Ýekeýönebagtly
24.05.2020 22:14
Sensiz nädip ýaşamaly!?

Eger gitseñ ömrüm söküp,
Sensiz nâdip ýaşamaly!?
Ýalan sözlâp, çynyñ bukup,
Gitseñ nâdip ýaşamaly!?

Bagt bilen oýun etme,
Ýalñyz taşlap özgâ gitme
Bolýa ýone gözden ýitme,
Ýitseñ nâdip ýaşamaly!?

Geçmez indi asla günler,
Sensiz mende atmaz dañlar.
Bagtlydym men juda öñler,
Indi nâdip ýaşamaly!?

Bu ömrümi arman iýer,
Ýanan ýurek seni söyer.
Dolan bagtym dolan diýer,
Sensiz nâdip ýaşamaly!?

Ömür dönse sowuk gyşa,
Sensizlikden derdim aşa.
Elim barmaz hiçbir işe.
Sensiz nâdip ýaşamaly!?

Söýüp boldum yşk şahyry,
Gynamagyn men pahyry.
Aýt birzatlar aýt ahyry,
Sensiz nädip ýaşamaly!?

Awtory:Öwezgeldi Taganow.
8
278
Myhman Myhman
25 May 2020
Garaşmaz diýän adamlar ba gitse gelinçä äre gider ýa başgasyny tapar diýip sõz aýdyp gõrýänlerem ba ýóne şol pikir sôzler gaty agyr degýä hem aýralyk bir ýanyñdan....
Ýekeýönebagtly
25 May 2020
Sag bolun Myhman?.
Myhman Myhman
25 May 2020
Slm Yekeyonebagtly gynanmasana .Sol gyz sen nesiban bolsa yene dowam edersiniz
Ýekeýönebagtly
24 May 2020
???
Fatima
24 May 2020
Geljek diyse 20 yyl hem garasyan
Ýekeýönebagtly
24 May 2020
ol gulluga gitse sen 2 yyl garasyp bilermin?
Fatima
24 May 2020
Sagbol aydanyn gelsin?. Ertirem gutarya?
Ýekeýönebagtly
24 May 2020
Sag bol Fatima?. Senem Maksadyn bn bile gosa garran allajan?
Fatima
24 May 2020
Bile bagtlyja bolup yasañ! Hic ayrylmañ?
Ýekeýönebagtly
24 May 2020
Ai howwalai bilyana son yalak boljagyny gornup duran zat bolanson?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.