❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.03.2022 16:46
Daşary ýurtlaryň geň däpleri


Bu gün siz bilen Hindistanda adaty bolan bizde bolsa örän geň hasaplanylýan birnäçe däp-dessurlar barada gürleşeris.


Hindistan

Daşary ýurtly adamlar üçin Hindistan geň zatlardan doly. Maharaştra ştatynda täze doglan çagany ybadathananyň 15 metrlik diwaryndan zyňmak däbi bar. Elbetde, saglygyny berkitmek we oňa üstünlikli durmuş bermek üçin. Dogry, çagalar ýere gaçmaýarlar: aşakda üýşüp uly mata böleklerini tutýarlar.

Ýene bir, gaty geň däp agaç bilen toý etmek. Goroskopa görä, adamsyna betbagtlyk getirip biljek aýallar, adamsy hökmünde agajy saýlaýar. Hindiler agaja durmuşa çykan aýalyň soň bagtly maşgala döredip biljekdigine ynanýarlar. Toý dabarasyndan soň agaç ýakylýar we dul aýal arkaýyn durmuşa çykyp bilýär. Käwagt turistleriň hem şahsy durmuşynda käbir zatlaryň gowy däldigini görseler, bu dabarany geçirmegi teklip edýärler.




Terjime eden: SimpleGirl,❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
Çeşme:blog.agent.ru


A siz Hindistandaky başga haýsy geň däpleri bilýärsiňiz?


soňky teswirler
13
225
Guli
13 Mart 2022
Ýüzigi şaha dakyp bolarda 🤭
Dusia
13 Mart 2022
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀, bolia)
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13 Mart 2022
Lälijek,hawa tersine...
Lälijek
13 Mart 2022
Wii birem bizde oglan tarap gudacylyga gidyan bolsa olarda gyzlar oglana gudacylyga baryalar😁 Soñ gyzlaryny alany ücin gymmat bahaly sowgatlar beryaler
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13 Mart 2022
Lälijek,hawa👍🏻
Lälijek
13 Mart 2022
Hindileñ milli eşigi sarysy owadan😍 yone geñ galyan zadym arkalary acyk bolsada utananoklar. Yone şarflary ucup gitse, ya gacsa utanyalar. Boýunuñ acylanda nm arkalary polny acyga🤔
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13 Mart 2022
Dusia,salam, hawa , men häzir size bir post bar şony tapyp bereýin... Şonda has içgin bar...
Dusia
13 Mart 2022
Ohaa şoň ün akly kemter bolýandyr olaň Nämede bolsa ýokardan aşak zyňylanda kelle beýnä zeper ýetýä😐

Şuň ýaly reňkli shrifty maňada öwredermiň?!
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13 Mart 2022
ShirnazarTaganow,hiç zada-da düşünmedim, onda-da sag boluň👍🏻

Melikee,👍🏻:)
ŞirnazarTaganow
13 Mart 2022
Menä Hindileriñ sindur çalyşýan,"holly"ýagny"sindur"bir-birine çalyşýan,zyñyşýan däplerini gowy görýän😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.