Eje nämedir? Ýönekeý aýal,
Asman perişdesimi ýa ýetilmez hyýal,
Ölýänçäm haýyşt edýän ýanymda gal,
Ýa gitjek wagtyñ ýanyñ bilen alyp git,
Durmuşyñ manysymy sen ýa gül ysy,
Aýy gabandyrýamyş ejeleñ ýüzi,
Jennet sende däl sen jennediñ özi,
Jennede gidäýseñ meni oda salyp git,
Öwretdiñ garany, öwretdiñ agy,
Köpeldi saçyñ agy, gözüñde agy,
Şahyr diýdi besdir daglañ garrany,
Sen garrama ýaş wagtyñy tapyp git,
Ýüregiñi gysganmarsyn eger islesen,
Ýüregim okaýañ gaýgymy gizlesem,
Armanym ýok owazyñy diñlesem,
Mähirden doly ol sazyñy çalyp git,
Dünýä ýatyr küýsäp ertirki güni,
Menem ukladym dileg edip gowlygy,
Ýüzüñde gijäñ ukuzyslygy,
Birazajyk ýataý aýy güne öwrüp git,
Señ içki dünýäñe düşünmek mümkin däl,
Dünýä garşy sende öýke kine kän,
Sen uçmaly ýöne señ ýüküñ kän,
Eje gaýgylaryñy ogluña goýup git,
Alla seni ýaratdy päk ýürek bilen,
Kömek edenokdy ne giden ne gelen,
Ýadyñdamy doýýadyk gury çörek bilen,
Diýdiñ oglum, bary bilen oñup git,
Oraz diýer, men bir ene aşygy,
Ýöne gaharlanýan käte çytyp gaşymy,
Diñe gülende görkezsin yaşyny,
Ejeñi soñky demiñe çenli söýüp git!!!
Syke däli (Oraz) - Söýùp git
Ejeñiz dirikä gadryny biliñ soñ giç bolar, Ejeleriñizi hiç ynjytmañ.....!!!
By:Dova dade!!!