Maňa guýruk meniň bagtym diýdiler. Guýrugymy tutsam, bagtymy alaryn. Şeýdip, üçünji gün guýrugymyň yzyndan ylgadym.

Garry pişik diňe garry pişikleriň edip bilşi ýaly ýylgyrdy we aýtdy:

-yaş wagtym maňa bagtymyň guýrugymdadygyny aýtdylar. Köp gün guýrugymyň yzyndan ylgadym-da, tutjak boldum. Iýmedim, içmedim, diňe guýrugyň yzyndan ylgadym. Tükenip, ýerimden turdum-da, guýrugymy tutjak boldum. Belli bir wagt umytsyz boldum. Men bolsa gözlerimiň seredýän ýerine bardym. Birden gören zadymy bilýärsiňmi?

- Näme? Pişik geň galdy.

- Nirä gitsemem, guýrugymyň hemme ýerden yzarlaýandygyna gözüm ýetdi.

Bagt üçin ylgamak hökman däl. Öz ýoluňy saýlamaly, bagt seniň bilen gider.



😊🙂😏😀

8
37
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.07.2021 18:16
Dowur beyle daldir

Dünýe döräp, heniz şeýle
ajaýyp döwür bolan däldir.
Emma käbir naýynsaplar
özleriniň ähli aýyplaryny
döwrüň ustüne atýarlar.
(Ýaşulular Sowetiniň
maslahatynda bir
gojanyň aýdanyndan)

– A-gyz, näme, hanmydyň sen!
Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun.
Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna
alyp boljak iki sygyr.
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.


Gelin, näme dänjirýärsiň?
Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir:
kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň,
hem dişiňe berdiň jebir...
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– A-how ýigit, bu nä boluş!
Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa,
sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä
sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.


– Men-ä seni tanamadym.
Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen!
Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse
seslenerdi şowur-şowur,
– Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri
iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi!
Öýün goşy – dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti
bylkyldap dur bygyr-bygyr...
–Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.


–Dur, dur gardaş! Konwertiňi
atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de,
seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la!
Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Şägirt inim, eserleriň
setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça,
okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda
ne ýürek bar, ne-de bagyr...
– Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.


Omzy bilen bir gojany
kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy,
garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram
degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.


* * *
Aýna bakyp bezenip dur
çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret, hamyry-da
ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da,
iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Iki mellek ortasynda
gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde
turýar «watançylyk» urşy,
– Agam, sen bir parhlyrak bol,
nämä gerek munça wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– On otagly köşk gurupsyň.
Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi
dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl:
kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– «Moskwiçli», Žigulili»
köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda
lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek
munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Köşek, nirä howlugýarsyň?
Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin.
Özüň bolsa – juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da,
toý eýesi eder sabyr...
– Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.


* * *
– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň
kesildi-le işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak
düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri.
Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– Magaziniň takrap ýatyr.
Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady
haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir.
Gutardy-la takat-sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– A-haw, dogan, düýn dälmidi
öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne
ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp
ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Öňümden bir ýigit çykdy
ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi
dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek
zordan ýörýär gybyr-gybyr...
– Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Soradym men Döwre bakyp.:
«Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany antyň? Hany haýaň?
Serhoşmyň, sen? Telbemiň sen?»


Döwür maňa jogap berdi:
«Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly,
kiçeldýän hem adam ogly.


Biri çekýär ýagta tarap,
biri çekýär gijä tarap –
Uly çekýär ula tarap,
kiçi çekýär kiçä tarap.


Ýagşylara arka durdum,
ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men,
egrilige çagyrmadym.


Ýalan gepi diý diýmedim.
Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny
köýnek edip geý diýmedim.


Münmek üçin maşyn berdim,
ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim,
dort örümiň kes diýmedim.


Dynç almaga wagt berdim,
okamaga – bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym,
öz kisämden mugt berdim.


Bugdaýňyzy orup berdim,
pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem
güjürdedip sagyp berdim.


Söýüşseňiz – ýigit berdim,
söýülseňiz – gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň –
goşgy berdim, gazal berdim.


Dertleseňiz – derman berdim,
işleseňiz – zähmet berdim.


Ýaşamaga al baýdakly,
adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi,
doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz
ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...


Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»





🙂🙂🙂
11
91