Antiki döwürde hem adamlar sport bilen meşgullanypdyrlar. Platon döwletde ýaşlaryň taýýarlanylmagynda, döwlet adamy edilip ýetişmeginde sporta uly üns bermelidigini belläp geçipdir. B.e.öň 5000-nji ýyllarda “sumerler” tarapynda ilkinji sport bilen meşgullanmak işi ýola goýlupdyr.
Sport bilen meşgullanmak hem bedeni, hem-de aklyňy durlamaga, sazlamaga ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmak saglyk ýagdaýyňyzyň gowulanmagyna, kesellemek howpunyň azalmagyna getirer. Günüň dowamynda azyndan 30 minut sport bilen meşgullanmak ýürek-damar keselleriniň 60% öňüni alýandygyny alymlar belläp geçdiler.
Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe dilinde ulanylýan “Sport” sözi latynlaryň “di sport” sözünden gelip çykypdyr. Has takygy “Dis Portare” sözüniň gysgaldylmagy netijesinde biziň ulanýan “sport” sözümize öwrülendir. Dis Portare sözüniň manysy bolsa işden uzaklaşmak, dynç almak maksatly öwrenilen endik diýen manyny berýär. Boş wagtlaryňda dynç almak maksady bilen oýnalýan oýuna, öwrenen endigimize sport diýip bileris.
Sport bu belli bir şertlerde, düzgünlerde dynç almak, güýç sarp etmek bilen bagly bedeniňi terbiýelemekdir. Sport halklaryň, döwletleriň arasynda dostlugy, bilelikde iş ýöretmegi hem ýola goýýar.