Esgerchik
10.12.2019 17:39
Haýsy nauşnikda ses has gowy yaňlanýar.

«Roskaçestwo» hil-barlag edarasy nauşnikleriň 32 sany täze modelini testden geçirdi we özüniň reýtingini täzeledi – indi oňa 34 sany dürli brendiň 208 jübüti girýär. Bu sarpedijiler synaglar guramasynyň Halkara assambleýasy (International Consumer Research and Testing ICRT) bilen bilelikde geçirildi.
Barlagyň dowamynda nauşnikleriň şu parametrleri bahalandyryldy: sesiň hili we ony berijiligi, gurluşlaryň funksionallygy, olary ulanmaklygyň amatlylygy we berklik. Eger-de ses signalyny beriji sistemanyň hilini, nauşnikleriň berkligini we olaryň funksionallygyny bahalandyrmak üçin ýörite enjamlar ulanylan bolsa, sesiň ýaňlanmagynyň hili we gurluşyň amatlylygy hususy ekspertler tarapyndan bahalandyryldy.
Iki öňdebaryjy orna geçen ýylky nauşnikler, ýagny Sennheiser HD 630VB we Sony WH-1000XM2 mynasyp boldy, reýtingiň üçünji we dördünji orunlaryny 2019-njy ýylyň nauşnikleri eýeledi: Apple AirPods Pro we Sony WH-1000XM3.
«Roskaçestwanyň» pikiri boýunça iň gowy nauşnikleriň onlugy şeýle görünýär:
1. Sennheiser HD 630VB
2. Sony WH-1000XM2
3. Apple AirPods Pro
4. Sony WH-1000XM3
5. Bose SoundSport In-Ear Headphones for Apple iPhone
6. Audio Technica ATH-MSR7
7. Sennheiser Urbanite I XL
8. Sony WH-H900N h.ear on 2 Wireless NC
9. Sony MDR-100ABN
10. Apple (ME186) In-Ear Headphones with Remote and Mic

Dostlar makala TmCars dan alynandyr.
5
100
Mukam B
10 Dekabr 2019
Sagbol Esgercik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.