ResulAnnagurdow
30.05.2020 17:43
Şol gözele duşanymda şu gezek:
- Sözüm diňle – diýdim.
- Sözlegin – diýdi.
Diýdim: – Gülüm, beýle örteme uzak.
-Gülüňi daşrakdan gözlegin – diýdi.
Diýdim: - Sen görküsiň ähli gülleriň.
-Sen nämeler diýýäň, goý, oglan – diýdi.
Diýdim: - Sagym sagýan akja gollaryň…
-Diýjegiňi açygrak diý, oglan – diýdi.
-Sen meni söýermiň, perizat – diýdim.
Gyz ýaýkap başyny: - Söýmerin – diýdi.
Bu ýöne bir söýgi däl, bu bir ot – diýdim,
Gyz çytyp gaşyny – Köýmerin – diýdi.
Diýdim: - Ýürek joşýar misli bir derýa,
Gyz oýnap saçyny: - Ýüzmerin – diýdi.
Diýdim: - Bar umydym inçelip barýa,
Gyz dişläp dilini:
-Üzmerin – diýdi.

Halil Kulyyew
5
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.