Adam gadyryn bil ýagşy, egilen asmana bak,
Ol hadysdan ok atanda soňunda egri pelek,
Mahmydyň şöhraty gitdi, bir gury sana galdy,
«Firdöwsiň gadyryn bilmedi» diýen efsana galdy.
Firdöwsi soltany ähdinden dänendigi sebäpli kyrk beýt bilen masgaralady.
Şu beýtler şolardandyr:
Mesnewi
Şa bolan bolsady şanyň atasy,
Başyma täç, egnime don atardy.
Beýik bolmandygy üçin neslinde,
Beýikleri diňlemedi aslynda.
Ajy miwe bir daragty göçürip,
Jennetiň bagynda ekseň geçirip;
Suwsan çagy jennet suwundan ýaksaň,
Köküne bal garyp, şeraplar dökseň;
Bir gün baryp görseň ýaňky agajy,
Hasyllandyr, emma miwesi – ajy.