babamyrat
18.12.2019 15:05
Bir samsyk adam bar eken. Bir gün bir aýal dolak dokap, bazara barýan ýaňky samsykdan dolagyny satmaga iberýär hem-de şeýle diýýär:—Dolagyň bahasynyň ujundan iki gyzymyň her haýsyna bir köwüş al, özüme-de mawut al, ärime-de-janymyň azary bolan bu sakgaly kesilene-de, bir don al-da, galanja puly özümejik getirip ber.Samsyk bazarda dolagy ogurladypdyr. Ol soňra ondan-mundan sorap ýörşüne ogryny tapyp, dolaga derek ondan ýüz tylla alypdyr. Şeýdip, aňsat ýerden pullanan samsyk aýalyň sargan zatlarynyň hemmesini alyp, galan otuz ýedi tyllany hem oňa getirip beripdir. Aýal samsygyň getiren zatlarynyň bahasynyň üstüne otuz ýedi tyllany goşup görse, dogry ýüz tylla bolaýypdyr. Ol oýlanypdyr, kelle döwüpdir, ýöne nätse-de, dolagyň bahasy çykmandyr. Ondan soň ol aýal dolagy üç tylla bahalap, ony hem samsygyň özüne töledýär. Şeýdip, olaýal oturan ýerinden birtopar zat bilen kyrk tylla gazanýar
17
552
Myhman Myhman
18 Dekabr 2019
dusunmedim
Seýran
18 Dekabr 2019
name bollugay gaty masynyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.