Ýaşşahyr.
18.01.2021 20:53
Özüňe ýakyn gözlärsiň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň
Käte ýalanam sözlärsiň.
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Söýgiňi gizlärsiň ilden,
Utanarsyň gybat dilden,
Kämahal çykarsyň dinden,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Assa ýuwaş diliň süýjär,
Söýgä bolan duýgyň güýjär,
Gaharlansaň ýürek ünjär,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Diňe bir zatdadyr oýuň,
Düýşüňde görersiň toýuň,
Ejizläp egsiler boýuň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Kemden artar berekediň
Hökman üýtgär herekediň
Günde bolar şerekediň
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Ene-atadan gaçmaly,
Syr bermän, ara açmaly,
Gözden ýaşyňy saçmaly,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Hangeldi öýlenmeli ýaşyň,
Ýetip geldi, galdyr başyň,
Tanamaly ýakyn daşyň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
5
66
Ýaşşahyr.
02.01.2021 13:58
Saçaklarmyz nana dolar,
Täze ýyl, bereketli gelse.
Ekinlermiz ýaşyl bolar.
Täze ýyl, bereketli gelse.
Ýylgyryş görer ýüzümiz,
Ýaşa beslenmez gözümiz,
Diňlener her bir sözümiz,
Täze ýyl, bereketli gelse.
Ýaşlar gurar, sowky sapa,
Ynsan çekmez, hergiz jepa,
Myhman geler, durar gapa,
Täze ýyl, bereketli gelse.
Peder, zürýatsyz kösenmez,
Garyplar baýa söýenmez,
Rysgal, yzyna dolanmaz,
Täze ýyl, bereketli gelse.
Garyp sözi, ýerde ýatmaz,
Baý pukara, şyltak atmaz,
Naçarlar, namysyn satmaz,
Täze ýyl, bereketli gelse.
Şahyr sözüň, soňla indi,
Tutan käriň, oňla indi,
Şu gepiňi, diýme indi.
Täze ýyl, bereketli gelse.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
8
85
Ýaşşahyr.
08.12.2020 21:40
Dogan dogandan, el üzer,
Durmuş kynlaşan mahaly.
Ärler gözüne, ýaş düzer,
Durmuş kynlaşan mahaly.
Ýardam bermek, ýatdan çykar,
Baý garyby, burça dykar,
Dost-dostuň, köňlüni ýykar,
Durmuş kynlaşan mahaly.
Mätäçler, barla, gul bolar,
Ärli gelinler, dul bolar,
Iýip içeniň , ýal bolar,
Durmuş kynlaşan mahaly.
Adamzatdan, mal şat gezer,
Gaýgy, gussadan, ýat gezer.
Ne güler, nede mat gezer,
Durmuş kynlaşan mahaly.
Özüňe siňmez baýlygyň,
Ýetmez her alan aýlygyň,
Mis bolar, altyn şaýlygyň,
Durmuş kynlaşan mahaly.
Şahyr geldi şol zamana,
Toba eýläp, gel amana.
Aýdanlaň döner samana.
Durmuş kynlaşan mahaly.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
5
155
Ýaşşahyr.
17.11.2020 22:01
Gyz
Jogap bergin, oglan sözüme,
Neçün beýdip?, garaýaň maňa.
Ogryn-ogryn, bakma gözüme,
Neçün beýdip?, garaýaň maňa.
Oglan.
Jogapsyz goýmaýyn sözüňi,
Söýdüm seni, ýaraýaň maňa.
Jerene meňzetdim gözüňi,
Söýdüm seni, ýaraýaň maňa.
Gyz
Atam görse, janyňy alar,
Kowalap yzyňdan, it salar,
Oglan ýüregiň, derde galar,
Neçün beýdip?, garaýaň maňa.
Oglan.
Ölüm bir, ajy şerbetdir,
Ýarsyzlyk, ondanam erbetdir,
Aşyk dermanyna beletdir,
Söýdüm seni, ýaraýaň maňa.
Gyz
Kaýdan geldiň, menzil aşyryp,
Dogan aý dek, güniň ýaşyryp,
Her sözüňde, aklym çaşyryp,
Neçün beýdip?, garaýaň maňa.
Oglan
Biziň ile, Ahal diýerler,
Tagam duzy, halal iýerler,
Ýigitlermiz telpek geýerler,
Söýdüm seni, ýaraýaň maňa.
Gyz.
Tekeden gelen, türkmen ýigdi,
Seni çyndan, ýüregim söýdi,
Ugrumda ençe, sallah köýdi,
Neçün beýdip?, garaýaň maňa.
Oglan.
Kebelek dek, gaýýaň her ýana,
Men bolsa, ugruňda perwana,
Etme meni, däli diwana,
Söýdüm seni, ýaraýaň maňa.
Gyz.
Sawçylyga, ugrat hossaryň,
Toýuňa çagyrgyn, dost-ýaryň.
Jan saglyga dile, tost baryn.
Neçün beýdip?, garaýaň maňa.
Oglan.
