Olaram bar....
Görýän welin adamzadyň içinde
Ar namysyn, pula satanlaram bar.
Ak süýt berip bakan ýeke käbesini!
Adam görmän köçä atanlaram bar.
Ejiziň elinden gaňyryp alyp.
Haramdan köpelip, haramdan ölip!
Ýene özin ilden artyk deý görüp.
Nebsinden ençe öň ötenlerem bar.
Ýüzleri mylaýym, sözünde wepa.
Maşgalam bar dýp çekýärka jepa!.
Ýodaşy yzynda bulaşyp hapa.
Özgäň gujagynda ýatanlaram bar. ?
9aý göterip ene göwresinde.
Taşlap barýar iliň derwezesinde.
Onda biri bütin ömrüne özenip.
Dyrnagyna zar bolyp ýetenlerem bar.
Göz gaşyn oýnadyp, kesip saçyny.
Onuň hasabyna iyip içeni.
Ýalan ýaşryk bilen ýoldan geçeni!
Batan palçygyna itenlerem bar.
Nesibäm az dýp özge illere.
Gidip gybat bolup süňksüz dillere!
Sogurgan çäge deý sowran ýellere.
Habarsyz, dereksiz ýitenlerem bar.!.
Üns berip görsene eý ynsanyýet!
Gurup barýaň öz özüňe ahyryýet.
Wagtyň barka günäleriňe toba et!
Çünki o:l dünýäniň sütemlerem bar.
Awtory belli däl.... ?