Fatima
23.05.2020 18:23
❦♡ Sen geleliň bäri ♡ ❦

Sen geleliň bäri özgerdi dünýä...
Sen baryňda günler-aýlar başgaça.
Seniň hoş sözleňden siňip ýüregme,
Ykbaly özgerden ýazlar başgaça.

Sen geleliň bäri menden ýadyrgap,
Ýüz bermänsoň, köne gaýgy-hasratym.
Saňa çynym bilen köňül berdim-de,
Ýuwaş-ýuwaş gamlanmanam taşladym.

Sen geleliň bäri... yşk doldy kalba,
Sen öwgüden beýik! Söýgüden beýik!
Geldi-geçer duýga aldanan köňle
Çyn söýgi bolduň-da, bagladyň seýik.

Sen geleliň bäri... ümmülmez Zemin,
Öňümde kitap deý açylyp barýar.
Eý – ho, näme hakdan nur barmy sende,
Ýa pynhan syrmydyň?! Men saňa haýran.

Sen geleliň bäri... düşündim ömre,
Sen meniň täleýme adyl terezi.
Wagtynda gelipsiň, ýetişdiň dada,
Sen—ömrüme Hakyň ýollan melegi.
10
173
Myhman Myhman
24 May 2020
Amin Insallah aydanyn yaly bolsunda
Fatima
24 May 2020
Sabr et gowy bolar hemmesi ya dine ol synagdyr
Myhman Myhman
24 May 2020
Bar yone ol basgasyny gowy gorya
Fatima
24 May 2020
Bar?Duýdansyz çykar gorersin
Myhman Myhman
24 May 2020
Yok hakyky soygi
Fatima
24 May 2020
Hakyky söýgi bar oňa diňe duşanyňda göz ýetirersiň.
Myhman Myhman
24 May 2020
Gowy gosgy

Yone mena hakyky soygi bardygyna ynanamok.
Fatima
23 May 2020
Hemmesini yazyo boldm
Myhman Myhman
23 May 2020
haçan ýazan hekaýaňyzyň dowamyny ýazýaňyz?
Suraý
23 May 2020
Haa bolya kop kop sag bolun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.