Gülim, bu sözlerňe döneýin,
Tä ömrüm, ötünçä, söýeýin,
Başyň, al öýmede göreýin,
Söýdüm seni, ýaraýaň maňa.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
8
163
Ýaşşahyr.
09.11.2020 12:59
Pyragym, bir gözeli, söýüp,
Öz bagtyma, ýetip bilmedim.
Şol gyzyň, bagtsyzlygyn duýup,
Gijelerne, ýatyp bilmedim.
Sahawat açarna, tow berip,
Myhmana barymdan, gujak gerip,
Her gije, Haka elim serip,
Ýazgydym kim?, görüp bilmedim.
Päk düşünjäni, orta atyp,
Ýarym gitdi, söýgümi satyp,
Säherler turup, agşam ýatyp,
Hydyr ata, duşup bilmedim.
Allandym keçpelek oýnuna,
Tanap ýüpün, saldy boýnuma,
Agyr derdi, alyp goýnuma,
Öz erkime, gezip bilmedim.
Gelip ýetdi, ýaşlyk heseri,
Ot bolup ýandy, yşk keseri,
Beýhuş etdi, gyzlaň ýeseri,
Mežnun bolup, ýanyp bilmedim.
Darykma dar kalbym, sabyr et,
Öten bar, geçen bar, pikir et,
Hangeldi şu günňe şükür et,
Gelejegi, ýazyp bilmedim.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
3
175
Ýaşşahyr.
11.10.2020 20:56
Adamzat ölüp, direlip bilermi?
Hakdan içen şahyr,Pyragym hany?
Ölenleriň ruhy, görnüp bilermi?
Hakdan içen şahyr, Pyragym hany?
Düýş!, zehinim kütek, niçik gudrat sen?
Geljegmi habar, berýän az pursat sen,
Pirim nirde ýatyr, şonam görket sen,
Hakdan içen şahyr, Pyragym hany?
Mawy asmana, nazarmy gönderdim,
Hemaýat isläp, habarmy gönderdim,
Zaryn aglaýyp, soragmy gönderdim,
Hakdan içen şahyr, Pyragym hany?
Meňli gyzy söýüp, ýeňňä çatylan,
Abdylla, duşman elinde atylan,
Her bir gije arzuwlanyp ýatylan,
Hakdan içen şahyr, Pyragym hany?
Ýa Rebbim Jelil, bu niçiksi gudrat,
Ýat edip durkam, ýel turdy şu pursat,
Tomus pasly dörän güýçli harasat,
Hakdan içen şahyr, Pyragym hany?
Hangeldi ussadyň, goldaw berip dur,
Ýalňyz wagtyň, her dem, ýardam berip dur,
Eý, Pirim, adyň, gan dek aýlanyp dur,
Hakdan içen şahyr, Pyragym hany?
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
4
250
Ýaşşahyr.
08.10.2020 19:46
Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Şahyra, düşünmek gerek.
Özüni, söýdüren gyzlar,
Tahyra düşünmek gerek.
Ýaman kişi, pälin duýmaz,
Ýagşy bolsaň, her giz, söýmez,
Ölüler, aýatdan, doýmaz,
Pahyra, düşünmek gerek.
Garyplykdan, baýa ýeten,
Batgalykdan, laýa ýeten,
Hasratlykdan, taýa ýeten,
Jahyla, düşünmek gerek.
Dolýan eken, sabyr käse,
Diýmäň siz, ejize äse,
Şatlyk ýok, meňzeýär ýasa,
Ýetime, düşünmek gerek.
Derdiň agry, ölüm derdi,
Hak ony, her kime berdi,
Nalaç kimler, golun gerdi,
Pukara, düşünmek gerek.
Hangeldi, taraşlap sözle,
Öňýetenden, syryň gizle,
Piriňden, ylhamyň gözle,
Pyraga, düşünmek gerek.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
6
348
Ýaşşahyr.
26.09.2020 21:47
Bagtly bol Gülälek.
Neçün aglaýaň, gam çekip,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Aglama çaga, howp salyp,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Ýüregiňden adym pozgun,
Miras galan, zadym pozgun,
Haýyş, göwün şadym, pozgun
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Suratyň, saklap ýörmäýin,
Şat gez, aglanyň, görmäýin,
Her säher, ýatlap örmäýin,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Seniň bagtyň, meniň bagtym,
Şatlyga, beslensin tagtyň,
Görmedik bol, gören çagtyň,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Ojaňňa, mähriňi siňdir,
Ýoldaşňa şähdiňi, siňdir,
Çagaňa, ähdiňi siňdir,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Sen aglasaň, ýata bilmen,
Bir, käri hem, tuta bilmen,
Ýazgydyma ýete bilmen,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Hak saňa, ogul-gyz bersin,
Gyş güniň, bahar-ýaz bersin,
Şatlyk kän, gaýgy- az bersin,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Maňa ýatlamak, günä bor,
Allaň öňünde, zyna bor,
Şygrym Hangeldiden pena bor,
Sen indi, özgäňki Gülälek.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
4
390