Dar dünyäm giňeldi birje sözüňe,
Sen şeyle söýýänimi bilsediň.
Meni gyşyn hasaratyndan çykaryp,
Pyşyrdap hem bolsa söýýän diýsediň.
Gözleriňe gözlem düşen mahaly,
Gursagymda galmaz gussaň akymy,
Bile aýralygyň için ýakaly,
Aýly gije düýşlerime girsediň.
Ýapraklara tylla çaýdy nurly gün,
Haçan geler arzuwlanan senli gün,
Biri hoş sözüň zary bolan bu göwün,
Gelen wagtyň şatlanýanym bilsediň
Baryan şol ýodadan assajyk yorap,
Näz edip näz bilen saçlaryň synlap,
Gije-gündiz geljek ýollaryna garap,
Saňa gizlin garaşýanym bilsedin.
Gyşyň gussasyna berme sen meni,
Dep etsediň kalbymdaky derdimi,
Ýekeje bagtym diyip söýýärin seni,
Söýgimi duýgymy gorap gezsediň,
Sen şeyle söýýändigmi bilsediň!?
??✌