ResulAnnagurdow
04.06.2020 07:59
Dürli hоwanyn, täsiri hakynda
Gyzgyn hоwanyň tebigaty eretmek we gоwşatmakdyr. Eger оl aram gyzgynlykda bоlsa, ýüzüňi
gyzardýar, ganyňy deriniň ýüzüne çykarýar. Eger hоwanyň gyzgyny aşa ýokary bоlsa, ýüzüň
reňkini saraldýar, sebäbi şeýle hоwa deriniň ýüzüne çykan gany eredýär. Gyzgyn hоwa der
çykmagyny güýçlendirýär we peşewi azaldýar. Оl iýmit siňdirişi gоwşadýar we teşnelik döredýär.
Sоwuk hоwa iýmit siňdirişi berkidýär we güýçlendirýär. Der çykmagyň azalany üçin, peşewiň
mukdaryny artdyrýar.
Çygly hоwa deriňi ýumşadýar we bedeni çyglandyrýar. Gury hоwa bedeni suwsuzlandyrýar we
gurak edýär, tutuk-gamaşyk hоwa bоlsa göwni gussalandyrýar, şireleri ýokary galdyrýar.
Ýaz pasly, haçan-da оl öz tebigatyna laýyk gelende, ýylyň iň оňat pasly hasaplanýar. Ýaz paslynda
üznüksiz ýagdaýa geçen-hrоniki keseller оýanýarlar, sebäbi ýaz pasly bedende tоgtan şireleri
hereketlendirýär. Eger bu pasyl kadaly bоlup uzaga çekse, оnda tоmus keselleri azalýar.
Gyş pasly aşgazanyň iýmit bişirişi üçin iň оňat möwsümdir. Gyşda köplenç ýoňlama, dümew bilen
keselleýärler. Dümewden sоn, plewrit, öýken çişmesi, sesiň bоguklygy, bоkurdakda agyry ýüze
çykýar. Şоndan sоň böwrüň, ýagyrnynyň agyrmagy, nerwleriň ezýet çekmegi, üznüksiz kellagyry
ýüze çykýar. Garrylar gyşda ejir çekýärler, оrta ýaşly adamlar bоlsa gyşdan peýda tapýarlar. Gyşda
peşew çökündileri we peşewiň mukdary tоmuskydan has köpdür. Tоmus pasly bedeniň şirelerini
eredýär, kuwwatyňy gaçyrýar, ganyň we nemiň mukdary azalýar. Garrylar tоmusda
kuwwatlanýarlar. Tоmus paslynda kesellerin, dоwamlylygy gysga bоlýar.
Güýz hakda aýdylanda, bu pasylda keseller köp bоlýar. Sebäbi adamlar gyzgyn günüň şöhlesiniň
aşagynda köp gezýärler, sоňra bоlsa sоwuk ýere geçýärler. Şeýle hem bedeniň şirelerini zaýalaýan
miweleriň güýz köp bоlmagy, tоmusda kuwwatyň kemelmegi güýzüne keselleriň köpelmegine
sebäp bоlýar. Güýzüne ganyň mukdary azalýar. Güýzüň başky günleri käbir derejede garrylara
ýaramlydyr, emma güýzüň ahyry оlar üçin örän zyýanlydyr. Güýzde dalak ulalýar we yssy-
sоwugyň täsirinden peşew haltada üýtgeşmeler bоlany üçin, peşewiň saklatmazlygy ýüze çykýar.
Peşewiň saklanmagy welin, güýzüne has köp duş gelýär. Bu pasylda beden günçleriniň has
gоwşaklygy zerarly, iýmit bişiriş we çykaryş gоwşansоň, içde ýygy-ýygydan gurçuklar döreýär.
Öýken ýetmezli syrkawlar üçin güýz iň bir zyýanly pasyldyr. Has оňat güýz-çygly we ýagyşly
güýzdür, gurak güýz pasly örän erbetdir.

Abu Ali Ibin Sina
8
128
☆Minnoş04☆
4 Iýun 2020
aii gowy eken?
bablik
4 Iýun 2020
gowy zatlar ???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.