Exclusive
03.07.2020 08:06
HEMMA SALAM DÚŶNKI GOŶJAK DIŶEN TYMSALYM.SOÑUNA ÇENLI OKAÑ;-)?
DARAGT..........(TYMSAL)
Köp wagtdan bäri ösüp oturan äpet alma
daragty bardy. Bir körpeje çaga bu da-
ragtyň aşagynda oýnap, gününi gyzykly geçirŷärdi.Miwelerinden iŷŷärdi
Soňra onuň saýasynda uka batardy.
Ol alma agajyny gowy görýärdi. Daragt hem onuň
bilen oýnamagy halaýardy. Aý-günler aýlandy.
Körpeje ulaldy. Indi ol bu daragtyň daş-töwere-
ginde oýnamagyny bes edipdi. Bir gün ol bir alada
batyp, daragtyň ýanyna geldi. Daragt ony mähir
bilen garşylady: «Gel, körpeje, meniň bilen oý-
nasana...». Ol ýüzi salyk jogap berdi: «Indi seniň
bilen oýnar ýaly, men çaga däl. Men indi ulaldym.
Maña az-owlak pul gerek». Daragt gussaly dillen-
di:«Wah, mende pul ýok-da! Yöne sen meniň ähli
miwelerimi satyp, șol mukdardaky puly gazanyp
bilersiň». Bir çykalganyň tapylandygyna oglan şeyle
begendi.
Onuň şatlananyny gorup, daragt hem begenjinden silkindi.
Oglan daragtyñ miwelerini birin-birin ýygdy... Şondan soñ
esli wagtlap oglan gara bermedi. Birnäçe wagtdan
soň ol ýene daragtyň ýanyna geldi.Ŷòne
indi ol oglanjyk däldi, daýanykly ýigitdi. Daragt
onuň gaýdyp gelenine şeýle bir begendi we onuň
bilen degişmek isledi. Bu gezek ýigidiň sesi gahar
gatyşykly çykdy. Ol: «Indi men oglanjyk däl ahyry.
Maňa öý-ojak gerek, kömek edip bilermiň?» diýdi.
Daragt ýene gussa batdy: «Nebsim agyrýar! Ýöne
ähli şahalarymy pudarlasaň, şondan bir öýjagaz-a
gurnup bilerdiň» diýdi. Ýigit bu daragtyň ähli
şahasyny pudarlady we daragty taşlap gitdi. Ony
begendirip bilendigi üçin daragt hem begendi. Da-
ragt ýigitdäki şol şatlyk alamatlaryny ýatlap, göz
önüne getirip, ep-esli wagtlap özüni örän bagtyýar
saýdy. Soňra ol wagty bilen gara bermänsoň, ýene
gynanyp, gussa batyp başlady.
Yssy günleriň biridi. Yigit ýene daragtyň ýanyna
geldi. Ol örän ýadawdy, ýaşy hem durguşyp baş-
lapdyr. «Dynç almak üçin gämili gezelenje gidesim
gelýär. Sen maňa gämi tapyp bilermiň?» diýip, ýigit
dillendi. Daragt oňa: «Kökümi goý-da, göwrämi
al. Şondan gämi ýasanyp bilersiň. Ol gämi bilen
hem islän ýeriňe aşyp bilersiň» diýdi. Yaşy bir
çene baran kişi daragtyň aýdysy ýaly etdi. Yasan
gämisi bilen uzak ýerlere syýahata ugrady. Uzak
aýralyklardan, birnäçe ýyllardan soňra ol ýene
daragtyň ýanyna gaýdyp geldi. Yöne daragt
önürti dillendi: «Eý, eziz ogul, gynan-
samam, saña hödürlär ýaly almam
ýokdur!». «Ony alada etme» diýip,
ol adam dillendi: «Ony iýer ýaly di-
şim ýok indi». «Aslyşyp oýnar ýaly,
ýokdur!». «Ony alada etme» diyip,
ol adam dillendi: «Ony iýer ýaly di-
şim ýok indi». «Aslyşyp oýnar ýaly,
saýalar ýaly şahalarym hem galmady»
diýip, daragt özi müýnli ýaly seslendi.
«Men indi halys garrapdyryn, nämedir bir
iş edere ysgynym hem galmady» diýip, ol adam
hem ýüzüni aşak saldy. Daragt oňa:
«Gönüläp aýtsam, mende saña be-
rerlik hiç zat galmady. Bir berip
biljek zadym-çúŷräp başlan
köklerim» diýdi we aglamaga
başlady. Gojalan kişi daragta bakyp:
«Meniň ýekeje isleýän zadym bar, ol hem
dynjymy almak. Bu geçen ýyllar meni şeýle bir
surnukdyrdy» diýdi. «Garry daragtyň köki dynç
almak üçin in laýyk ýerdir, gel, şu ýerde dynç al»
diyip, daragt oňa garady. Goja kişi garry daragtyň
köküne ýaplanyp, uka batdy. Garry daragt muňa
monça boldy, begenjinden ýaňa gözleriniň owasy
ýaşdan doldy.
Siz şu daragtyň kimdigini bilýärsiňizmi? Ol-
siziň ata-eneňiz. Ata-eneler özleriniň tutuş ömrü-
ni, ähli wagtyny, özlerinde bar bolan ähli zatlary
iň soňkusyna çenli size bermäge taýýar. Munuň
öwezine siziň birje begenjiňiz ýeterlikdir. Ata-ene-
ňiziň gadyryny biliň! HEMMÄMIZÑ ATA ENELERMIZIÑ ÖMRI UZAK JANY SAG BOLSUN.
HALAN BOLSAÑ LIKE GOŶUP KOMENTARŶA ŶAZMAGY UNUTMA?
10
970
Myhman Myhman
3 Iýul 2020
Soygulin barmy dogryjany ayday??
Aika_
3 Iýul 2020
Nâme jogap??
Myhman Myhman
3 Iýul 2020
Aygul jogap beray mana ??
Myhman Myhman
3 Iýul 2020
Goydyga
Exclusive
3 Iýul 2020
Näme úçin like goŷanoklar bilŷäñizmi
Aika_
3 Iýul 2020
Yok kim siz

Guljemal senmi?
ideallider
3 Iýul 2020
Gowy tymsal. Emma "Daragt" Alma-agajy dälde başga bir bag-görnüşi däldimi!?
Лес?
3 Iýul 2020
Aygul jorka tanadynmy meni
Aika_
3 Iýul 2020
???
Лес?
3 Iýul 2020
Gowy yone ol adama acgoz ekeni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.