Fatima
24.05.2020 00:06
GYZLARA MASLAHAT!

İsle owadan bol isle gelşiksiz,
Ýöne ar-namysly bolmagy başar!
Her geýen geýimiň geýme ütüksiz,
Özüňe serenjam bermegi başar!

Gyzmagyn baýlyga görk-görmege,
Goşa-goşa ýüzük dakma barmaga.
Göze sürme laklar çalma dyrnaga,
Öwüt nesihatym almagy başar!

Ýöräňde bozmagyn ýeriň gaýmagyn,
Açyk-dilik geýme geýen köýnegiň.
Häsýetini alma kilçik aýnagyň,
Elmydama özüň bolmagy başar!

Deň-duşlaryň boýdaşlaryň kemsitme,
Saçyň kesip endik edip gaş ütme.
Özüňi görkezme toýda üşmekde,
Sesiňe bat bermän gülmegi başar!

Her bir diýilen söze eräp akmagyn,
Başarsaň hiç–kişiň göwnün ýykmagyn.
Yzyna düşmegin näkes akmagyň,
Ak bilen Garany bilmegi başar!

Bolmaz ýerde sözüň atyp gepleme,
Oba-içre gezip gybat çöpleme.
Günäkär ýeriňde özüň aklama,
Eden günäň boýun almagy başar!

Özüň tanat tikin-çatyn el işde,
Başyň aýlanmasyn her-bir ýeňişde.
Kim bilýär ýanarsyň ýalan durmuşda,
Ähli-zada taýyn bolmagy başar!

Şahyr diýer size ýazdym namany,
Çyn sözüň köp bolsun bolman ýalany.
Belki şu sözlerden alarsyň many,
Ünüs bilen okap uýmagy başar!.
18
262
ylham_gurbanaly
24 May 2020
Gaty gowy . No comment
Myhman Myhman
24 May 2020
???
Myhman Myhman
24 May 2020
?????????
Pretty
24 May 2020
Gaty gowi cikipdir malades
Myhman Myhman
24 May 2020
Gowy bett??
Myhman Myhman
24 May 2020
Menem gynanyan okuwyn gutaranna indi galyp okajak diysenem bolanok
Fatima
24 May 2020
Gynanýan elbetde
Suraý
24 May 2020
Mlds gaty gowy goshgy
Myhman Myhman
24 May 2020
Howa?

Ertir sizin gowy goryan oglanynyzynam ucrumy oytyan gynanyanyzmy ya begenyanizmi?
Fatima
24 May 2020
Oho ertir uçrumda onda?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.