Shatlyk95
19.12.2019 06:35
Ýagşylygy – pis bilmez, –
Är ýanynda bellidir.
Görer gözüň gymmaty
Kör ýanynda bellýadir.

Däli köňül daýanjy,
Ýokdur dünýä ynanjy,
Sag gulagyň guwanjy
Ker ýanynda bellidir.

Eger pir sen, eger ýaş,
Kylma syryň halka paş,
Syr saklaýan mähek daş
Zer ýanynda bellidir.

Bu dünýäniň myrady, –
At, zagyfdyr, zürýady.
Arwananyň kuwwaty
Ner ýanynda bellidir.

Bolsa gamdan halasym,
Ýaza dönse gyş paslym,
Magtymguly, yhlasym
Ýar ýanynda bellidir.
13
486
babamyrat
19 Dekabr 2019
çyn bilen ýalanyň arasy bir garyş
Shatlyk95
19 Dekabr 2019
Dogry?????
Aman
19 Dekabr 2019
4 barmak
Shatlyk95
19 Dekabr 2019
Yönekeyje soragym. Çyn bilen yalanyň arasy naçe wagtlyk yol?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.