Daşary ýurtlaryň geň däpleri
Daşary ýurda gelmek bilen, käwagt bize geň görünýän ýa-da gorkuzýan däp-dessurlara duş gelýäris. Diňe däp-dessurlar däl, hatda yşaratlaram bar, manysyny bilmän, gaty ýakymsyz ýagdaýa düşüp bilersiňiz. Mysal üçin, bolgarlar “ýok” diýjek bolanda başlaryny atýarlar we “hawa” diýlende başlaryny ýaýkadylar.(biziňkiniň tersi) Ýaponlar bolsa "ýok" diýip, ellerini silkýärler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda taksi tutmak üçin başam barmak ulanylýar, ýöne Gresiýada bu hereket dymmagy aňladýar
Bu gün siz bilen beýleki ýurtlarda adaty bolmadyk birnäçe däp-dessurlar barada gürleşeris.
Ispaniýa
Her ýyl awgust aýynda Ispaniýada Bunol şäherinde La Tomatina festiwaly geçirilýär. Festiwalyň gatnaşyjylary diňe lezzet almak üçin pomidorlary birek-birege atýarlar - tomaşa mental taýdan gowşaklar üçin däl. Tomatinanyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly köp teoriýa bar. Iň meşhurlary, 1945-nji ýylda gigantlaryň we kabezudlaryň paradynda bu çärä gatnaşmak isleýän ýaşlaryň şäheriň esasy meýdançasynda - Plaza del Pueblo şäherinde söweş gurandygyny aýdýar. Golaýda gök önüm stoly bar bolandygy üçin pomidor alyp, polisiýa zyňyp başladylar.
Ispaniýada başga bir üýtgeşik däbe El Kolaço(Эль Колачо) diýilýär. Şeýtan ýaly geýnen erkekler düşeklerde ýatan bäbekleriň üstünden bökýärler. Şeýle däp, erbet ruhy çagadan uzaklaşdyrmak üçin döredilipdir. We daşyndan gaty gorkunç görünýär.Halan bolsaňyz👍🏻Terjime eden: SimpleGirl,❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
Çeşme:blog.agent.ruEger şunuň ýaly postlary halasaňyz dowamy hökman bolar. Her postda hem her hili ýurtlar bellenip geçiler.