enes_∞
08.05.2025 16:40
Men sizi şeýle gowy görýân. Ýöne ýalňyzlygy halaýanym, garasöýmezligi añlatmaýar ahyry..
7
99
alma___
08.05.2025 07:36
Dogry birden bolmaz, bir gün bolar , nesip bolsa.
1
12
Tayler
07.05.2025 18:26
Ir säher “Ertiriň haýyr” diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma “hyýaldaky ýigidiň”.
Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni “şahyr” diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.
Ýöne sen meň bilen deň bolma, dünýäm,
Wah, nädeýin, perwaýsyz men dogluşdan.
Kä bildirip, kä bilniksiz ynjansyň,
Haýyş, meni bagyşlawer, ýalňyşsam.
Uçursyz mähre zar gyzlyk dünýäňe
Ýazgarma büs-bütin girmänim üçin.
Ýazgarmakçy bolsaň hökman bir zatda,
Ýazgar, seni söýüp irmänim üçin!
©Sapa HOMMADOW
8
104
enes_∞
07.05.2025 16:34
“Altyn sözler” usuly
Elbetde, biziň her birimize özümiz barada aýdylýan öwgüli, hoşamaý sözleri eşitmek ýakymlydyr. Şonuň bilen birlikde, aýdylan sözleriň, az-kem bolsa-da, ulaldylyp aýdylandygyny duýýarys. Şeýle bolsa, bu sözleri eşitmek bize näme üçin ýakymlyka?
Eger adama: «Siz şeýle akylly» ýa-da «Siz muny örän oňat başarýarsyňyz» diýip, ýygy-ýygydan aýdylsa, hakykatda, ol beýle ökde däl hem bolsa, belli bir wagtdan soňra öz ukyplaryna doly ynanar we özünde bar bolan mümkinçilikleri ulanmaga çalşar.
Ynandyrmanyň täsiriniň netijesinde, adamyň haýsy-da bolsa bir häsiýetini kämilleşdirmekde arzuwynyň, isleginiň, zerurlygynyň gaýybana kanagatlandyrylmasy bolup geçýän ýaly bolýar. Hakykatda, onda isleg doly kanagatlandyrylmaz, ýöne onuň kanagatlandyrylandygyny duýmak, onuň netijesinde oňat duýgularyň döremesi hakykata öwrüler.
«Altyn sözleri» ulanmagyň düzgünleri bar. Olary bilmezlik ýa-da bozmak arkaly «altyn sözleri» (iň gowy bolanda) boş, lenç edilen sözlere öwürmek mümkin.
Öwgüli, hoşamaý sözler ýaranjaňlyk edilip aýdylan sözlerden olarda az-kem ulaltmanyň bardygy bilen tapawutlanýarlar. Ýaranjaň öz söhbetdeşiniň artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny juda ulaldyp görkezýär.
Mysal üçin, «Şu reňk saňa örän oňat gelişýär» (öwgi) we «Sen iň gözel zenan» (ýaranjaňlyk) jümlelerini deňeşdirip görüň. Ýaranjaňlyk öwgüden has gödegräkdir we köplenç ýapa ýanaşmaýandygy, hakykata laýyk gelmeýändigi üçin kabul edilmän biler. Ýaranjaňlygyň ýaraýan adamlary hem bar.
Işewürlik aragatnaşygyna hoşamaý söz (öwgi) laýyk gelýär. Taryp etmek (hoşamaý söz aýtmak) bilen öwgini birmeňzeş düşünje hasaplamaly däl. Öwgi – bu oňat baha bermek. Taryp etmegiň oňat kabul edilmegine hyzmatdaşlaryň ikisine-de mälim bolan maglumatlary, subutnamalary ulanmak ýardam edýär. Taryp etmäni onda subutly esasyň ýokdugy ynandyryjy däl edýär we aýdylan sözi lenji çykan, ýaranjaňlyk bilen aýdylan sözüň derejesine çenli peseldip biler.
