Bakylyk barada söz berme maňa,
Diýme:”Söýgim- bir ömrüňe ýeterlik!”
Sen uçup gidersiň durna mysaly,
Gyş gelende gök asmana göterlip.
Çaý deý sowar gyzgyn söýgiň mähiri,
Ýazan hatlam bukjasynda köneler.
Galar diňe köýnegimde gözleňden,
Biygtyýar typyp gaýdan däneler.
Salgym bolup görner onsoň geçiren
günlermizden galan süýji ýatlama.
Sen, gör, kimleň yşky bilen ýanarsyň,
Ýüregiňi açarsyň sen ýatlara.
Sen gidersiň boş galdyryp dünýämi,
Aglap-aglap dönerin men buluda.
Gorkýan.
Çünki bilmen seni barybir,
U N U D Y P