Rus alymlary organizme ýogurt görnüşinde girizip boljak koronawirusa garşy üýtgeşik sanjymy taýýarlaýarlar, bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, RYA-nyň lukmançylyk-biologik ylymlary bölüminiň ýolbaşçysy akademik Wladimir Çehonin habar berdi, muny Ria Nowosti ýetirýär.
RF-iň wise-premýeri Tatýana Golikowa 20-nji maýda Russiýada 14 platformada koronawirusa garşy 47 sanjymyň taýýarlanylýandygyny aýtdy. RYA-yň prezidiumynyň mejlisinde çykyş etmek bilen, Çehonin, esasan, “Sankt-Peterburgda eksperimental lukmançylygyň Institutynyň meýdançasynda taýýarlanylýan SARS-CoV-2-ä garşy mukozal sanjymlar” barada durup geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, gen inženeriýasy usuly bilen bu sanjymy taýýarlaýjylar mikroblaryň-probiotikleriň üstündäki gyldyrgana S-belogy – esasy molekulany girizýärler, onuň kömegi bilen koronawirus SARS-CoV-2 öýjükleriň içine girýär. “Netijede wirusyň immunogen belogy bolan bakteriýa emele gelýär” – diýip, ol belleýär.
“Şu sanjym turşy süýt önümleri görnüşinde hem girizilip bilner” – diýip, akademik sözüniň üstüne goşýar. Ol bu sanjymyň klinikadan öňdäki synaglarynyň geçirilýändigini hem aýtdy.
Alymlar koronawirusa garşy sanjymlaryň dürli görnüşlerini, şol bir wagtda organizme giriş häsiýeti bilen tapawutlanýan görnüşlerini synagdan geçirip görýärler. Klassyky usul içki myşsa sanjymlaryny göz öňünde tutýar. Ýöne Nowosibiriýanyň “Wektor” merkezi maý aýynyň ahyrynda burna damdyryp boljak sanjymy döretmek boýunça iş alyp barýandygyny habar berdi. Bu sanjymyň taýýar derman görnüşi 21-nji maýda çykaryldy we häzir ol hem klinikadan öňdäki synag tapgyrlaryny geçýär.
Aprel aýynda epidemiýa bilen göreş boýunça operatiw ştab BSGG-niň COVID-19-a garşy Russiýanyň dokuz sany sanjymyny COVID-19-a garşy beýleki dermanlaryň hataryna goşandygyny habar berdi.