Teswir näme? Nähili ýazylýar?
Teswir söziniň manysy gysgaça:
Bir makalanyň, sözüň, tekstiň ýa-da eseriň düşnüksiz taraplaryny düşündirmek, belli bir pikire görä düşündiriş bermek ýa-da ýazylan makala hakynda öz pikiriňi beýan etmek.
Teswir sözi iňlis dilinde Comment diýip aýdylar. Haçanda islendik bir online ulgamda ýazylan makalada 'Öz teswiriňizi galdyryp bilersiňiz' sözüni görseňiz, şol ýere siz hem okan makalaňyz hakynda düşünjeleriňizi pikirleriňizi beýan edip ýa-da makala hakynda kemçilikleri ýazyp bilýärsiňiz.
Umuman Teswirlerde şahsy habarlaşmak ýa-da makala degişli bolmaýan başga zatlar ýazanyňyzda teswir manysyny ýitirýär. Ýokarda hem aýdyşymyz ýaly Teswir okan makalaňyz hakda pikirleriňizi ýazylýan bölümdir.
Teswirler okyjylar üçin tanyşlyk bölümi däldir. Eger-de teswirler bölüminde 2-3 ulanyjy şahsy durmuşy hakda habarlaşyp gürrüňdeşlik geçirse, beýleki okyjylar tarapyndan halanmaýar. Çünki bir okyjy makalany okaýar we teswirlerde hem şol makala degişli bolan teswirleri görmek isleýär. Bu bolsa habarymyz bolmazdan käbir kişileri biynjalyk edýäris.
Bir makalany okap şol makala barada gyzykly teswiriňizi we pikiriňizi galdyryp bilmek hem bir başarjaňlykdyr.
Siz nähili pikir edýärsiňiz?