Selik
16.05.2020 11:39
Mertligiñ suraty soñy
Meret aga sözüniň arasyny böldi-de dymdy. Birsalym nämedir bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly geplemän, pikirlenip oturdy. Soňra birdenkä, ukudan açylan ýaly bolup tisgindi-de käsesini eline alyp, çaý owurtlady. Soňam gapdalynda oturan Amanyň başyny mähir bilen sypap goýberdi:
-Şol çepiksije esgerem oglum, seniň garry ataň Oraz seýisdi, pahyr! Ol şonda duşmanyň halkasyndan geçjek bolup bukdaklap barýarka iki ýerinden ýaralanypdyr, emma barybir yza tesmän, biziň ählimizi halas etdi. Şol edermenligi üçinem özüniň ilkinji ordenini alypdy…-diýip Meret aga ýene-de dymdy. Sähel wagtdan soňam öz-özüne gürrüň berýän ýaly edip, ýene-de hümürdemäge başlady:
-Ol pahyr bilen ikimiz Berliniň çür depesinde baýdak dikilende-de bardyk. Soňra Moskwada geçirilen ilkinji ýeňiş dabarasyna-da gatnaşypdyk...Pahyr, oba dolanyp gelenimizden soňam tas kyrk ýyldan gowrak Akdaşaýagyň athanasynda seýisçilik etdi...Ýöne, pahyr, uruşda alan ýaralary sebäpli ir gitdi...Uruş gutaranda ýaňybir ýigrimi bäş ýaşyndady...Ýalňyşmaýan bolsam, ýetmişe-de ýetmedi öýdýän özi...
Meret aganyň garry atasy Oraz seýis barada beren gürrüňleri Amany tolgundyrdy. Ol Meret agalardan dolanyp öýlerine gelenden soň eşidenlerini kakasyna aýtdy. Kakasy birsalym pikirlenip oturdy-da, soňam gidip içki otaglaryndan köneliginden ýaňy reňki ýitip giden bir albomy eline alyp geldi. Onuň saralan sahypalarynyň arasyndan bir esgeriň solak şekili bildirýän suraty aldy-da:
-Ine, oglum, şu seniň garry ataň ýeke-täk esger suraty. Galanlaryny garry ataň beýleki çagalary hem agtyklary paýlaşypdyrlar. Muny bolsa maňa seniň ataň – meniň kakam beripdi-diýdi.
Aman suratdaky solgun şekili tanajak bolýan ýaly, oňa üns bilen seredip ugrady. Dogrudanam, suratdaky esger edil bir almany iki bölen ýaly onuň kakasyna meňzeýärdi. Birsalym suraty synlap oturan Aman özüniň ony elinden goýasynyň gelmeýändigini duýdy. Birdenem onuň kellesine täze bir pikir geldi:
-Kaka, gel, şu suraty ertir surat ussahanasyna äkideli-de, ony kompýuterde gowy bejerdip, reňkletdirip, ullakan etdireli. Soňam içki otagymyzyň diwaryndan, atamyň, enemiň suratlarynyň ýanyndan asyp goýaly-diýdi.
Kakasy Amanyň teklibini goldamaga howlukdy:
-Dogry aýdýarsyň, oglum! Beh, öň kelläme gelmeýşini diýsene! Ertir gideris!
Ertesi gün Aman bilen kakasy surat ussahanasyna gidip, garry atasynyň suratyny oňat bejerdip, ulaldyp getirdiler-de, öýleriniň diwaryndan asdylar. Indem nägehan ýagyny ýeňmäge gatnaşyp, häzirki döwrüň adamlarynyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döreden gahrymanlaryň biri bolan Amanyň garry atasynyň suraty, öz nesilleriniň öýüniň diwaryndan mertligiň suraty bolup, olara tarap garap dur.
3
134
Smile
16 May 2020
Howa Hudaya sukur doganjygym bar yasap yors
Selik
16 May 2020
smile kak dela bamay senem
Smile
16 May 2020
Super net slof??
Bitter?
16 May 2020
Tuweleme,Yaslar guraman baslesigimi ya mekdebin icindemi
Selik
16 May 2020
Miras dp hekayam bar baslekide su wagt erte ya viri gun belli bolyar neyije
Bitter?
16 May 2020
Bize seyle owadan durmusy miras goyan gahrymanlaryn jayy jennetden bolsun... Gaty gyzykly gowy yazypsyn,mundan beylagem seyle ustunliklerin yzy uzulmesin,tuweleme???
Sos
16 May 2020
??????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.