✨Aya✨
07.06.2022 00:25


Durmuşymyz tötänlikmi durşuna –
Säwlikmidir, söýgimizi har eden?
Ýa ykbalmy? Bir pursatlyk duşuryp,
Soňra, ömürboýy intizar eden…

Aram-aram bu giň jahan dar bolýar,
Ýürek ýuwdar agyrysyn, ynjanyň.
Besdir maňa bir ýerlerde bar bolsaň,
Nirede gezseň-de sag bolsun janyň!

Öten agşam seni gördüm düýşümde –
Ötüp barýaň, tutdurmaýaň, el bersem.
Şu güne çen garaşyplar düşündim,
Sen ertir hem, birigün hem gelmersiň.

Men-ä şonda geçen bolsam aýlanyp,
Ýa senem şol ýere gelmedik bolsaň –
Bolmasa-da bolmazdy bu aýralyk,
Biz şol gün sataşyp bilmedik bolsak…
6
58
✨Aya✨
✨Aya✨
04.06.2022 13:16
«Undupdyryn, kän zat ýada düşenok». (Indi bu sözlerim äleme ýaýrar...) Seret ahyr, dolanmasaň wagtynda, Men başga adama öwrülip barýan. Menden öňki duýgy deňzi akanok. Tebigatyň bir gahary gelmesin!
✨Aya✨
03.06.2022 22:39
1.Ýaşyňyzyň näçedigini bilmeyan bolsaňyz,özüňize näçe yaş bererdiňiz?
2.Haýsy ýaman:
1.Şowsuzlyga uçramakmy
2.Synanşyp gormezlik?
3.Eger size dunýade diňe ýekeje zady duzetmage rugsat edilse,bu name bolardy?

Bu gunlikce shu soraglar, nesip bolsa dowamy bar.#ýalkymly salam
7
166