Berdi s ý
23.05.2020 21:14
Agyrma ýüregim, agyrma beýle.

Agyrma ýüregim, agyrma beýle.
Ýör bile çykaly seýrana seýle.
Belki gussalaryň egsiler gider.
Bilýäňmi hol günem bolupdy şeýle.

Baý şonda kösäpdiň agyryp öte
Şonda-da ikimiz çykypdyk çete.
Derman-därä pisintdagam etmediň,
Kim bilýär nämeler düwdüň sen nete.

Gereginden artyk urjak bolduňmy?
Ýa urup ýadadyň durjak bolduňmy?
Bilmekligim üçin durmuş gymmatyn,
Ýa gorkuzup hile gurjak bolduňmy?

Siňesim gelenok ýeriň teýine,
Irden görenlerim ýogaldy öýle,
Entäk edilmedik işlerim ýatyr.
Agyrma ýüregim agyrma beýle.
10
45
Berdi s ý
25 May 2020
Birje sekunt hem eglenen dälsiň dp umyt edýän?
Berdi s ý
25 May 2020
Şu setiri ?
Berdi s ý
25 May 2020
Agyrma beýlekä düşenok bir başlasa. . .
Berdi s ý
24 May 2020
Hawa ?
Smile
24 May 2020
Gaty ajayp gosgy skrin edeyin?
MerjenBegowa
23 May 2020
Irden görenlerim ýogaldy öýle ?
Ýekeýönebagtly
23 May 2020
Agyrma yuregim agyrma beyle??
Fatima
23 May 2020
Gaty gowy goshgy ekeni?
Berdi s ý
23 May 2020
Awtoryny bilemok. Bilýäniň ýazaýyň☺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.