Eger söhbetdeşiňiziň haýsy subutnama, delil barada gürrüňiň barýandygyna düşünjekdigine şübhelenme bar bolsa, onda gowusy töwekgelçilik etmeli däl-de, öňi bilen bu şübhelenmäni ýatladyp, soňra ony ynandyrjak bolmaly.
Eger taryplama subutnamalara ters gelýän bolsa, ony ulanmaga ýol berilmeli däldir. Mysal üçin, işgär zenan dişagyrydan ejir çekip, bütin gije ýatyp bilmedik bolsa, oňa «gowy görünýäň» diýmek ýerliksizdir. Şeýle diýlende, ol ýaňsylama hökmünde kabul ediler.
Tarypnama gysga, bir-iki pikirden ybarat bolmalydyr, onda öwüt-ündew beriji sözler bolmaly däldir. Onda iki many çykýan söz düzümlerini ulanmakdan gaça durmaly. Taryplaýjy, hoşamaý sözleri mümkin boldugyça ýygy-ýygydan aýtmaly. Hut taryplamada tejribe toplanmagynyň netijesinde onuň ýeňil we sada görnüşde, erkin aýdylmagy gazanylýar, bu bolsa ony tebigy we örän täsirli edýär. Taryp etme, hoşamaý söz ony aýtmaga islegden başlanýar. Söhbetdeşiňizde nämäniň size ýaraýandygyny, ondan görelde hökmünde almak isleýän zadyňyzy tapyň. Adamlar taryp etmäni, hoşamaý sözi gowy kabul edýärler, sebäbi her bir adama oňa ýakymly bir zat aýtmak isleýändikleriniň özi hem ýakymlydyr. Hut şonuň üçin hem olar ýakymly zat aýdylanda bolup biljek ýalňyşlyklary, säwlikleri bagyşlaýarlar. Erkeklere hemişe öwgi sözleriniň aýdylyp durulmaýandygy üçin, olar bu sözleriň hiline az üns berýärler. Şoňa görä öwgi sözlerini erkeklere aýdyp öwrenmek has amatlydyr.
7
127
awadan
07.05.2025 13:33
Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa)
3-nji bölüm

Bi­bi ýö­ri­te süýt bi­şir­mek üçin ni­ýet­le­nen ki­çi oja­ga süýt ga­za­ny goý­dy, ga­za­ny ýuw­dy, tä­ze süý­di ga­za­na gu­ýup, oja­gyň aşa­gy­na ot ber­di. Kör­pe gy­zy Gö­ze­le bol­sa or­ta ýa­zy­lan sa­ça­gy ýyg­na­ma­gy bu­ýur­dy.
Ogul­na­bat ene ýe­le­ji­re­di­len äh­li otag­la­ry sy­ryp sü­pür­di. Soň­ra mal­lar üçin be­de eder ýa­ly og­ly Sa­par bi­len mel­lek­den ýo­run­ja or­du­lar. Oru­lan ot­la­ry mal ýa­ta­gy­nyň ýa­nyn­da bas­gy­la­nyp heň­le­mez ýa­ly gü­neş­li ho­wa­da ser­gin şe­ma­la se­riş­di­rip goý­du­lar. Ol iş­ler­den soň­ra Ogul­na­bat ene Bi­bi gy­zy­na kir ýuw­mak üçin ho­wuz­dan suw da­şap ber­me­gi bu­ýur­dy. Ene uly le­ge­ni dol­du­ryp du­ran ça­ga­la­ry­nyň eşik­le­ri­ni ýuw­ma­ga baş­la­dy, Bi­bi gy­zy ýuw­lan eşik­le­ri ýüp­den asyş­dy­ryp ser­mä­ge hem-de kir ýü­pün­de öň­ki se­ri­len eşik­le­riň gu­ran­la­ry­ny ýyg­naş­dyr­ma­ga kö­mek et­di.
