Mertligiñ suraty başy
8-nji maý günüdi.
Sapaklar tamamlanyp, jaň kakylandan soň, Aman başlyklaýyn ekabyrrak okuwçylar beýleki synpdaşlaryna-da hemişekileri ýaly ala-wagyrdy bolup dagaşyp gidibermäge ýol bermän, gapynyň öňünde keserip durdylar-da, hemmeleri okuw otagynda sakladylar. Amanyň ýanynda duran Tirkeş bilen Kerim: “Ertir Ýeňiş güni. Geliň, bizem obamyzyň iň ýaşuly weterany Meret agany gutlamaga gideliň” diýişdiler. Aman bolsa: “Mende bir pikir bar. Ertir hemmämiz Meret agany Beýik ýeňşiň baýramçylygy bilen gutlamak üçin öýmüzde ekilen güllerden çemen bogup getireliň. Şeýle etsek Meret aganyň köp-köp desse güli bolar” diýip teklip etdi. Soňam synpdaşlarynyň arasynda surat çekmäge ezber Jumamyrada ýüzlenip: “Juma, sen bolsa şu gün öýňüze baryp haýda-da, ertire çenli Ýeňiş baýramy bilen baglanyşykly bir surat çekip getir. Ony-da Meret aga sowgat bersek, ol juda begener. Özi-de biz ýöne baryp, Meret agany gutlap gaýdybermäliň-de, onuň hojalygynda näme işi bolsa kömekleşeliň” diýdi. Amanyň pikiri 5-nji “B” synpyň hemme okuwçylarynyň göwnünden turdy. Çagalaryň maslahatyny ýylgyryp diňleýän mugallymalarynyň hem Amanyň aýdýanlaryny makullaýandygy ýüzünden bildirip durdy.
Şondan soň maslahaty jemlän çagalar öýli-öýüne gaýtdylar. Ertesi gün synpdaşlaryň oglan-gyz diýmän hemmesi, gepleşişleri ýaly laýyk sagat dokuzda Meret aganyň derwezesiniň öňüne üýşdüler. Hemişe deň-duşlarynyň öňüne düşüp ýören Aman baryp derwezäniň kiçi gapysyny kakdy. Meret aga işikden çykanda çagalaryň ellerindäki akly-gyzylly gül desselerinden ýaňa onuň gözi gamaşdy. Çagalar Aman başlyklaýyn: “Meret aga, Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun! Ata, baýramyňyz gutly bolsun!” diýşip ala-wagyrdy bolşup, weteran ýaşulyny gutlap başladylar. Çagalaryň biri-birine gezek bermän özüne gowşurýan gül desselerini hem-de Jumamyradyň çekip getiren reňkli suratyny alyp durşuna Meret aganyň begenjinden ýaňa gözleri çygjardy. Bularyň wagyrdysyna öý işlerine gümra bolup ýören Mamagül eje hem daşaryk çykdy. Garry ene ýanýoldaşy ýaly, erkek kişilere mahsuslykda begenjini gizlejegem bolmady. Özlerine edilýän sylag-hormata: “Wah, balajyklarym, azara galyp näme etjekdiňiz?! Ataňyzy begendireniňiz üçin taňryýalkasyn, size! Hudaýdan gaýtsyn, köşejiklerim!” diýip hamsygyp başlaberdi.
Bozulan ýaşuly biraz wagtdan soň özüni dürsedi-de, Mamagül ejä ýüzlenip:
-Mamagül, hany myhmanlarymyzy öýe çagyr-da, jadyly sandygyňy hem aç. Bularyň her birine gowy sowgat-serpaý edeli-diýdi. Meret aganyň degişmesine çagalar jykyr-jykyr gülüşdiler. Aman bolsa ýene-de gepläp galdy:
-Ata, bu gün siz bize däl-de, biz size sowgat bermeli. Özem entek biziň size sowgadymyz gutaranok. Biz bu gün size hojalygyňyzda näme işiňiz bolsa kömekleşerisem!
Meret aga Amanyň bu gürrüňlerine hasam monça boldy. Elindäki gülleri Mamagül ejä uzatdy-da, Amanyň başyny emaý bilen sypap:
-Tüweleme oglum, tüweleme! Ýüz-keşbiň, dogumyň, gepleýşiň bilen özüň-ä Oraz seýislere meňzeýärsiň welin, sen köşegim şolardan-a dälsiň?!-diýip Amanyň ýüzüne çiňerildi. Aman gyzardy. Ýöne aljyrap durman derrew jogap gaýtardy:
-Hawa, ata, Oraz aga meniň garry atam. Men Oraz aganyň çowlugy.