Sh.B
03.06.2020 08:16
Ejem galsyn jahanda

Käteler beýikden pese düşemde
Käte bolsa pesden beýge çykamda
Agyr, ýeñil duşen her bir günümde
Şol gün diñe ejem bardy ýanymda

Her kim ýakynymdan gaçyp gidende
Maña durmuş dar kapasa bolanda
Gözlerimden ajy ýaşlar akanda
Şol gün diñe ejem bardy ýanymda

Utulamda söýgi atly oýundan
Pikirlerim azaşanda beýnimde
Gòwnüm ynjap ünji boldy ýüzümde
Şol gün diñe ejem bardy ýanymda

Wagty gelip döwür menden geçende
Ömrüm ýeñsiz ak köýnegim biçende
Ruhum bedenimden göge uçanda
Emma şonda ejem galsyn Jahanda
12
95
☆Minnoş04☆
4 Iýun 2020
Haladymaa??
Sh.B
3 Iýun 2020
Sps
bablik
3 Iýun 2020
nahili gowy setirler like 1nji menden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.