Gün guş­luk­dan agan­soň, Ogul­na­bat ene gyz­la­ry bi­len düýn­ki ge­ti­ri­len po­mi­dor­dan ba­tyr­ma na­ha­ry­ny taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­di­ler. Gü­nor­ta na­ha­ry ýe­tiş­ýän­çä, mal­la­ry­na, to­wuk­la­ry­na ot-suw ber­me­gi hem og­ly Sa­pa­ra tab­şyr­dy.
Enä­niň şol iş­läp ýör­şü­ne: «Bili­mi bir ýa­za­ýyn» di­ýip, çem ge­len ýer­de otur­ma­sy bol­maz­dy. Ol eý­wan­da düýn­ki My­rat og­lu­nyň ekin meý­da­nyn­dan ge­ti­ren po­mi­dor­la­ry­ny göz­den ge­çi­rip, has go­wy bi­şen­le­ri­ni, ýum­şag­rak­la­ry­ny saý­lap, ha­myr ja­ma ge­çi­rip goý­dy. Po­mi­dor­la­ry ýuw­mak üçin ho­wuz­dan iki-üç bed­re suw çek­di, po­mi­dor go­ýult­ma­gy­ny ýap­jak ban­ka­la­ry­ny ýu­wuş­dy­ryp taý­ýar­laş­dyr­dy, özi hem ça­ga­la­ry­nyň ýa­ny­na ge­çip, gü­nor­tan­ky uku­sy­na al­mak üçin bi­raz sa­lym gy­şar­dy.
Soň­ra öý­län guş­luk ça­ýy­ny iç­mek üçin çäý­ne­ge guş­dyr­nak gök ça­ýyn­dan dem­len­di. Or­ta ýa­zy­lan sa­ça­ga süý­ji-kö­ke bi­len tam­dyr çö­re­gi go­ýul­dy. Ça­ga­la­ry gü­nor­tan uku­syn­dan oýa­nyp, el-ýü­zü­ni ýuw­du­lar-da, sa­ça­gyň ba­şy­na ge­çip, öý­län­ki guş­luk ça­ýy­ny öz mäh­ri­ban ene­si bi­len iç­di­ler.
Ogul­na­bat ene sa­çak­da çö­rek­le­riň aza­lan­dy­gy­ny gör­di-de, tam­dy­ra çö­rek ýap­mak üçin eý­wan­da du­ran un hal­ta­dan ha­myr ja­my­na un al­dy. He­mi­şe­ki­le­ri ýa­ly, eý­wan­da ken­di­ri­gi ýa­zyp, un ele­mä­ge baş­la­dy. Og­ly Sa­pa­ra bol­sa mal­la­ryň otu­na-su­wu­na se­ret­me­gi, gyz­la­ry­na bol­sa po­mi­dor go­ýult­ma­gy üçin saý­la­nan po­mi­dor­la­ry dog­raş­dyr­ma­gy tab­şyr­dy. Ene ha­my­ry­nyň ýugrymy ma­za­ly ýe­ti­rip al­ýan­ça di­ýip, ba­sy­ryş­dy­ryp goý­dy.
Soň­ra uly ojak­da du­ran ga­pak bi­len ýa­pyl­gy ga­za­ny ýuw­dy. Gyz­la­ry­nyň dog­ran po­mi­dor­la­ry­ny bol­sa ga­za­na gu­ýup, oja­gyň aşa­gy­na ot ber­di hem-de gy­zy Bi­bä ga­za­nyň ýa­nyn­da bol­ma­gy, bi­şi­ri­len süýt­den bol­sa ga­tyk ba­syr­ma­gy tab­şyr­dy.
Dowamy bar ☘️
8
93
alma___
06.05.2025 13:20
Dünýäde iň agyr kesel plkip etmek endigidir. bu keseliň hiç bejergisi ýokdyr
4
102
flowers_
06.05.2025 02:17

YGRAR
Oýalygmy ogurlatdym oýlara,
Ukymy utdurdym, duşdum-da saňa,
Sähel ýerde kölegäme büdredim
Körlükden ýaňa.
