Berdi s ý
22.05.2020 13:02
Sen daýhan geýimli ugradyň jeňe.

Sen daýhan geýimli ugradyň jeňe,
Aýagyňda çokaý, egniňde çäkmen.
Gyssanmaçhoşlaşdyň adamlar bile,
Soňam gidiberdiň bir aýak çekmän.

Adamlar ne tukat, sen nirä barýaň?
Çaga başym galdy uly azara.
Gojalar şeý diýdi soramasamam,
- Kemput getirmäge gitdi bazara...

Ýöne bu gidişiň meňzänok öňkä,
Nämüçin egniňde ýokdy çal horjun?
Müňkür boldum, ýöne gersiň öýtdüm
... Nireden bileýin ol günki borjuň.

Sen daýhan geýimli ugradyň jeňe,
Bir aýdan soň geldi esger suratyň.
Özem ýoldaşlaňdan haýyş edipsiň:
,,Jeňe girýän. Enem jana ugradyň".

Şol boldy ner ýaly daýaw göwräňden,
Gaýdyp gelen öýmüze sag-salamat.
Hemem ak kagyzda bäş-alty setir-
Enem üçin doga ýaly salam hat.

Seň bilen söweşe ugran deň-duşlaň,
Köpi ýene daýhan geýmin geýindi.
Sen bolsa henizem söweşde ýaly
Biz bilen ýaşaýaň harby geýimli.

Asuda günleriň esgeri bolup,
Agtygyňam eýýäm dolanyp geldi.
Täze traktora atlanyp, ýene
Daýhan geýimini egnine geýdi

Gyrmyzy gan siňen mukaddes ýerde
Ýene-de açyldy gyrmyzy güller.
Ah, bilsediň, bu gün ne gözel durmuş,
Dynçlyk aýdymyna beslengi gunler.

Diňe sen geýeňok öňki geýmiňi
Şol bolsa-da arzuwy bar maşgalaň.
...Dünýede bolmaz iş bolaýjak ýaly
Sen henizem esger bolup ýaşaýaň.

Muhammetmyrat Kömekow.
8
115
gulshatayewa97
22 May 2020
Gynançly...?
Dünyäm01
22 May 2020
Gaty gowy gosgy,"Gyrmyzy gan sinen mukaddes yerde yene-de acyldy gyrmyzy guller"?
Ýekeýönebagtly
22 May 2020
Gowy gosgy eken?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.