Shatlyk95
14.12.2019 07:50
Yşk ýüregimde gaýnap,
ýandyrdy derdi meni,
Tütünim bada berip,
buluda gardy meni.
Pelek bilegim towlap,
çarhyna sardy meni.
Hyrydar gözi bile
kim gelip gördi meni?
Hijran ýagmyry ýagyp,
gam sile berdi meni.


Gam sili birlen gidip,
yşk ülkesine baryp,
Hyýalym pikre dönüp,
aklymy ýel aparyp,
Ol haýrat meýdanyda
men garyp galdym aryp,
Yşyk hanjaryn çekip,
hijran ýüregim ýaryp,
Äleme destan edip,
abtaba serdi meni.


Ne jeset içre jan bar,
ne kuwwat galdy tende,
Hem serkeşte, hem haýran
bu işe galdym men-de.
Ne hastaýam, ne horram,
ne murdaýam, ne zende,
Gam hüjüm eýläp,
gökden zemin sary inende.
Pelek elimden tutup,
howala berdi meni.


Bir ahwala duş boldum,
gam hüjm etdi, öldürdi,
Bu işiň serişdesin
yşk okadyp bildirdi,
Bu hala rehmi gelip,
elim tutup galdyrdy,
Jemal bir jilwe berdi,
içim şowka doldurdy,
Sözlemeýen neýläýin,
ýaranlar, ýardy meni.


Magtymguly, begligim
ýar jemaly gul etdi,
Wysal umydyn berip,
müň tilli bilbil etdi,
Aýralyk oda saldy,
pyrak turdy, ýel etdi,
Yşk çekdi zybanasyn,
ýakyp, örtap kül etdi,
Hijran elegin eläp,
ýele sowurdy meni.
7
279
Myhman Myhman
25 Dekabr 2019
Bu nalajedeýniñ bagşylary negözel sözleri ütgetýäler.
Myhman Myhman
24 Dekabr 2019
,????
Myhman Myhman
14 Dekabr 2019
???
Sahet
14 Dekabr 2019
?????
Shatlyk95
14 Dekabr 2019
Sòzi:Magtymguly Pyragy. Aydym heñi:Hemra Rejepov
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.