Gözelligňe ýesir düşdüm,
Şeýdip, sen
Kalbyma bagyş etdiň ruhy terlenme.
Saňa duşan günüm düşünipdim men
Gözleň maňa näme üçin berlenne.
Duýdurmazdan pany dünýäň darlygyn,
Ylham berdiň, ylham bilen ýaşatdyň.
Ýöne ilki ganat berip uçmaga,
Soň näme üçin ganatlarma daş atdyň?
Indi ömrüň öwrümlerne öwelip,
Käte göwnüm bolup özümden geçjek.
Ellerimi boş gaýtarma, bolmanda,
Gussa tutdur bir ýürege ýerleşjek.
Kölegäňe dönüp bile galaýyn,
Öz okunda aýlanýarka entek Ýer.
Söýmeseňem, bir görümsiz myhman
men,
Senden gitmek niýetim ýok entekler.
Mukam Muhamow.

5
136
wolf
05.05.2025 19:40
Kimdir birin çakdan aşa öwseler,
Ol çyndanam geñdir öýdũp ýalñyşdym.
Kimdir birin wezipeden kowsalar,
Kezzapdyr ýa gũñdir öýdũp ýalñyşdym.
Hiç gyssanyp baha berme, dur saklan,
Hemme ynsan paýly dãldir hormatdan.
Ýumrugymyñ içindekã barmaklam,
Bãşisinem deñdir öýdũp ýalñyşdym.
Toý öñũñ dolarlar bolsun dowamyñ,
Dũnýãni görmeseñ köp bor sowalyñ.
Eşitmãnkãm çyn bagşylañ owazyn,
Boş gohlaram heñdir öýdũp ýalñyşdym.
Syryn bilsek ile buşlap ýörmedik,
Toý toýlansa jũbimizem sermedik.
Dosta wepa berdik jogap görmedik,
Men hemmãni mendir öýdũp ýalñyşdym.
Bũdreseñ dost-ýarlar ar alýan eken,
Şowly gũnler senden ar alýan eken.
Hasrat bassa ãlem daralýan eken,
Men dũnýãni giñdir öýdũp ýalñyşdym.
7
208
awadan
05.05.2025 09:32
Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa)2-nji bölüm
Soň­ra ho­wu­zyň ýa­ny­na ba­ryp, çak­laň­ja ho­wuz bed­re­si­ni alyp suw çek­mä­ge dur­dy. Çe­ken suw­ly bed­re­si­ni sag eli­ne, onuň ýü­pü­ni bol­sa çep eli­ne alyp, oja­gyň ýa­ny­na gel­di. Oja­gyň üs­tün­de du­ran ga­za­na bed­re­den aza­jyk suw egis­di.
Ge­çen ýyl­ky pag­ta ýy­gy­myn­dan soň­ra ýyg­na­lan go­wa­ça çöp­le­rin­den oja­ga sa­lyp, bir bö­lek ka­gy­zy ýa­kyp, oja­gyň odu­ny tu­taş­dyr­dy. Go­wy ýa­nyp baş­lan oduň üs­tü­ne bol­sa, üzüm töň­ňe­si­niň iki-üç sa­ny­sy­ny at­dy. Ga­za­nyň düý­bün­dä­ki ýy­lan suw bi­len ga­za­ny ýu­wuş­dyr­dy. Ga­zan ýu­wan su­wu­ny bol­sa, sag eli­niň aýa­sy bi­len sy­ryş­dy­ryp, ga­zan­dan da­şy­na serp­di-de, ho­wuz bed­re­sin­dä­ki su­wy ga­za­na guý­dy. Ki­çi­räk çak­laň­ja ho­wuz bed­re­si bi­len üç ge­zek gat­nan­soň, ga­za­nyň su­wy do­la ýa­kyn bol­dy.
