Gaýyk,kürek,sen…
Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
Sen bolsaň
Çar tarapam deňiz bolsa ümmülmez
Didarymdan,ykbalymdan gaçmanyň
Ebeteýni asla tapyp bilmeseň
Kürekleri gezek-gezek kürekläp
Elimiz kartasyz,kompossyz,zatsyz
Syýahata çyksak,azaşsak soňam
Güni garşylasak ir säher dogan
Eýläň deňiz,beýläň deňiz gurşasa
Göz öňümde gözi deňiz sen bolsaň
Biygtyýar gözleriňe gaçar men
Hem kalbyňda yşgyň ýolun açar men
Onsoň…
Onsoň «bagt» diýen geler-de
Ikimize gujagyny giň açar
Il gerek däl toyumyzy tutmaga
Däp gerek däl,nämä gerek gyňajam?
Meňkiligiň gözleriňden bildirse
Söýýänligiň sözleriňden bildirse
Ýeter maňa…Hem saňa-da ýeter şol
Ýeter bize gaýyk-kürek jem bolsa
Duýgularmy jylawlaman onsoň men
Öýüňize ýol ogurlap ýörmerin
Maňlaýymda deňiz gözli sen bolsaň
Bagtly ýatyp,bagtlylykda örerin
Hut şu pursat bar aladam sem bolsa
Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
sen bolsaň…