Şemşatjan
03.04.2020 22:48
Iñ hezil döwrüñ çagalyk ýyllaryñ eken. Geçeni gaýtaryp bolsady çagalygmy alardym. Gaýsygyzja, aladasyz çagalar bn üýşip bukuldym, kowaşdy, göz dañdy oýnardyk. O wagtlar hiç zatdan habarsyzdyk. Indi bolsa ulaldyk, aladalaram, gaýgylaram şonça ulalýar eken. Käşgä şol çagalyk döwrümizde mekdebe gatnap, kim köp bäşlik alarka dp ýaryşyşymyz ýadymda, hezil günler eken. Täzeden mekdebi okap bolsady gatnamadyk günlemem giderdim. Iñ hezil döwrüñ çagalyk, ýöne kiçikäk ulalsak diýýädik indi düşünýäs.
9
408
12
Şemşatjan
03.04.2020 22:38
Ine şeýle ýigidi söýüñ joralar.
Eý joralar söýjek bolsañ birini
Pugta öwren häsýetini kärini
Her bir işde iller görsün zoruny
Ine şeýle ýigidi söýüñ joralar.
Ýa ulumsy ýa gülegen bolmasyn
Sada bolsun, mekirligi bilmesin
Senden özge gyza nazar salmasyn
Ine şeýle ýigidi söýüñ joralar.
Aýdan sözi bir bolsun iki çykmasyn
Özüni öwüp illere at dakmasyn
Her zat dp seniñ göwniñ ýykmasyn
Ine şeýle ýigidi söýüñ joralar.
10
686
7