Esgerchik
11.12.2019 13:52
Iň gowy smartfonlar reýtingi düzüldi. (2019-njy ýyl boýunça)

«Business Insider» neşiri häzirki wagtda ulanmak üçin elýeterli smartfonlaryň iň gowy modelleriniň 20-ligini düzdi. Bu barada Ria Nowosti agentligi habar berýär.

Reýtingde birinji orny «OnePlus 6T» smartfony eýeledi. Bellenilişi ýaly, bu telefon simsiz zarýad almak ýa-da suw geçirmezlik ýaly iň häzirki zaman mümkinçiliklerine eýe däldigine garamazdan, baha hem-de funksionallygy taýdan ol birinji orunda durýar.

Ikinji ýerde Samsung kompaniýasynyň önümi bolan «Galaxy S10e» modeli durýar. Bu enjam oňat kamerasynyň, ajaýyp ekranynyň, şeýle hem elýeterli bahasynyň barlygy bilen häsiýetlendirilýär.

«Business Insider» neşiriniň reýtinginde «Apple-iň» beýleki modellerindäki ýaly, zerur bolan funksiýalara eýedigi we elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan «iPhone XR» üçünji ýerde durýar. Dördünji we bäşinji ýerlerde Samsung Galaxy – S10 Plus we S10 smartfonlary durýar.

Bulardan başga-da birinji onluga Google Pixel 3 we Pixel 3 XL, Samsung Galaxy Note 9, iPhone XS we iPhone XS Max, Samsung Galaxy S9 Plus we iPhone X ýaly modeller girdi.

Şeýle hem neşiriň reýtingine iPhone 8 Plus, Samsung Galaxy S9, Huawei Mate 20 Pro, iPhone 8, Razer Phone 2, LG V40, Apple iPhone 7 we 7 Plus, Moto G7, LG G8 we BlackBerry Key2 girýär.
4
108
Mukam B
11 Dekabr 2019
Gowy maglumat
Селби
11 Dekabr 2019
Gyzykly maglumat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.