Mäh­ri­ban ene iş­läp ýör­şü­ne, in­di­ki ug­ru­ny mal ýa­tak­la­ry­na ta­rap gö­nük­dir­di. Ýa­ta­ga go­laý­lap gel­ýän enä­niň aýak se­si­niň çyg­şyl­dy­sy­ny du­ýan syg­ry hyň­ra­nyp, ça­la­ja mo­la­ýan ýa­ly ses et­di. Ogul­na­bat enä­niň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň «Çö­ňür» oba­syn­da ýa­şa­ýan er­kek do­ga­ny An­na aga­nyň be­ren bu ma­ly her ýy­ly­na sag­dyn gö­le ber­ýär­di. Özi hem süýt­li sy­gyr­dy. Ogul­na­bat ene syg­ry­na, onuň gö­le­si­ne, hu­ruş­lyk üçin sak­la­nyl­ýan tok­lu­la­ry­na ot dö­küş­dir­di. Mal­lar üçin iým sak­lan­ýan jaý­dan elin­dä­ki ja­my­na iým alyp, to­wuk­la­ry­ny hem iým­le­di.
Ol taň­ka­nyň gaý­nan su­wun­dan hem hum çäý­ne­ge çaý dem­le­di. Er­tir­lik üçin sa­çak ýa­zyp, ary ba­ly­ny, gar­pyz to­şa­by­ny, mes­ge, süýt we dü­ýe ýüň sa­ça­gy­na do­la­nan tam­dyr çö­re­gi­ni goý­dy.
Soň­ra işe ug­rat­mak üçin il­ki bi­len My­rat og­lu­ny oýar­dy. Uly og­ly daş çy­kyp, el-ýü­zü­ni ýu­wuş­dy­ryp sü­pü­rin­di-de, er­tir­lik çaý-çö­re­gi­ni edin­mä­ge otur­dy.
Bagt­ly maş­ga­la­nyň be­re­ket­li sa­ça­gy­nyň ba­şyn­da ene­li-ogul bo­lup, düýn­ki «Ýa­sy­de­pe» meý­da­nyn­dan ge­ti­ri­len po­mi­dor­lar ba­ra­da gür­rüň et­di­ler. Bi­raz soň­ra ola­ryň söh­bet­deş­li­gi­ne Mu­ham­met hem ge­lip go­şul­dy. Er­tir­lik edi­nen do­gan­lar öz kä­be­le­ri­ne sag bol­sun aý­dyp, ta­ga­myň ha­ky­na tö­wir oka­dy­lar hem-de iş­li-işi­ne ug­ra­dy­lar. Soň­ra sa­çak ba­şy­na do­gan­la­ryň beý­le­ki­le­ri hem üý­şüp er­tir­lik edin­di­ler. Ene ça­ga­la­ry­nyň ýor­gan-dü­şek­le­ri­ni ýyg­naş­dy­ryp, otag­la­ry şe­mal­lat­mak üçin pen­ji­re­le­ri açyş­dyr­dy.
Ogul­na­bat ene Sa­par og­lu­na çaý-çö­re­gi­ni iýip bo­la­nyn­dan soň­ra, syg­ry­ny pa­da goş­ma­gy ýat­lat­dy-da, eli­ne süýt bed­re­si­ni alyp, mal ýa­ta­gy­na ta­rap ug­ra­dy. Syg­ry­nyň gö­le­si­ni goý­be­rip iý­di­ren ba­dy­na, çe­kip aýyr­dy­da, ozal­ky­la­ry ýa­ly, «höw­lüm, höw­lüm» di­ýip, bed­re­sin­dä­ki aza­jyk suw bi­len syg­ry­nyň ýel­ni­niň em­zik­le­ri­ni ýu­wuş­dy­ryp, süýt sag­ma­ga dur­dy. Soň­ra syg­ry­ny pa­da ug­rat­mak üçin şa­hyn­dan daň­lan ýü­pü­ni çöz­di-de, ýa­tak­dan çy­kar­dy.
Dowamy bar ☘️
9
90
alma___
03.05.2025 23:08
Dünýäde iň gymmatly zat enäniň ýylgyryşy.iň howplysy bolsa onyň gözýaşydyr.
8
64