Dostluk
Dostluk-mertebäniñ asyl mekdebi,
Şol mekdebe garamaly mähirli.
Dostuñ saña bir ýagşylyk etdimi,
Senem oña ýagşylygyñ etmeli.
Dost diýip dünýäde çyn dosty saýla,
Dost tutunma öñýeteniñ birini.
Goý, şol dostuñ bolup saña bir aýna,
Ulus ile ýagşy tanatsyn seni!
Çyn dost özün bilmez-dostuny biler,
Mukaddeslik-dostuñy eziz saýmak.
Pederlermiz paýhas bilen diýipdir:
,,Özüñi süýt bilgin, dostuñy gaýmak!''
Dostluk-uly Dünýäñ bir bölegidir,
Düşünmez ol ýaza, güýze hem gyşa.
Ynsanlar-durmuşyñ päk bezegidir,
Şonuñ üçin dostlaşalyñ hemişe!