Selik
16.05.2020 11:38
Mertligiñ suraty dowamy
-Hä, şeýlemikä-de diýdim-le-diýip Meret aga biraz wagtlap nämedir bir zat barada oýlanyp durdy-da, soňam Amany mundan artyk utandyryp durman, çagalara:
-Hany, ýörüň onda, balajyklar, köçede durmaň, howla gireliň-diýdi.
Çagalar howla girdiler-de, Meret aga bilen Mamagül eje: “ilki bir çaý-çörek edinäýiň” diýip her näçe hödür-kerem etseler-de, “öýde iýip-içip geldik” bahanasy bilen, saçagyň başyna geçmekden boýun gaçyryp, ýerli-ýerden işe başladylar. Oglanlar ýer depdiler, gyzlar bolsa Meret aganyň öýüniň içini, howlusyny syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly etdiler, olaryň käbiri bolsa aşhanada Mamagül ejä kömekleşdiler. Garabaşynagaý bolşup işläp ýörüşlerine synpdaşlar gün günorta bolanyny-da bilmän galdylar. Kelleleriniň gyzgynyna olar henizem işlejekdiler welin, Meret aga bilen Mamagül eje olary işlemäge goýman, käýinişip, äpet bolup ösüp oturan seleň bagyň astyndaky giň sekiniň üstüne ýazylan saçagyň başyna çagyrdylar. Diňe şonda özleriniň gowy ajygandyklaryny duýan çagalar, edip duran işlerini goýdular-da, gidip ýuwnup geldiler. Mamagül ejäniň synpdaş gyzlary bilen bilelikde üstüni dürli-dümenden dolduran saçagynyň başyna geçdiler. Üýşüp, işdämenlik bilen nahar iýdiler. Soňra öňlerine çaý aldylaram welin, Meret aga özüne üns bilen seredýän çagalaryň özünden näme hantama bolýandyklaryna düşünip oturandygy sebäpli, olary kän bir garaşdyryp durman, uruş hakynda gürrüň berip ugrady.
-1944-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrlarydy…-diýip gözüni bir nokada dikip oturan ýaşuly weteran söze başlady:-…Biz öz goşun bölümimiz bilen uly şäherleriň birini duşmanlardan azat etmäge gatnaşýardyk. Şonda-da duşmanlar biziň zarbamyzyň zoruna çydaman gaçyp ugradylar. Görogly begiň atasy Jygaly beg: “gaçany kowujy bolma” diýip ýöne ýerden aýtmaýan ekeni, balalarym! Şol gezek munuň şeýledigine men anyk göz ýetirdim. Biz duşmanlaryň yzyndan kowmaga gyzygyp, şäheriň gyrak-çetine çykanymyzda ýigrimi-otuz sany esger bolup, serkerdämiz bilen bilelikde duşmanyň gabawyna düşdük. Biz hasyr-husur gabat gelen ýerde gizlendik-de, mümkin boldugyndan garym gazynyp, indi biziň üstümize çar tarapdan hüjüm edip ugran duşmanlardan goranyp başladyk. Ýanymyzda simsiz aragatnaşyk serişdesi ýokdugy zerarly, serkerdämiz başga usul bilen bölümiň karargähine düşen ýagdaýymyz barada nädip habar berjekdigini bilmän, çapar ugratmagy makul bildi.
Ilki esgerleriň birini ugratdy. Ol geçip bilmedi. Soň ýene-de birini ugratdy. Emma duşmanlaryň biziň daşymyzy alan halkasy gaty mäkämdi. Ol habarçy hem geçip bilmedi. Serkerdämiz düşen çykgynsyz ýagdaýymyzdan aýagaldygyna çykalga gözleýärdi. Emma, kömek çagyrmakdan başga çykalga ýokdy. Duşmanyň hüjümlerini yzly-yzyna serpikdirýändigimiz sebäpli biziň okumyz hem gutaryp gelýärdi. Şonda serkerdämiz biziň barymyzy duşmanyň nyşanasyna ilmejek bir ýerräge jemledi-de:
-Ýigitler, meniň size buýruk bermäge ynsabym çatmaýar, özüňiz görýärsiňiz, eýýäm ikinji çaparymyz hem duşman gabawyndan sypyp bilmedi. Ýöne karargähe düşen ýagdaýymyz barada habar etmesegem boljak däl. Biziňkileriň özleri bu ýere ýetýänçäler giç bolar. Şonuň üçinem men diňe meýletin isleg bildirýäniň özüni ugratmakçy bolýaryn. Galanynam özüňiz çözüň!-diýdi.
Esgerler biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Bukudan kelläňi uzatdygyň duşmanyň gülleleri ýagyş ýaly ýagyp ugraýardy. Şol gülleriň öňüne özüňi tutmak üçinem garadangaýtmaz mertlik gerekdi. Emma esgerleriň biri – garajürjenje, pessejik boýly ýaş ýigit ýeke pursadam sagynmady:
-Men gideýin, ýoldaş uly leýtenant!-diýdi. Onuň şeýle diýeni hem şoldy welin, beýleki hemmämizem ýerli-ýerden: “men gideýin-de, men gideýin” bolşup başladyk. Ýöne, serkerdämiz diňe şol garajürjen, çepiksije esgere kömek çagyrmak üçin gitmäge rugsat berdi. Ol hem şonda duşmanyň gabawyndan eýdip-beýdip geçip, biziň duzaga düşendigimizi bölümimiziň karargähine habar bermegiň hötdesinden geldi…
4
88
Smile
16 May 2020
Krasiwa bolupdyr dowamynam goyayda
Selik
16 May 2020
sag vol
Bitter?
16 May 2020
Tuweleme gyzykly yazypsyn...
Sos
16 May 2020
??????molds
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.